Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

18:47
«ELEGANT ESER» baýragy
salgymyz: belentmertebe@gmail.com

Hormatly galamdaşlar!

«Edebiýat kafesi»   edebi döredijiligi höweslendirmek maksady bilen M/S ELEGANT Parfýum we müşkler brendiniñ hemaýatkärlik etmeginde  edebiýat eserleriniň awtorlaryna  «ELEGANT ESER» baýragy ugrundaky bäsleşigi yglan edýär.

Eserler edebiýatyñ proza hem poeziýa janrynda bolup biler.

«ELEGANT ESER» BAÝRAGYNYŇ ŞERTLERI:

1. Eserleriñ awtorlary «Edebiýat kafesiniň» agzasy bolmaly. (ýa-da özi agza bolup bilmedigem bolsa mundan öñ ýörüte Edebiýat Kafesine eserlerini özi ugradyp goýdurýan awtor bolmaly, we bäsleşigiň jemi jemlenmänkä agza bolup ýetişmeli)

2. Eser ilkinji gezek «Edebiýat kafesinde» ýaýynlanmaly.

3. Eserler 2024-nji ýylyň 19-nji martyna çenli «Edebiýat kafesinde» okyjylara ýetirilmeli.

«ELEGANT ESER» BAÝRAGYNYŇ HÖDÜRLENIŞ DÜZGÜNI:

«ELEGANT ESER» BAÝRAGYNA HÖDÜRLENÝÄR diýen
ýazgy bilen saýt administrasiýasyna: belentmertebe@gmail.com poçta edilmeli. (awtorynyñ at, familiýasy bilen ugradylmaly)

2.  Ugradylýan eser öñ hiç ýerde paýlaşylmadyk (neşir edilmedik) bolmaly.

3. «ELEGANT ESER» baýragyna ugradylan eser saýt administrasiýasy tarapyndan awtory okyjylara görkezilmezinden Edebiýat Kafesinde post edip açylmaly.

4.  Paýlaşylan eseri okyjylar tarapyndan adalatly teswirlenmeli, seljerilmeli, bahalandyrylmaly.

«ELEGANT ESER» BAÝRAGYNYŇ JEMLEMESI:

Bäsleşik 2024-nji ýylyñ 21-nji martynda her esere okyjylar tarapyndan berilen bahalar, seljermeler, pikirler esasynda EDEBIÝAT KAFESINDE jemleniler.

Sylaglandyrmalar:

«ELEGANT ESER» baýragyna 5 sany baş ýeñiji saýlanylar, hersine baş baýrak, (M/S elegant, Parfýum we müşkler brendiniñ gymmat bahaly duhileri) gowşurylar.

şeýle-de «ELEGANT ESER» baýragyna gatnaşan ähli eserleriñ awtorynyñ her birine (baş baýrak almadyklara hem) brendiñ sowgatlary (müşkler) garaşýar.


"Pähim paýhas ummany - Magtymguly Pyragy" ýylymyz mynasybetli geçirilýän bu edebiýat konkursynda ähli awtorlarymyza ýeñişler, üstünlikler arzuwlamak bilen:

© Edebiýat Kafesiniñ administrasiýasy hem-de
M/S elegant, Parfýum we müşkler brendi
Bölümler: Edebiýat täzelikleri | Görülen: 639 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: ELEGANT ESER baýragyna | Рейтинг: 4.9/9
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 511 2 »
avatar
1
1 LegLek • 19:01, 17.02.2024
Şowly bolsun!
Gatnaşjaklaryň ählisine häzirden ylahy ylham arzuw edýän!
Enşallah bu bäsleşik gowy eserleriň döremegine sebäp bolar!
Eserleriň öň hiç ýerde paýlaşylmadyk ýa neşir edilmedik bolmalydygy we awtorlarynyň saýta görkezilmän goýulmagy baradaky şertlerini haladym we ikelläp GOLDAÝAN.
avatar
1
2 LegLek • 19:03, 17.02.2024
Ýeňijiler onlaýn yglan edilermi?
avatar
1
3 Mekan • 19:17, 17.02.2024
Hemmä üstünlik!!!
avatar
1
4 Medicall • 19:50, 17.02.2024
@ Leglek, @ myhman daýy:) minnetdar, size-de üstünlikler!

@ Leglek, hawa täze post açylyp ýeñijiler yglan ediler
avatar
0
5 Seýrаn • 19:56, 17.02.2024
Iň gowy eser nähili bolýar? Goşgy bilen hekaýaň ýaryşasy ýokdur-a? Aýratynlykda kategoriýa ýokmy: goşgular, hekaýalar, dessanlar... ýaly?
avatar
1
6 Medicall • 20:08, 17.02.2024
@Ses aga, 5 esere aýratyn baş baýrak beriler. Şonuñ içinde elbetde jemlenende kategoriýalara, agzalaryñ pikirlerine hem serediler. Iş edip hekaýa-da hödürläbersinler, goşgy hem.

Terjime eserlerine-de serediler. Sowgatlar ýeterlik bar. Emma baş baýrak bäş sany, gatnaşyan eserlere görä orunlar hem berilmeli bolsa pikirlenibereris oña çenli.
avatar
1
7 garagar • 21:12, 17.02.2024
Hemmelere üstünlik!
avatar
0
8 Medicall • 23:08, 17.02.2024
Size-de sagbolsunlar! täze, täze eserler, täze, täze üstünlikler!
avatar
1
9 Pegas • 01:00, 18.02.2024
Şowly bolgaý.
avatar
2
10 Lacrymosa • 10:13, 18.02.2024
Bäääääää, is-äää täzeläp boljak eken, arkadaşlar! her biriňize bol-bol ylhamlar we bol-bol kokumalar!
avatar
1
11 Hyýalbent • 22:30, 18.02.2024
Hemmäñize üstünlik
avatar
1
12 sussupessimist • 00:27, 19.02.2024
Oňarypsyňyz. Gowy başlangyç. Hemmäňize üstünlik. Kim yeňdi-yeňildi hasaplansa-da, islendik yagdayda biz okyjylar-a yeňişde galarys. Sebabi bahana bilen gyzykly zatlar okarys.
avatar
0
13 sussupessimist • 00:28, 19.02.2024
Yöne haltura yazaymaň.
avatar
0
14 Medicall • 01:56, 19.02.2024
@sussupessimis, gatnaşarsyñyz-a hää)) "biz okyjylar-a" diýip sowulaýjak bolaýmañ, ähliñiziñ eserleriñize garaşýarys
avatar
0
15 paragraph • 04:49, 23.02.2024
Powest bilen romanyň ornuna oýlanma we başgarak gysga bir eser görnüşini goşsaňyz nähili bolar?
avatar
0
16 Medicall • 20:28, 24.02.2024
Hormatlylar, ähliñizden etjek ullakan haýyşym:
bäsleşige hödürlenýan birinji eserden başlap ses berip, baha berip gelýan hormatly agzalarymyz şu bäsleşige diyilip goýulýan eserleriñ ählisine yzygiderli (hiç posty bahasyz goýman) ses berseler gowy boljak. Eger bir agza birine berip, birine bermän ýören ýagdaýynda netije dogry çykmaz.

Şoñçürip gadyrdan agzalarymyz, siz emin agzalary bolup durandygyñyzy unutmañ!

Bir esere bal goýup, beýlekä goyman gitsek netije kyn bolar...(has gönülesek beýle hereket adalatly bolanok)

Yzygider ähli bäsleşikli posta baha berýan, bal berýan hormatlylar her eseriñ hiline görä adalatly bolup gelýarler. Indem birine goýup, birine goymaýan gadyrdanlar, sizdenem uly hayyş, aktiw hem dogruçyl bolaýlyñ...
avatar
0
17 Medicall • 00:05, 25.02.2024
ELEGANT ESER baýragyna hödürlenýän eserleriñ başdaky goýulanlaryny yzarlamak, bal goýmadyklaryñyza goýmak üçin "Awtorlar bölüminde ýörüte
ELEGANT ESER papkasyna ýa-da şu ýerde:
ELEGANT ESER baýragyna girip yzarlap bilersiñiz.
avatar
0
18 Medicall • 16:13, 25.02.2024
Hormatlylar, şu konkursa berilýan bahalar barada maña gelýan şahsy hatlara görä şu ýere õz pikirimi goýmagy makul bildim.

Siz dogry düşüniñ. meñ diyjek bolyanym şeyle: 1 esere ses beren ähli esere bersin. Bolmanda siz dözmeyan bolsañyz ol öz pikiriñiz, 10 bal beresiñiz gelse beriñ hemmesine-de deñ beriñ onda.
avatar
0
19 Medicall • 16:16, 25.02.2024
Sizden başga, ýagny beyleki agzalaram ýowuz, rehimsizdir diyip pikir edemok men-a, emma eser eser, edebiyat edebiyat, bäsleşik bäsleşik bolyar-da.

