16:31 Dünýäniň iň uzyn sözleri | |
DÜNÝÄNIŇ IŇ UZYN SÖZLERI Okamasy iki sagada çekip biler. Dünýäniň iň uzyn sözleri, tötänleýin döredilen kod setirine meňzeýär. Dünýäniň "iň..." diýlip hasaplanýan islendik zatlary hakda hemişede çekeleşikler bolan- dyr.Adatça belli bir çäklerde baha beril- ýän bu “iň gowulary” köplük tarapyndan tankyt edilse-de, dünýäniň iň uzyn sözi barada dowam edýän jedeller bellärliklidir. Ginnesiň rekordlar kitabyna görä, dünýäde iň uzyn söz 28 harp we 12 bogun bolan «antidisestablishmentarianism» sözüdir. Dünýäniň iň uzyn sözi dillere görä üýtgeýär. Mundan başga-da, kabul edişlerden başga, okamak üçin 2 sagatdan 3 sagada çenli wagt alyp bilýän söz bar. Bu, 34,000-den gowrak aminokislotalardan ybarat iň uly belok bolan Titiniň doly himiki ady. Käbir adamlaryň pikiri- çe, bu söz däl we ylmy zynjyry aňlad- ýandygy üçin "dünýäniň iň uzyn sözi" hasaplanyp bilinmez. Bu mesele boýunça hünärmenleriň pikiriçe, bu kesgitlemeler diňe sözleýiş formulalary we sözler hasaplanmaly däldir. Başga bir jedelli söz, Oksfordyň sözlüginde görkezilen 45 harply söz bolan «Pnewmonoul- tramicroscopicsilicovolcanoconiosis». Bu söz wulkanyň atylmagyndan ownuk galyndylardan dem almagy netijesinde dörän öýken keselini suratlandyrýar. Şeýle-de bolsa, gündelik aragat- naşykda ulanylmaýandygy sebäpli, iň uly belogyň ady ýaly, gizlin saklanana meňzeýär. Agzalýan çekişmeler we dünýäniň iň uzyn sözleri esasan iňlis dilinde hasaplanýar. Dürli dillerde has uzyn sözler bar. Nemes dilinde hem has uzyn sözler bar. Mysal üçin, belligi kesgitlemek üçin 1999-njy ýylda döredilen kanuny kesgitleýän «Rindfleischetikettier- ungsüberwachungsaufgabenübertragung- sgesetz» , 63 harp bilen iň uzyn sözleriň diňe biridir. Bu söz resmi däl saýlaw bolany üçin, resmi nemes sözlükleri iň uzyn sözi «Kraftfahrzeug- haftpflichtversicherung» diýip kesgitleýär. Mundan başga-da, Ginnesiň rekordlar kitabyna görä, dünýädäki iň uzyn söz 195 sany sanskrit harpyndan ybarat bolup, latyn elipbiýinde 428 harp bilen terjime edilýär. Türk dilinde 70 harpdan ybarat <strong>«muvaffaki- yetsizleştiricileştiriveremeyebileceklerimiz- denmişsinizcesine»</strong> (google terjimesine görä türkmençesi: "şowsuz, işlemeýän we garşy durup bilmeýänlerimiziň biri ýaly") sözüne duş gelýäris. Bu ýerde, türk diliniň gurluşy boýunça goşulmanyň sagdan goşulýanlygy üçin , çäksiz harplardan ybarat sözleri döretmek bolýar.</p> çeşme: www.cumhuriyet.com.tr Siziň pikiriňizçe türkmen dilinde iň uzyn söz haýsy. Taýýarlan: Seýran GURBANÝAZOW | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |