Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

06:57
Meniñ kakam

MENIŇ KAKAM

...Men kakam baradaky bu hekaýatymy nämeden başlajagymy bilmeýärin. Çagakaň kakaň seniň üçin dünýäde iň başarjaň, ähli zat elinden gelýän adam bolýar, emma ulalyp, aga-gara düşünip ugranyňdan soň welin, birhili,
gözüň açylýar oturyberýär.
Kakam edebiýat ugrundan žurnallaryň birinde işleýärdi, goşgy ýazýardy. Esasan hem, poema ýazmagy halaýardy. Ol bir gezek özüniň täze ýazan poemasyny okap görmegimi haýyş edende, men boýun gaçyrdym, bu-da onuň gaýdyp ýazýan zatlaryny okamagymy haýyş etmezligi üçin ýeterlik boldy. Muňa soň-soňlar, aradan kän ýyllar geçende ökünen gezeklerim az bolmady. Otuz ýaşyma baranymda, birdenkä meni onuň nähili ýazyjydygy, nämeleri ýazandygy gyzyklandyrdy, onuň golýazmalaryny ejemden sorap, alyp okadym. Görsem, ol gowy şahyr ekeni. Emma onuň, näme üçindir, ykrar edilmändigi, edebiýatda onuň adynyň däl-de, beýleki ýazyjy-şahyrlaryň atlarynyň köp tutulýandygy meniň üçin henizlerem syrlygyna galýar.
Onuň has-da işe berlen, ýönekeý ýaşaýan, az zat bilen kanagat eden adam
bolandygy hakydamda galypdyr. Işe göterýän torbasy-da ýadymda. Ol könedi,
gara torbanyň sürtülip sypjyryk bolan, jaýryk atan ýerleri-de bardy. Emma ka-
kamyň ony tä pensiýa çykýança ýanyndan aýyrmandygy ýadymda galypdyr.
Hawa, çagaka kakalar ogullar üçin gahryman bolýarlar, çagakam ol meniňem gahrymanymdy. Onuň keýpiniň
çagka özüni alyp barşy-da geňdi. Bu seýrek bolardy, bir gezek ejemden kakamyň
nämä şat bolýandygyny soranymda, ejem onuň ýazan poemasynyň gazetde çap edilendigini aýdypdy. Kakam şeýle pursatlarda: «Ine, Martin, bar zat şeýle
boldy. Biz orta ýolda eşegimizi ýitirdik»
diýen jümläni gaýtalamagy halaýardy. Men munuň manysyna düşünmeýärdim, emma onuň kakamyň keýpiniň gowudy-
gyny aňladýandygyny welin bilýärdim. Soň-soňlar, bir gezek oglum bilen tele-
wizora seredip otyrkak, tötänden bu jümläniň üstünden bardym, ol haýsydyr bir
daşary ýurt multfilminden ekeni, kakam onuň birinji bölegini alypdyr-da, soňky
bölegini özi goşupdyr. Täsin.
«Ine, Martin, bar zat şeýle boldy. Biz orta ýolda eşegimizi ýitirdik». Bu geň jümläniň onuň, ep-esli ýaşan adamyň göwnünden turmagyna
henizlerem akyl ýetirip bilemok. Belki, bu onuň çaga ýaly sadalygyndan bolsa
gerek... Çagakam onuň meni yzyna tirkäp, dükanlara aýlap aýakgap ýa-da egin-eşik
satyn alyp berşi ýadyma düşýär. Emma dükanda her gezek egin-eşikdir köwüş saýlamakda pikirlerimiz gabat gelmeýär-
di. Maňa onuň maslahat berýän aýakgabydyr penjegi hiç ýaramaýardy. Köplenç
bir-birimiz bilen düşünişmän bazardan boş gaýdardyk. Soňra ejem meni ýanyna alyp, göwün islän zadymy satyn alyp
bererdi. Öýde saçak başynda bu barada gürrüň açanymyzda, kakam egin-eşigiň
adamy däl-de, adamyň egin-eşigi bezemelidigini aýdardy.
Bir gezek kakam bir topar kitaby goltuklap getirip, olary okamagymy maslahat berdi. Emma men tehniki ug-
ry saýlamakçy bolamsoň, ol küt-küt kitaplary asla okasym gelmedi. Elime alyp görsem, olaryň nusgawy dünýä
