Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:41
Jynlar bezmi ýa-da uly oýun - 12
SADRANÇ

NKWD-niň degirmen daşy jygyldap herekete geldi. Abdyllanyň ýanynda ýatan tussaglary uzakly gije ýeke-ýekeden soraga çagyrdylar. Kimsi urlup-ýenjilip, bir sagatdan gaýdyp geldi, kimsi ertire çenlem yzyna dolanmady. Hiç kimiň gözüne uky gelmedi. Hekaýat gürrüň bermek gezegine garaşyşlary ýaly, tussaglar indi özleriniň soraga çagyrylmak nobatyna taýynlanýardylar, diýjek sözleri barada oýlanýardylar.
Abdyllanyň aňynda bolsa, gerekmejek pikirler at çapýardy. Tussaglaryň düýnki döwre gurap gürrüň berýän hekaýatlary barada pikir edýärdi. Şu ýaşyna çenli näme öwrenen bolsa, özbek gürrüňçiliginden, peýrewe söhbetlerden öwrendi. Ýap-ýaňy ýadyna salan “Tymsallar” atly kitap hem boýdan-başa söhbet görnüşinde ýazylan. Özüniň “Öten günler” romany-da şolar ýaly. Hereket ýok, goh-gowga, uruş-jenjel ýok, diňe gürrüňçilik we söhbetler!
Hezreti Nowaýy öz gowy eserleriniň birini ýönelige “Nepis söhbet” diýip atlandyran däldir. Abdylla “Babyrnamany” adyna saldy: “Bir gün küşt başynda söhbet edip otyrkalar Alyşirbek aýagyny uzadýar. O-da Binaýynyň otyrýerine galtaşýar. Alyşirbek degşip: “Bu nä bela! Hyratda uzadan aýagyň şahyryň otyrýerine degip dur-la!” diýipdir. “Aýagyňy ýygnap otursaňam şahyryň otyrýerine deger!” diýip, Binaýy suňşurypdyr.
Abdylla iki beýik ynsanyň küşt başynda özara henek edip oturyşlaryny göz öňüne getirdi. Soň Samarkant Derwezesindäki çaýhana hyýalyna geldi. O ýerde uzakdan-uzak söhbetlere maýyl bolup oturan, ejesi Josiýat bibi aýtmyşlaýyn, “boş warsaky edýän” küştçi dostlary bardy.
Küşde şahyr Elbek ökdedi. Üşükliligi üçinmi, öte ätiýaçlylygy sebäplimi, ýa küşde bolan hyjuwy bilen şahyrlyk ukybynyň gatyşanlygy zerarlymy, gepiň gysgasy, şahyr bolsun, ýazyjy bolsun, hemmesiniň küşdüni berer oturardy.
Moskwada wagty bular Marina Roşşadaky baga bardylar. Görseler, ruslar küşde gyzypdyr. O mahallar Alýohin bilen Botwinnigiň rowaç döwri bolup, hemmeler şol ikisine öýkünýärdi.
Ýat şäherde harjysyzlykdan kösenip ýören özbekler uruşmakçy bolýan jüýje horaz ýaly hekgerip duran Elbeki ilkibaşda oýna goýbermediler. “Goý, öňem pulumyz ýeter-ýetmez. Bolanjasynam bu Alýohinlere utdurarsyň!” diýip gaharlandylar. Ýöne ol birbada ýanyndakylary köşeşdirdir-de, soňam duýdansyz oýna girdi. On iki göçümde Botwinnikleriň birini mat goýdy. Özbekler janlanyp, gop berdiler: “Pul goýup oýna, pul!” Şo gezek hyjuwy dyňzap duran Elbek özbekleriň harjy puluny üç esse köpeldip berdi. Göwnaçyk, sada ruslar özleri bilen Nowaýydyr Binaýynyň mirasdarynyň oýnanyny nireden bilsin...