Şu wagta çenli olar dogry baha berip gelýanlerine düşünýan men-a.

Sebäbi eserleriñ awtorlaryny bir men bilip otyryn, bal goýýanlar bilenok. Ýöne eser tanap bilýärler hakykatdanam.

Bal goýuşlary barada men şu wagta çenli hiç kim bilen pikir alyşmadym. Oña meñem, ya beýlekileñem zerurlygyda, hakyda ýok diyip
düşünýarin.

Biziñ bu bäsleşikde maksadymyz awtorlaryñ eser ýazmaga ökdelemekde utuş gazanmaklary, gowudan gowusyny ýazmak üçin talaş, özlerine takapkär bolmaklary.

Entek çig esere çig, güýçlä güýçli diyip bilmezçe "ýukaýürek" dälmikäk diyyan hiç birimizem.
Gayta tersine bäsleşikde siziñ diýýan ýukaýürekliligiñiz, "dözüp dözmezligiñiz dogry netijäni gazandyranok.

Bu islendik işde şeyle. Hatda öz jigerimizden önen çagamyza berýän terbiýämizde-de şeýle.
avatar
0
20 Medicall • 16:19, 25.02.2024
Zerurlyk" daky teswiri esasy Aýgül üçin yazypdym, sebabi eser juda tanyş hem ýakyn adamyñky, soñra "tanap etdiñiz" diyip dawa edip biljekler.

Ýöne men ol baly Aýgüliñ awtora däl-de esere görä goýanyna añyrýany bilen düşünýänem, ynanýanam
avatar
0
21 Medicall • 16:19, 25.02.2024
Umuman real ýa wirtual bizem, beyleki baha beryan agzalaram rehimsizdir, "gysykdyr" hasaplap bolmaz. emma, dogrusyny etmek zerur konkurslarda. Daşyndanam okap baha kesip otyrlarda.

Onsoñam bärde ýowuz daranoklar hiç kimede. diñe okan zatlaryna görä baha kesýärler.

Ýowuz daramak başgarak bolýar dälmi,( ýagny öñräk bir agza gaty ýowuz darapdy awtorlara. Gynansakda şonda şoñ daraýşyny dogry hasaplapdyñyz, meñ ol agza gören çärämi haksyzlyk hasaplapdyñyz. Şondara "ýowuz daramak hem gerek zat diýipdiñiz, bu gün meñ şahsyma ýazan ýowuz daralýany baradaky ýazanyñyz şol ýazanyñyzyñ tersine bolup dur. Bu wagt ol agza bolaysa bu eserlere näme diyjegini bilýan:)

Emma şu wagtky baha berip oturanlar hiç kimede ýowuz daranoklarlay olary göreñde:)

Her kim islese 10 bal goyup bilersiñiz, ol öz pikiriñiz, hakyñyz, men hiç kime" şuña palança goýuñ" diýmedim, diýmerinem, emma bir esere goyup birine goymasak olam dawa döredip biler.

Bizde hakyky edebiýatyñ ýüze çykyp bilmeýänliginiñ esasy, baş sebäbi eserleriñ awtorlaryna eseri baradaky pikiri dogry aýdyp bilmeýänimizde.
Dogrusyny, kemter gaýdyan ýerini göwnüne degmän düşündirip aýtsak, dogry baha bersek ol gayta awtoryñ bähbidine. Şeýledigine awtoram dogry düşünjegi ikiuçsyz.
Dogry baha bermän, kemter gaydyan ýerinem aýtman, düşündirmän "gowy" diymek öz çagañ garagollugyny görmezlige salyp, iñ soñam çaga ulalanda ondan garaşylan gowy netije çykmadyk ýagdayyndaky ýaly ýagdaýa düşeris dogrusyny aýtmasak.
avatar
2
22 Medicall • 16:20, 25.02.2024
Bal barada. Baly 10 şkaladan diyip men ýola goýmadym. Ony ähliñiz deñ başladyñyz. Eger göwnüñize dogry gelmedik bolsa, kommentlarda aýtmaly ekeniñiz şonda, hiç kim siziñ pikiriñizi aýtmaga gadagançylyk girizmedi, hemmäñiziñem pikiriñiz, teklibiñiz diñlendi.
Aýdybermeli ekeniñiz şonda.

