03:53 Topragy öpesim gelýär | |
TOPRAGY ÖPESIM GELÝÄR Her gezek Ýere aýak basanda "Şu topraga agyr düşýän bolaýmasyn" diýip alada we pikir edip bilýän adamlara uly hormat goýýaryn. Şeýle pikirden dörän goşgy, mähribanlar, Siz üçin! Ýaşaýyş, seniň öňüňde, Dyzymy epesim gelýär. Oýanyp saba säherde, Topragy öpesim gelýär. Göterýär, "agyr" diýenok, "Men sizden ýagyr" diýenok, Diýmezden "Elim degenok", Topragy öpesim öpesim gelýär. Ýaşamandym hergiz busup, Sahylygyn aldym susup, Güllände bagryma basyp, Topragy öpesim gelýär. Rysky artar-la öpenleň, Üstünde dyzyn epenleň, Ruhun şat edip ötenleň, Topragy öpesim gelýär. Dem alar, ýatmaz demigip, Söýlendir enä deňelip, Maňlaýy ýere degirip, Topragy öpesim gelýär. Ýedi arkam, serim bolan, Siňdirdigim derim bolan, Aram tapjak ýerim bolan, Topragy öpesim gelýär. Ogultäç ORAZTAGANOWA | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
0
| |