Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:32
1983-nji ýylyň 25-nji awgusty / hekaýa

1983-NJI ÝYLYŇ 25-NJI AWGUSTY

Kiçeňräk menzildäki sagat düýnki gijäniň 11-lerini görkezýärdi. Men myhmanhana tarap ugradym. Geçen gezeklerde bolşy ýaly, bu gezegem bireýýämden bäri özüňe tanyş ýerde bolan mahalyň başyňdan geçýän duýgulary — arkaýynlyk hem rahatlyk duýýardym. Giň derweze açykdy. Mülk ýeri alagaraňka çümüp otyrdy. Men myhmanhananyň giň dälizine girdim. Däliziň ýüzi dumansow aýnalary tertipli goýlan gülleridir ösümlikleri goşalandyryp görkezýärdi. Geň galaýmaly, myhmanhananyň hojaýyny meni tanamady. Ol maňa hasaba alyş kitabyny uzatdy. Bir ujy tekjä berkidilen galamy elime alyp, ony bürünç syýadana sokup çykaraga-da, açyk sahypalaryň üstüne eglen wagtym, şu gije öz başymdan injek köpsanly garaşylmadyk wakalaryň ilkinjisi bilen ýüzbe-ýüz boldum. Kitapda meniň adym — Horhe Luis Borhes diýlip eýýäm ýazylan eken, heniz syýasy-da guramandyr. Hojaýyn maňa ýüzlendi:
— Siz eýýäm ýokaryk çykdyňyzmykaňyz diýdim-le… — Soňra ol ýüzüme ünsli seredip ötünç sorady: — Bagyşlaň, jenap, şol beýleki size juda meňzeşem bolsa, siz birneme ýaş görünýäňiz.
— Onuň otagynyň belgisi näçe? — diýip, men alňasak soradym.
Ol 19-njy otagy bermegi haýyş etdi — diýende, onuň jogabyndan özümem tisginip gitdim.
Galamy tekjäň üstüne taşladym-da, basgançaklardan ylgaşlap diýen ýaly ýokary galdym. 19-njy otag ikinji gatda ýerleşýärdi. Otagyň taşlanyp dargap ugran, daşyna agaç germew aýlanan howlujyga açylýan penjireleri bardy. Ýalňyşmaýan bolsam, ol ýerde söhbet eder ýaly, kenarýaka oturgyjy-da goýlandy. Bu otag myhmanhananyň iň ýokarky otagydy. Men itiberip gapyny açdym. Otagda asma çyra ýalkym saçýardy. Onuň gözüňi gapyp gelýän ýagtysyna men özümi tanadym. Insiz demir ýatalgada ýatan gojalan hem birneme halparan sypatdaky adam — özümdim. Ol otagyň petigine ýelmenen zatlara üns berip seredip ýatyrdy. Men birhili ses eşitdim. Ol asla meniňki däldi, öwüşginsiz, ýakymsyz, magnitofon ýazgysyna meňzeş sesdi.
— Geň galaýmaly — diýip, ol dillendi — biz iki aýry-aýry hemem şol bir adam. Ýöne düýşde hiç zat geň galdyryp durmaýar.
Men çekinjeňlik bilen soradym:
— Diýmek, bu zatlar düýş-dä?
— Hawa, özi-de meniň iň soňky düýşümdigine ynanýan. — Ol yşarat edip, gijeki stoljugyň mermer gapagynyň üstünde duran boş çüýşäni görkezdi. — Şu gijä gelip ýetýänçäň, megerem, sen entek köp düýş görmeli bolarsyň. Seniň hasabyň boýunça, şu gün aý-günüň näçesi?
— Anyk ýadyma düşenok — diýip, aljyraňňy jogap berdim. — Ýöne düýn meniň altmyş bir ýaşym doldy.
— Ukusyzlyk özüňi şu gijä getirende seniň segsen dört ýaşyň dolar. Şu gün 1983-nji ýylyň 25-nji awgusty.