Balyñ 10 şkaladan alynanyny men-a dogry diyip düśünýan.

Esere görä 1/10 bal bermegem haksyzlyk hasaplamok. Olam eseriñ öz gazanyp bilen bahasy bolyar.

Esere görä bal goymak zerur, adalatlylyk bolup dur bäsleşikde.

awtorlar eser ugradanynda edil baş baýrak ýa-da gõni 10/10 bal almajaklaryna özlerem eserlerini goýulandan soñ gaýtadan beýlekileriñ (okyjylaryñ gözi) nazary bilen seredip, eserlerine goýulýan baha dogry düşünýändiklerine ynanýan.

bäsleşigiñ öz şertleri, mümkinçilikleri bar.

Esasy zat baş bayrak almak däl-de eserleri, edebiýatymyzy kämillişdirmek...

Onsoñam eser orun almayan ýagdayynda-da barybir gatnaşan awtora sowgat bar.

Umuman men eserleri hödürläp berýan. Dogry netije çykarmak, dogry hereket etmek özüñize bagly.

Meñ üçin hemme awtor ADAM höküminde deñ derejede, emma eserler öz ýazylyşy, täsiri bilen deñ bolanok-da. Bu hemmelerde-de şeyledir-a, hämi:)

Dogry düşünensiñiz diyip umyt edyan
avatar
1
23 Küle • 19:16, 25.02.2024
Hemmesine goyup cykdym. 0/10 bahada boljakdyr.
avatar
0
24 Pero • 13:49, 26.02.2024
Küle,0/10 bal alanlar göni ýaýla çykyp dowar bakybermelimi? :)))))
avatar
0
25 Küle • 15:44, 26.02.2024
"Eser" dowar bakyp bilermi? Şoňa ýarasa-da kän zat. Subýekte däl obýekte goýular.
avatar
0
26 Kyyas • 20:52, 28.02.2024
Salam Nurdan hanym myhman agzalaryñam goşgularyny elegant bäsleşige hödürlesen bolarmyka?
avatar
0
27 Medicall • 21:07, 28.02.2024
Bolanok. Ýazgyly dur. Şertleri doly okañ
avatar
0
28 Medicall • 21:13, 28.02.2024
"syrdaşym - gündeligim" diyip ugeadylan ýazgy öñ başga yerlerde paylaşylypdyr. Awtoryny tanap yazyp otyrlar maña. Öçürmeli boldum şoñçürip.

şertler bilen doly tanyşyp ugradaýyñ.
avatar
0
29 Kyyas • 21:20, 28.02.2024
Ok . Bolýa. Düşündim
avatar
0
30 Mekan • 22:31, 28.02.2024
Kyyas gardaş, dogry düşün, myhmanlañ eserleri bolýan bolsa, birinji bilen meñ eserlem hödürlenmeli. Jyñkymy çykarman otyryn-a :-)
avatar
0
31 sussupessimist • 23:28, 28.02.2024
Ýo, indi saýta girip, gatnaşsa bolýandyr-a?
avatar
0
32 Belki • 08:20, 01.03.2024
Bäsleşigiñ gazet-žurnallardaky gurnalýan döredijilik bäsleşiklerinden tapawudy, ýagny, oñyn tarapy hödürlenilýän eserleriñ ählisini görýäris. Islendik agza emin bolup ses berip bilýär. Bularyñ hersem öz nukdaýnazaryndan garap baha berýär. Ses berlişik gizlin görnüşde däl-de aç-açanlykda geçýär. Iñ tapawutly aýratynlygam awtora däl-de esere baha berilýär.
Ýöne öñden bäri hödürlenen eserleri okap görýän welin bir esere baha beren eminiñ beýleki esere baha bermändigine şaýat bolýan. Eminler bu babatda jogapkärçilikli bolsa, ýaryşyñ soñunda adalatsyzlyk döremezligi üçin gowy bolarmyka diýýän.
avatar
0
33 Mekan2 • 10:40, 01.03.2024
33-e. arifmetik bal çykaryp bolýa: her esere berlen ballaň hemmesini goşup näçe kişi beren bolsa şoňa bölýäň, bolany.
avatar
0
34 Belki • 10:53, 01.03.2024
34-e. Ýöne bulañ syrnyhy bar eli açygy bar-a ) diñe san diýip almak dogry bormuka?
El açykdan alnan 6 bilen syrnyhdan alnan 6-yñ parhy uly
avatar
0
35 Mekan2 • 11:33, 01.03.2024
35-e. meň beren ballamyň bahasy kör köpük-dä onda :-)