edebiýatynyň birgiden poemalarydygyny, romanlarydygyny gördüm. Ola-
ryň arasynda Tolstoý, Tagor, Gýote, Balzak, Çehow, Dostoýewskiý... ýaly onlarça ýazyjylar bardy. Men bu ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligi bilen mekdepde gysgaça tanyş bolandygymy, şonuň üçin olary okap oturmagymyň bihuda
wagt ýitirmek boljakdygyny, aslynda, edebiýatyň meni gyzyklandyrmaýandygyny, tehniki ugurdan bilim almak
isleýändigimi aýdanymda, kakam muny ýokuş gördi. Emma sesini çykarman, kitaplary goltuklap ýanymdan gitdi. Men onuň aşhana ejemiň ýanyna baryp,
durmuşda kim bolaý, haýsy kärde işläý, edebiýatdan habarly bolmalydygy barada zeýrenýändigini eşitdim. Kakam
gaýdyp kitap okamagymyň gerekdigi baradaky bu gürrüňi agzamady. Mekdebi tamamlap, tehniki ugurdan ýokary okuw mekdebine resminamalarymy tabşyrdym. Kakam maňa öz ug-
rundan okamagymy, hökman ýazyjy ýa žurnalist bolman, başga kärlerde-de işläp biljekdigimi maslahat berende, garşy çykdym.
Men instituta giriş synaglaryň iň ahyrkysyndan ýykyldym hem-de gulluga gitmeli boldum. Demir ýol menzilinde ejem
ikisiniň meni ugradyşlary henizem göz öňümde. Kakam gürlemeýärdi, ejem welin gözlerini balkyldadyp dymýardy. Hoşlaşmaly pursadymyz gelende, kakam meniň elimi gysdy. Emma ýüzü-
me seredip bilmeýärdi. «Sag-aman gel, oglum. Watana wepaly gulluk et...». Bu onuň bar aýdan sözi boldy. Men çetki etraplaryň birinde, serhet goşunlarynda gulluk etdim. Ejem ikisiniň harby kasam kabul edişligime barşy ýadyma düşýär. Şonda eli agyr torbaly ýegşerilip gelýän kakamy
görüp, damagym doldy. Ol gartaşan ekeni, horlanypdyr, eginleri gysylypdyr. Ol meni gujaklady, ýaňagymdan
ogşady. Şonda men onuň ogrynça
gözýaşyny sylanyny gördüm. Ejem barada gürrüň bermegiň geregi ýok hasaplaýaryn, ol hem aglaýardy, hem-de ýüz-gözümden yzyny üzmän
ogşaýardy. Ertesi hoşlaşanymyzda olar ýene
gelip durjakdyklaryny aýtdylar. Nazarym bilen ugradyp, yzlaryndan garap
durşuma, ilkinji gezek özüm üçin iň mähriban adamlaryň garrap başlandyklaryna düşündim hem-de hykga dama-
gym doldy.
Gulluk diýseň tiz geçdi, men yzyma dolandym. Ýolda otluda dünýämi çepbe çöwren waka boldy. Ýerleşen küpämde äýnekli, sypaýy geýnen ýa-
şulurak adam hem bardy. Ol egnimdäki harby egin-eşigimi görüp, gullukdan boşamagym bilen gutlady. Emma onuň
ýüzüme siňe-siňe seretmegini welin geň gördüm. Ahyry: «Näme, ýaşuly, birine
meňzetdiňizmi?» diýip soranymda, ol söz açanyma begendi. «Hawa, birine
meňzedýärin. Sen onuň oglumykaň ýa dälmikäň?» diýip pikirlenip otyryn» diýdi.
— Kime, ýaşuly?
— Sen pylanyň ogly dälsiň-ä? — diýip, ol kakamyň adyny tutdy.
Men özümi oňaýsyz duýup, baş atdym. Emma ýaşulynyň kakam barada näme aýtjakdygy meni iňkise goýýardy. Sebäbi kakamyň pukara, çekinjeň
adamdygy baradaky garaýşym henizem ýüregimde mizemän durdy. Bu pikir çagalykda kalbymda berçinlenensoň, ondan hiç wagt hem saplanyp bilerin öýdemokdym. Ony tanaýanlaryň