— Nähili köp garaşmaly… — diýip, men pyşyrdadym.
— Meniň ömrümden welin, zat galmady diýen ýaly — diýip, ol gödeňsi gürledi. — Ajal haçan gelse, geläýmeli. Men häzirkiden iki esse köp düýş görmegi dowam etmek üçin näbellilige siňip giderin. Aýnalaryňdyr Stiwensonyň getiren iriziji pikiri.
Stiwensonyň ýatlanmagy meniň üçin gürrüňçiligi dowam etmäge ymtylmak däl-de, onuň bilen hoşlaşyk bolup ýaňlandy. Men onuň özi bolsamam, oňa düşünmeýärdim. Şekspir bolup, unudylmajak jümleleri ýazmak üçin diňe pajygaly pursatlar ýeterlik däldi. Gürrüňi başga tarapa sowmak üçin men oňa:
— Seniň bilen şular ýaly ýagdaýyň boljakdygyny öňem bilýädim. Hut şu ýerde, köp ýyl mundan öň birinji gatdaky otaglaryň birinde biz şu öz janyňa kast etmeklik baradaky hekaýatyň garalamasyny taslapdyk — diýdim.
— Hawa, — diýip, ol, hamala, ýatlamalara çümen ýaly, pikire gidip jogap berdi. — Ýöne men hiç hili baglanyşyk göremok. Şol garalamada men Adrogä petek alýardym we «Las Delisýas» myhmanhanasyndaky iň çetde ýerleşýän 19-njy otaga barýardym. Şol ýerde-de sanaglym dolýardy.
— Şonuň üçinem men bärde — diýip, men dillendim.
Şu ýerde? Biz hemişe şu ýerde. Şu ýerde men seni Manpu köçesindäki jaýda düýşümde görýän. Şu ýerde men ejeme degişli otagda gezim edýän.
— Ejeme degişli otagda, — men düşünjegem bolman gaýtaladym. — Men seni düýşümde törki howlynyň ýokarsyndaky 19-njy otagda görýän.
— Kim kimiň düýşüne girýär? Men seni düýşümde görýändigimi bilýän, ýöne sen meni düýşüňde görýärmikäň, ine, şony bilemok. Adrogedäki myhmanhanany birmahal ýykdylar, kim bilýär, oňa ýigrimi-otuz ýyl dagy bolandyr.
— Düýş görýän — men — diýip, janygyp gürledim.
— Adamyň bir özi düýş görýärmi ýa-da iki adam biri-birini görýärmi, — muny aýdyňlaşdyrmagyň nähili möhümdigini göz öňüňe-de getirýän dälsiň.
— Men — Borhes; myhmanlaryň ady bellenýän kitapda öz adyny görüp, şu ýere — ýokaryk çykan adam — men.
— Borhes — men, Manpu köçesinde men özümi heläkledim — ol biraz dymyp dowam etdi. — Gel, barlap göreli. Durmuşymyzda iň elhenç zat näme bolupdy?
Oňa tarap egildim, şol pursat biziň ikimizem birden gürläp başladyk. Men ikimiziň hem ýalan sözleýändigimizi bilýärdim.
Ýeňiljek ýylgyryş gojalyşan keşbe ýagtylyk çaýdy. Men öz ýylgyryşymyň onuň ýüzünde gaýtalanýandygyna göz ýetirdim.
— Biz aldaýarys — diýip, ol aýtdy, — sebäbi özümizi bir adam däl-de, aýry-aýry adamlar ýaly duýýarys. Aslynda welin, ikimizem hem-ä şobir, hemem aýry-aýry adamlardyrys.
Gürrüňimiz içimi gysdyryp ugrady we muny açyk aýtdym. Soňra sözümiň üstüni ýetirdim.
—1983-nji ýylda sende meniň indi ýaşamaly ýyllarym barada aýdara zat ýokmy?