her postda hatam taýlaram bar, gai'lerem bar, beýlekilerem. diňe bir zat ýok - alada galmaga esas ýok.
avatar
0
36 Seýrаn • 13:56, 01.03.2024
Eger ses bermegi ýatdan çykaran bolsam, Nurdan baryna menden 3 goýaý :)
avatar
0
37 Medicall • 00:02, 02.03.2024
Sesdädemiñ sesini eşidemde begenýän-da:) men goysam karam bolar Sesdäde, ony özüñiz okap keramatly goluñyzy çekip, awtorlara ak pata berseñiz hop ýagşy bolar)))
avatar
0
38 Küle • 14:39, 17.03.2024
Ses berenleň sany gabat gelmese, orta arifmetik bahadan hasaplansa näder.
avatar
0
39 Medicall • 15:12, 17.03.2024
Ony "bir ses beren hemmesine bersin" diyip adalatly jemlemek üçin aýtmak kemini goýmadym.
Indi halanlary, (näme diýeli başga) :)

orta arifmetik bahadan hasaplamagam haksyzlyk bolar.

baly jemlemek barada netijäm, planym bar başgaça, bu wagt ýeri däl açyklamak. Nesip bolsa, diýseñ adalatly usulda bal hasaplanylar, şeýdibem jemläris. Arkaýyn boluñ:)
avatar
0
40 Küle • 15:34, 17.03.2024
Wam widnee. Soňky günler ses berýänleň azalanyna üns berdimde.
avatar
0
41 Pero • 22:28, 17.03.2024
Wah,şu 6-oddyh gursyn! Öýde iş köp bolýa-da. Okamaly zatlarym gaty köpeldi. Olam nesip bolsa ertir.
avatar
0
42 Cincinnati • 03:11, 21.03.2024
Näme, indi netijeleri 24-inden başga güne geçirildimi?
avatar
0
43 sussupessimist • 09:58, 21.03.2024
Yok, nämüçin geçirilsin? Meň bilşimçe-hä ine
avatar
0
44 Lacrymosa • 10:00, 21.03.2024
Ur-raaa, poeziýa güni, hemmäňizi gutlaýaryyyn! diňeje Mango daýymy gutlamooook!

Ony Mübärekleýärin!
avatar
0
45 Pero • 11:28, 21.03.2024
Sagbol Laçyn bajy! Menem hemmeleri gutlaýan.
avatar
0
46 Belki • 11:38, 21.03.2024
Ballar boýunça jemlenşik şu gün diýlensoñ soran bolaýmasa. Ýa ondan bärde hiç zat aýdylman ýeñijinem, ballaram "Kämil bilimde" biläýermikäk?
avatar
0
47 Cincinnati • 12:53, 21.03.2024
Ýoo, afişany bir goýýalar, bir aýyrýalar, düşünişip ýetisemok. Şondan soradym.
avatar
0
48 sussupessimist • 12:59, 21.03.2024
Ýo, afişa aýrylanok. Ýöne goýlan senesi köne bolansoň, täze materiallar sebäpli aşak süýşýär (her gün tazeden ýokary geçirmeseň).

Şu gün ýa ertir (Nurdanyň arifmetik ukyplaryna bagly:) ýeňiji eserler yglan ediler (admin çot kakyp, ballary sanap oturan bolsa gerek).
Ýeňiji bolan eserleriň awtorlarynyň ady bolsa 24-ne geçiriljek duşuşykda aýdylar. Oskardaky ýaly:
...And the Elegant parfume for best poetry goes to...***** *******!
avatar
0
49 Medicall • 13:40, 21.03.2024
laçrymosa, Pero, sagboluň, bu owadan günüňiz, Poeziýa baýramyňyz, Nowruz baýramyňyz gutly bolsun! galamyňyz ýiti bolsun!
avatar
0
50 Medicall • 14:03, 21.03.2024
@ Sussupes, kellämi galdyrman çot kakýanym gözöňüme gelip gitdi( ýöne şondan gowy däl şuwagt ýagdaýym) ballary sanaýan entak...
1-50 51-51
avatar

Старая форма входа
Total users: 203