Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:22
* * *

* * *

Sen aýdyp bilmersiň, ýüregiň etmez,
Ökünjiň gömersiň göwün teýine.
Kemsinersiň goňşy gyzlar bezenip,
Duşuşyga geçip gitse geýine.

Hiç kim saňa öňküsi deý seretmez,
Üýtgeşik müýn bilen bakyp geçerler.
Sen barada müň bir dürli şyltagy
Obaň köçelerne pul deý seçerler.

Gepden böwri çöken palçyk jaýyňyz,
Ejiz geler uly aýbyň bukmaga.
Utançdan ýüregi ýarylan eneň,
Ejap biler ýüz tutmagy lukmana.

Ahmyrly gözýaşyň ýelek ýassygyň,
Ýüzünde goýanda ökünjiň yzyn.
Bir ojak ýitirdi belent abraýyn,
Bu dünýä ýitirdi ýene bir gyzyn.

24.03.2024.ý

© Gurbanmyrat SARYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 156 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Aýgül_Baýadowa • 21:57, 10.04.2024
Gurbanmyrat, şu goşga gaty düşünmedim, arada ibereňde-de. Bir bolmasyz işiň bolanyny aňdym ýöne.
avatar
0
2 Мango • 11:23, 13.04.2024
sosial tema...
ahlak...
abort...
avatar
0
3 aygull • 12:07, 13.04.2024
Dýad Mango, oňa düşündim.
Goşgy bagyşlanmagyna düşünmedim.
avatar
0
4 sussupessimist • 12:40, 13.04.2024
Beh, goşgyň temasyna limit goýup bolmaz ahbetin!
Ýöne, ýazylşyna bagly.
avatar
0
5 Aýgül_Baýadowa • 15:24, 13.04.2024
Tema çäk goýamok, Maksat. Ýöne goşgudaky waka, hatda gepçi heleýleň arasynda-da pyşyrdap aýdylýan gep. Alyp, ony goşga salyp paýradybermek bolarmy? Aýyp zady, goşga, aýdyma salmagam aýyp bolaýmasa.
"Gyz günäli ýa günäli däl bolsa näme ?"diýen ýaly soraglardan öň: men "gahryman" hakda däl.
avatar
0
6 sussupessimist • 19:06, 13.04.2024
Yo, meň diyyanimem şol. Mesele – çemeleşmesinde. Awtor biriniň biabray bolmagyny yañsa alyan yaly. Biabraylyk hakda yazsa bolar, yone yaňsylamak – gowy dal
Yone nadeňde-de, goşgyň ozi gowşak.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203