— Ýeri, saňa näme diýeýin, biçäre Borhes? Seniň üstüňe bireýýäm öwrenişip giden dertleriň yzly-yzyna sürner durar. Sen öýüňde ýeke galarsyň. Harpsyz kitaplary dörüp, Swedenborgyň şekili bolan barelýefi we içi Haç ordenli agaç gutyny sypalar ýörersiň. Körlük — tümlük däl, ol ýekeligiň bir görnüşi. Sen ýene Islandiýada hem bolarsyň.
— Islandiýada! Deňizleriň içindäki Islandiýada!
— Sen Rimde ady beýleki atlar ýaly, müdimilik bolmadyk Kitsiň setirlerini gaýtalap başlarsyň.
— Men hiç haçan Rimde bolmandym.
— Başga-da boljak zat köp. Sen biziň iň gowy şygrymyzy — elegiýa ýazarsyň.
— Ölüme… — men adyny tutmaga gorkup, jüm-läni tamamlaman goýdum.
— Ýok-ýok, ol senden soň hem ýaşar.
Biz dymdyk. Ol dowam etdi:
— Sen ikimiziň köp arzuw eden kitabymyzy ýazarsyň. 1979-njy ýylda bolsa sen öz arzyly eseriň birtopar garalamadan, dürli-dürli toslamalardan başga zat däldigine düşünersiň, şeýdibem öz Beýik Kitabyňy ýazmak baradaky şöhratparaz pikiriňden el çekersiň. Gýotäniň «Faustynyň», «Salambonyň», «Ulissiň» bizde döreden şübhesi. Men gaty köp zat ýazdym.
— Ahyrsoňunda-da, şowsuzlyga uçranyňa düşünipsiň.
— Ondanam erbet. Onuň sözüň iň agyr many- synda ussatlygyň işidigine düşündim. Meniň oňat niýetim birinji sahypadan aňryk geçmedi, soňra ötlemler, pyçaklar, özüni sudur hasaplaýan adam, özüni hakyky adam hasaplaýan sudur, gije gaplaňlary, gana boýalan söweş, daşýürek hem batyl Huan Muranýa, Masedonionyň sesi, merhumlaryň dyrnaklaryndan gurlan gämi, gijelerine köne iňlis dili boýunça geçilen sapaklar… peýda boldy.
— Bu köne saman maňa tanyş — diýip bellik etdim.
— Ondanam başga, galp ýatlamalar, alamatlaryň goşalaýyn oýny, uzak sarnamalar, durmuş hakykatyny kabul etmekdäki ýeňleslik, tankytçylaryň hezil edip tapýan doly bolmadyk simmetriýasy, hemişe apokrifik bolmadyk salgylanmalar…
— Sen kitabyňy neşir etdirdiňmi?
— Mende ony ýok etmeli, belki, oda ýakmaly diýen suwjuk pikir peýda boldy. Ahyrynam men ony Madridde edebi lakam ulanyp çap etdirdim. Kitaby kütekleç öýkünme hasap etdiler. Ýazary bolsa onuň Borhes däldigi hem-de asyl nusgany ýüzleý gaýtalaýandygy bilen günertlediler.
— Geň zat ýok — diýip, men garşy çykdym. — Her bir ýazyjy öz-özüniň çöňňe okuwçysyna öwrülen wagty tamam bolýar.
— Beýlekiler bilen bir hatarda şol kitap, has beteri-de, garrylygyň gurbatsyzlygy, saňa ýaşamak üçin berlen möhletiň gutarandygyna ynanmak… meni şu ýere getirdi.
— Men ol kitaby ýazmaryn — diýip, men seslendim.
— Ýazarsyň. Meniň dilimden hakykatdanam eşidip duran şu sözleriň seniň hakydaňda diňe düýş hakyndaky ýatlama bolup galar.