ählisem şeýle pikirdedir öýdýärdim. Emma ýaşuly tarsa ýerinden galyp meni gujaklady. «Görsene, ynanar ýaly däl, edil bir almany ikä bölen ýaly-da. Eziz dostumyň ogly diýsene. Bäh, ykbalyň oýnuny. Nähili kakaň ýagdaýlary? Görüşmänimize esli ýyl boldy»
diýip, ol sowal yzyna sowal berip, aljyradyp barýardy.
— Gowy.
— Ind-ä garrandyr?!
— Hawa.
— Onuň adamçylygy seýrek duş-
ýandyr. Tüweleme, görsene muny.
Ýaşuly bilen gürrüňimiz uzaga çekdi. Ol kakamyň ýaşka diýseň alaýaz, galjaň bolandygyny, hemmeler bilen edil dogan ýaly, elinden gelen kömegini etmek üçin çalşandygyny gürrüň berdi.
— Muny görsene, ýaşlygymyza do-
lanan ýaly boldum — diýip, ýaşuly gussaly nazaryny misli alyslarda galan ýaşlygyna diken ýaly pikire batdy...
Hut şol pursatlarda men kakam barada eden pikirlerim üçin utandym. Tizräk ony göresim, «Bagyşla, kaka!» diýip, ötünç sorasym geldi...
* * *
Soňky günler kakam şäherde ýe-
ke özi gezelenç etmäni çykardy. Irden çykyşyna guşluk dolanyp gelýärdi. Ol agyr kesele ýolugypdy, lukmanlar onuň wagtynyň az galandygyny, ýöne muny ondan gizlemegimizi tabşyrypdylar, ol bolsa özüniň sanalgy gününiň galandygyny duýýan ekeni. Bir gün giçlik işde otyrkam, ejem jaň edip, kakamyň irdenki öýden çy-
kyp gidişidigini, henizem dolanmandygyny aýtdy. Men kakamy nireden gözlemelidigimi bilýärdim, ol elmydama deňziň kenaryndaky seýilbagda
oturyp, uç-gyraksyz mawy ummany synlamagy halaýardy.
Ol bu gezegem portuň ýanyndaky
kiçeňräk seýilbagda, oturgyçda oturyp, äpet-äpet gomlaryň kenara urluşyna tukatlyk bilen syn edýärdi. Ýanynda çökdüm. Ikimizem gürlemän deňzi syn-
laýardyk. Men ahyrsoňy:
— Kaka, öýe gideli. Wagt gijikdi. Ejem alada edýär — diýdim.
— Birazajyk oturaly... Sen meni bagyşla, oglum. Men hemme zatlary başarmadym, bilýän. Seniň göwün söýen zatlaryňa ýetmegiňe ýardam edip
bilmedim. Men beýleki adamlar ýaly däl-de, başgarak ýaşadym. Eger bizem siziňki ýaly terbiýe alan bolsadyk, durmuşa has uýgun bolardyk. Döwür diý-
seň çalt özgerdi, onsoň biziň ynanýan zatlarymyz ýumruldy oturyberdi, ine, onsoň bize ýaşamak kyn düşdi. Bize
başga zatlary öwretdiler, olaryň bolsa indi asla derkary galmady.
— Kaka, diýýän zatlaryň näme?
— Hawa, oglum. Bar zat şeýle boldy, biz orta ýolda eşegimizi ýitirdik. Kakam ýüzüme seredip, gamgyn
ýylgyrdy.
...Ol indi ýok. Emma onuň çagakam meni yzyna tirkäp, seýilbaga gezelenje äkidişi, ýetginjekkäm maňa köwüş ýa-
da egin-eşik satyn almak üçin bazara gidişimiz, dükanda egin-eşik saýlaýarkak jedelleşişimiz, iň esasam, keýpiniň çag wagty: «Ine, Martin, bar zat şeýle
boldy, biz orta ýolda eşegimizi ýitirdik»
diýýän sözleri ýadyma düşýär.
Emma ol durmuşda köp zady başarmadygam bolsa, bu adalatsyz dünýäde iň agyr iş bolan gowy ynsan bolup ýa-
şamagy başaran hakyky mert, edermen adam ekeni. Men onuň özümi diýseň gowy görendigine, özümiň onuň üçin dünýäde iň eziz, iň gymmatly adam bo-
landygyma indi-indiler akyl ýetirýärin. Ol durmuşymda hemişe misli kölegäm
ýaly ýanymda bolan ekeni, nirede bolsamam, meni goraglap gezen ekeni. Haýp, muňa giç düşündim. Bagyşla, kaka!
Kakam şeýdip meniň kämillik ýaşymda hakyky hem-de ýeke-täk gahrymanym boldy.

© Hemra HUDAÝGULYÝEW

"Nesil" 25.04.2023
Bölümler: Goşgular | Görülen: 95 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Hemra Hudaýgulyýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Мango • 09:34, 26.04.2023
gowy ýatlama.
esasanam kakasynyň halaýan frazasyny gaýtalap ýatlamagy: «Ine, Martin, bar zat şeýle boldy, biz orta ýolda eşegimizi ýitirdik».
orta ýolda eşegiňi ýitirmek - nähili düşünseň düşünibermeli. meniň pikirimçe kakasynyň orta ýolda ýiten eşegi - SSSR bolmaly... orta ýolda döwlet ýykylýar, döwlet döreýär, sistema üýtgeýär...
kakasynyň sözleri muny tassyklaýan ýaly: "Döwür diýseň çalt özgerdi, onsoň biziň ynanýan zatlarymyz ýumruldy oturyberdi, ine, onsoň bize ýaşamak kyn düşdi. Bize başga zatlary öwretdiler, olaryň bolsa indi asla derkary galmady."
gowja, gussalyja, ýürekdenje ýatlama...
(şeýle ýatlamalary kakasyz wagtyň okamak has başgarak eken).
bellik: tegde awtoryň familiasynda ýalňyş gidipdir - Teg: Hemra Hudaýgulyvew

şujagaz sözlemem täzeden düzmeli ýaly:
Kakam gürlemeýärdi, ejem welin gözlerini balkyldadyp dymýardy.
"...emma welin" diýse-de kakasam, ejesem gürlemeýär ahyryn. dymmak we gürlemezlik...
belki: Kakam gürlemeýärdi, ejemem gözlerini balkyldadyp durdy.
5 ýyzzyl.
avatar
0
2 Мango • 09:46, 26.04.2023
"Döwür diýseň çalt özgerdi, onsoň biziň ynanýan zatlarymyz ýumruldy oturyberdi, ine, onsoň bize ýaşamak kyn düşdi. Bize başga zatlary öwretdiler, olaryň bolsa indi asla derkary galmady."

şu ýerinde kakamly waka ýada düşdi.
paýlaşaýyn.
bir gezek kakamyň dokumentleri, kagyzlary, depderleri... salynan köneje çemodanyny onuň ýanynda tertipläp otyrdym. çemodanyň içem giden taryh... ine, bir kiçijek broşýura çykdy. awtory öz döwrüniň ateistik ideologlaryndan biri, türkmen. broşýuraň adam bir hudaýsyzlyk propogandasyndan kükäp dur. menem derrew soraýan kakamdan:
– kaka, şular ýaly zatlary okatdylar, beýniňize dykdylar. bularyň zyýany (awusy) size häzirem bildirýämi?
kakam ateist biri däl (mollaçylam däl, ýöne ynançly biri). ol propogandanyň zyýanynyň käwagt-käwagt bildirýändigini aýdypdy. ahmyrly, gussaly bakyş bilen.
***
ruhlary şat bolsun. olara ynanjyny gorap saklamak bizden kän beter kyn bolandyr.
avatar
0
3 lirika • 10:40, 26.04.2023
Hemra kaka gowy ýazýar. Hasam poeziýa hakyndaky pikirleri henizem ýadymdan çykanok
avatar

Старая форма входа
Total users: 203