Abdy nollanyň hyýallary uçup, has aňyrlara gitdi.
Şa donuny geýmezden öň şa tagtyna münen Mädaly han kese ýatyp, öňünde dim-dik oturan Hekim han bilen küşt oýnaýardy. Hekim hanyň oýny öňdedi, ruhlary we pilleri amatly orunlarda durdy, perzisi-de gylyjyny ýalaňaçlap, garpyşyga taýyndy...
Şol wagt, Mädaly hanyň uçgun çyksa, ýüregine ot düşjek bolup duran pursaty Hekim han düzedip bolmajak ýalňyşlyk goýberdi. Onuň aty Mädaly hanyň alaçsyz burça dykylan piliniň holtumyna düşdi. Köňli aram tapan Mädaly han Hekim hana gep atdy:
– Meniň adamlarym bir galdyr-basdyrlygyň üstüni açdylar...
– Nähili galdyr-basdyrlyk? – diýip, Hekim han sorady.
– Aýpaşşaňyz bir garyndaş ýigidine hat ýazypdyr, o haty jogaby bilen ele saldylar.
Gözlerinde şeýtanyň ýakan ody alawlap duran Mädaly han enem ýa öweý enem diýäýmän, gaharly äheň bilen “Aýpaşşaňyz” diýip, ony Hekim hana baglady. Öňräk Mädaly han Aýhanpaşşa göz gyzdyryp ýören wagtlary Hekim han: “Ataňa aýdaryn!” diýip, ony ençeme gezek gorkuzypdy. Ynha, indi “Aýpaşşaňyz” diýmesi şondan yşarat. Öň bir göçümi ýalňyş eden ekeni-dä! Indi nätseňem o göçümi yzyna gaýtaryp bolmaýar. Ýalňyş göçümiň soňy hökman zyýanyny görkezäýmeli...
– Haty özünden alypdyrlarmy? – diýip, ynjalykdan gaçan Hekim han howatyrly sorady. Peýdasyz duran bir pyýadany mugtuna atyň öňüne sürdi.
– Ýok, araçy adam bar eken... Ol adamy tutup... – Mädaly han goragsyz goýlan pyýadany perzi bilen urup aldy. – ...janyny jähennem etdiler.
Hekim han ysgyndan gaçyp:
– Kim eken ol? – diýip sorady.
Onuň gowşanyny duýan Mädaly han: “Göç tizräk! Barybir indi takdyryň meniň elimde!” diýýän dek gözlerini güldürip, howlukmaç:
– Muhammet Şarif – diýdi.
Hekim han oňa aljyraňňy garady.
– Gulhanymy?
Mädaly han müň taýpasynyň şiwesinde:
– Utdum! – diýip, oýny duýdansyz tamamlady. – Baryňyz hyýanatkär! Ýeke-ýekeden baryňyzyň ýoguňyza ýanaryn! Şerigat zynagäre nähili temmi berýär? Daşlap öldürmeli...
Soň öz ýaşyna gelişmeýän terzde degirmen daşlarynyň hereketi ýaly agras gülkä tutdurdy...

***

Özüniň soraga äkidilerine garaşa-garaşa, Abdylla daňa golaý uka gitdi. Ne düýş gördi, ne-de basyrgandy. Ir bilen Jurat aksakal: “Turuň!” diýip, gygyryp oýarmadyk bolsa, ýeke bir ertir namazyny däl, öýläni hem kaza etjek eken...
Ukudan oýanyp, ol aňynyň durulygyna haýran galdy. Üç-dört sagat däl-de, uzak gije ýatyp, ukusyny alan ýaly süňňi ýeňildi. Gapdalynda urlup-ýenjilip, ýerinden galmaga mejaly bolmadyk Sadyk Magsymow ýatyrdy. Ýöne beýleki gapdalynda Mübärek ýokdy. Onuň soragly garaýyşyna tatar Rafail: “Mübäregi soraga äkitdiler” diýip jogap berdi.
Abdylla nobat bilen hajat edilýän künjege bardy, yzyndan el-ýüzüni ýuwdy, Hudaýyň özi geçirewersin, täret alyp bilmedi. Soň öz düşegine geçip oturdy. Bu gün kumlakly ýigit Sünnet gelermikä? Entek Abdyllanyň öýüne baryp-gaýtmaga ýetişen däldir. Bazar günleri baraýmasa, hepdäň ortasynda nädip sypynsyn! Ýöne ätiýaçly bolsa, ýagşy. Abdyllanyň öýi gözegçilikde saklanýan bolmagy mümkin. Hudaý tutup, ele bir düşmäýbilsedir! Şu gün gelse, maýyny tapyp: “Bize baraňda eýläňe-beýläňe esewan edip bargyn, iň gowusy-ha goňşymyz Molla Ýusuplara bar-da, biziňkileri şo ýere çagyr” diýse, nähili bolar? Hany, ertirlik getirsinler, görübermeli bolar!
Ýazyjylyk işinde iň bir maýda-çüýde zatlaram derege ýaraýar. Kaşgary aýtmyşlaýyn: “Demriň gyryndysy-da demir”. Abdylla başyndan geçen we geçýän zatlary başga şertlerde, başga döwürde bolan wakalar bilen deňeşdirip gördi. Ýöne ondan näme netije çyksyn?
Muhammet Şarifiň gün aýlanyp, hepde geçip yzyna köwlenmeýşi Aýhanpaşşanyň ynjalygyny gaçyrdy. Ol howatyrly hem gorkuly pikirlere ýesir düşdi. Kellesine ýüz hyýal geldi. Ýöne, hany, derdini paýlaşara syrdaşy barmy? Ýaş günüsi bilen arasy oňatdy, ýürekdeş gürrüň ederdiler. O-da soňky günler sowuklama derdine ýolugyp, düşekli ýatyr.
Şeýhulyslam Magsym hoja hezretleriniň aýaly Aftab hanym Aýhanpaşşa üçin ene ornuny tutupdy. Emma Omar hanyň ölüminden soň Mahlar aýymyň garasöýmezligi zerarlymy ýa ýaş emiriň özdiýenliligi sebäplimi, belli däl, Magsym hoja bilen Aftab hanym dürli bahanalar bilen köşkden çykaryldy. Haremhananyň dili uzyn oral aýallarynyň aýtmagyna görä, olar haja gidipdirler.
Olaryň ogly Hekim han käte bir haremhana gözüni görkezip giderdi, indi onuň hem ýüzünden hemişe gar ýagyp durmuşyn.
Biçäre Aýhanpaşşa haremhanada ýalňyz galdy. Şährihana, jigilerini görmäge-de gidip bilenok. Ýasly, köşkden çykmak bolanok.
Bir gije gaýgyly oýlara çümüp otyrka penjireden biriniň kölegesi geçip giden ýaly bolup göründi. Aýhanpaşşa gorkup tisgindi-de, derrew çorusy Gülsümi çagyrdy:
– Gülsüm, gapa seret, biri geçen ýaly boldy.
Odur-budur işlere güýmenip ýören Gülsüm howlukmaç gapa