Onuň öwüt beriji äheňde gürlemegi meniň gaharymy getirdi. Ol, üýtgewsiz, meniň çykyş edýän wagtymdaky gürleýşimdi. Biziň şeýle meňzeşligimiz, şeýle hem ahyrynyň ýakynlygy sebäpli zat degilmejekliginden peýdalanyp, onuň arkaýyn gürlemegi meniň kejebämi daraldýardy. Gaýtawul bermek maksady bilen oňa sowal berdim:
— Öz sanaglyň dolanyna ynanýaň-da?
— Hawa, — diýip, ol jogap berdi. — Birhili, ýeňillik hem arkaýynlyk duýýan, beýle duýgyny men hiç wagt başymdan geçirip görmändim. Muny beýan edere söz tapamok. Diňe aýratyn tejribe edip ýazyp beýan edip bolmagy ahmal. Meniň sözlerim seni näme üçin beýle azara goýýar?
— Sebäbi biz öte meňzeş. Seniň ýüzüň maňa edil öz karikaturam ýaly, erbet görünýär, sesiňem maňa öz sesime ýaramaz öýkünilen ýaly, erbet bolup eşidilýär, gepleýşiňdäki hondan bärisiremäňem maňa ýaranok, sebäbi ol meniň öz bolşum.
— Maňa-da şeýle — diýip, ol jogap berdi. — Şonuň üçinem men öz-özümiň bellimi edeýin diýdim.
Bagda guş sesi eşidilip gitdi.
— Ahyrky gezek — diýip, ol dillendi.
Yşarat edip, ol meni ýanyna çagyrdy. Onuň eli elimi sermeleýärdi. Onuň bilen bir bitewülige öwrüläýmäýin diýip, howpurgap götinjekledim.
Ol şeýle diýdi:
— Mert adamlar durmuşdan zeýrenmeli däl diýip wagyz edýärler; zyndanyň derwezesi elmydama açyk. Muny hemişe-de duýýardym, ýöne meni ýaltalyk hem gorkaklyk saklaýardy. Iki hepde mundan öň, men La Platada «Eneidanyň» altynjy jildi hakynda ýörite sapak bilen çykyş etdim. Gekzametr ölçegindäki şygyrlary daşymdan okap durkam, birden özümiň häzirki niýetimi amala aşyrmagyň zerurdygyna düşünip galdym. Şeýdibem, gutarnykly netijä geldim. Şol pursatdan başlap, men özümi ýanbermez gaýa ýaly duýup başladym. Meniň ykbalym seniňki bolar. Ikimiziň aýry-aýry iki ýerde we iki aýry-aýry wagtlarda bolup geçen şu öňden- görüjilikli täsin gürrüňimizi büs-bütin unudyp, sen latyn diliniň we Wergiliniň kömegi bilen garaşylmadyk ýerden açyş edersiň. Haçan-da, indiki gezek şu düýşi göreniňde, sen maňa öwrülersiň we meniň düýşüm bolarsyň.
— Men bu düýşi unutman, ony ertiriň özünde kagyza geçirerin.
— Ol seniň hakydaňdaky beýleki gat-gat düýşleriň astynda hemişelik galar. Sen ony kagyza geçirip, hyýaly hekaýa öwürmekçi bolýansyň. Ýöne o diýýäniň ertir däl-de, köp-köp ýyldan soň amala aşar.
Ol gürlemesini goýdy. Men onuň amanadyny tabşyrandygyna düşündim. Nähilidir birhili görnüşde özümem onuň bilen bile ölen ýalydym; men gamgyn halda ýassygyň üstüne egildim, ýöne ol ýerde eýýäm hiç kim ýokdy.
Men otagdan atylyp çykdym. Daşarda bolsa törki howlujygam, mermer basgançagam, uka çümen uly mülk ýerem, ewkalipt agaçlaram, heýkelem, oturgyçjyklaram, çüwdürimlerem, Adroge şäherçesindäki mülk ýeriniň giň derwezesem ýokdy.
Ol ýerde maňa başga düýşler garaşýardy.

© Horhe Luis BORHES
Terjime: © Meretmämmet HANMÄMMEDOW
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 92 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Horhe Luis Borhes, Meretmämmet Hanmämmedow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Küle • 15:21, 20.12.2023
Gowy hekaya. Terjimesem erbet dal eken.
avatar
0
2 Мango • 15:45, 20.12.2023
На узкой железной кровати лежал я, постаревший и обрюзгший, и разглядывал лепнину на потолке.

Insiz demir ýatalgada ýatan gojalan hem birneme halparan sypatdaky adam — özümdim. Ol otagyň petigine ýelmenen zatlara üns berip seredip ýatyrdy.

petik - sözlüg-ä tupik diýýär.
potologa petik diýilýämi?
lepnina hem ýasalan şekiller bolýamyka diýýän.
"ýelmenen zatlar" diýmän "ýelmenen şekiller (ýelmenen ýasalan şekiller)" bolsa näder?

---
Я был человеком, лежащим на кровати, и понимал его.
Men onuň özi bolsamam, oňa düşünmeýärdim.
"düşünýärdimi" ýa "düşünmeýärdi?"

---
– Еще многое случится. Ты напишешь наше лучшее стихотворение, элегию.
На смерть… – не окончил я фразы, боясь назвать имя.
Она переживет тебя.

— Başga-da boljak zat köp. Sen biziň iň gowy şygrymyzy — elegiýa ýazarsyň.
Ölüme… — men adyny tutmaga gorkup, jümläni tamamlaman goýdum.
— Ýok-ýok, ol senden soň hem ýaşar.

"Ölüme..." ??? bu sözlem kyn ýaly. adyny tutmadyk pylanynyň .... ölümine" diýilmelidä. nähilisi dogry bolar?
Она переживет тебя. onuň aýaldygyny bildirmeli diýipdi sussupes kaka. "— Ýok-ýok, ol senden soň hem ýaşar" -diýseň gürrüňiň aýal baradadygy bildirenok. onda "— Ýok-ýok, ol aýal senden soň hem ýaşar" -diýmelimi?

---
– Эта кунсткамера мне знакома, – заметил я с улыбкой.
— Bu köne saman maňa tanyş — diýip bellik etdim.

neden "köne saman". köne samanlyk diýjekdimikä? olam bolmaýar-a. kunskamera - köne zatlaň saklanýan muzeýi manysyndamy?

---
В конце концов я издал ее в Мадриде под псевдонимом. Книгу сочли бездарным подражанием, а автора обвинили в том, что он лишь пародирует известного писателя.

Ahyrynam men ony Madridde edebi lakam ulanyp çap etdirdim. Kitaby kütekleç öýkünme hasap etdiler. Ýazary bolsa onuň Borhes däldigi hem-de asyl nusgany ýüzleý gaýtalaýandygy bilen günertlediler.

terjimede "meşhur ýazynyň" adyny göni agzapdyr.

---
Каким-то образом и я умер вместе с ним; опечаленный, я склонился над подушкой, но на кровати уже никого не было.
Nähilidir birhili görnüşde özümem onuň bilen bile ölen ýalydym; men gamgyn halda ýassygyň üstüne egildim, ýöne ol ýerde eýýäm hiç kim ýokdy.

"ölen ýalydym" däl-de "öldüm" diýýän ýalyla?

orsçasy başga bir terjime bolmagam ahmal.
ýazyjy öz garrylygy bilen gabatlaşýar. hemem ol gabatlaşma onuň ölümi bilenem dowam edýän ýalymy? ýagny, ölümini hem başyndan geçirýär...
gyzykly. täzeden yzyna dolanarlaý. näme-de bolsa ol entek ýaşamal-a...
avatar
0
3 sussupessimist • 16:26, 20.12.2023
Bu hekayasyny original bilen-a deňap görmedim, türkçeden terjime edilen bolmagam ahmal.
Borhes (meň pikirimçe) beyik hem-de döredijilige radikal çemeleşyän yazyjy, şonuň üçin onuň eserleriniň terjimesine-de şoňa görä çemeleşmeli.
Borhes "öldüm" diyen bolsa, "ölen ýalydym" diyen gümürtik (ya okyjy uçin yuwmarlanan) formulirowkany kabul etmez.
avatar
0
4 garagar • 00:22, 23.12.2023
Geljekdâki özüň bilen gürleşmek nähili zatka?! Ine, garşyňda gojalan özüň(şol ýaşa ýetmek nesip etse). Näme sorag berjek?
avatar
0
5 Мango • 12:05, 23.12.2023
oňa sorag berjek bolup agzyňy açmakaň ol:
– tur owarra bol, mal... - diýäýmese.

REKLAMA

25 ýaşly, 35 ýaşly, 40 ýaşly we bugünki men

https://edebiyat.clan.su/news....-12-231
avatar

Старая форма входа
Total users: 203