gapa çykyp äňetdi. Şo bada hem onuň: “Waý, Alla!” diýen sesi eşidildi. Bir bökende bikesiniň ýanynda häzir boldy.
– Täze hanymyz serhoş, lül bolupdyr...
Aýhanpaşşa çorusyny gapa nähak çykaran borly, Gülsümiň yzy bilen yraň-daraň edip ýaş han girdi.
– Ess... salamu aleýkum... ene jan-n...
Mädaly han wazzyk-wuzzuk edip, aýak üstünde zordan durdy. Serhoş bolsa-da, ol mekirlik bilen öz enesiniň öýüne giren ýaly Aýhanpaşşanyň bosagasyndan arkaýyn ätledi. Aýhanpaşşanyň alkymyna dykylyp, görüşmekçi bolýan deý elini uzatdy. Aýhanpaşşa gorkudanmy ýa aljyradymy, eli bilen Mädaly hanyň başyny sypap, maňlaýyndan öpdi. Ol bolsa, gyllygyny akdyryp, Aýhanpaşşanyň öňünde dyzyna çökdi.
– Ene janym, mähribanym-m... Sensiz ýüregim gysyp gitdi-i...
Mädaly han serhoşluga salyp, öz enesi Mahlar aýyma aýdýan sözlerini Aýhanpaşşa garap aýtdy. Aýhanpaşşa bolsa, muňa näme diýerini bilmän, aljyrady.
– Gülsüm, çaý demle! Ajy bolsun! – diýip, çorusyna buýurdy. Gülsüm çaý goýmak üçin çykyp gidensoň, Mädaly han niýetini mälim edip ugrady:
– Ajy diýme! Seň süýji eliňden süýji çaý içmäge geldim...
– Gülsüm! – diýip, Aýhanpaşşa gorkusyna gygyrdy. Gülsüm “Lepbeý!” diýip girensoň, oňa ýüzlendi:
– Hanymyza hyzmat et! Suw alyp, elini ýuwdur! Ýanyndan aýrylma!
Han ýene “enesiniň köşejigine” öwrüldi:
– Enem jana döneýin, mähribanymdan aýlanaýyn... Enem jana janym gurban... Taňryýalkasyn, keniz... Adyň nämedi seniň? Gülsüm diýdiňmi? Gülsüm... Gül...

Gunçadyr gül deň gelmez dahanyňa, lebiňe,
Gülde şeker pisse ýok, gunçada şirin güftar...

– Neneň gördüň?.. Enem janyň düzeni bu... Enem janyma döneýin! Aýagynyň tozuna gurban!..
Mädaly han süpürgiç bilen el-ýüzüni süpürdi-de, Gülsümi ýuwaşja çümmükläp:
– Bar, Gül, çaýyňy getir! – diýdi.
Gülsüm çäýnegi alyp, daş çykdy. Gözi ýanyp duran Mädaly han bolsa Aýhanpaşşa goşgy okap berdi:

Ah, ýar maňa ýar bolmaz,
Gamy öldir, gamhor bolmaz...

– Muny ýazan enem däl. Atam ýazypdyr saňa... Men muny has oňat gördüm. Siz nähili gördüňiz, mähribanym?
Beýle ýagdaýlar öňem bolýardy, ýöne häzir Aýhanpaşşanyň öňünde oturan kakabaş şazada däldi, eýsem, hanyň özüdi. Öňler beýle ýagdaýlarda Aýhanpaşşa özüni oňaýsyz duýan bolsa, häzir onuň kalbyna galpyldy aralaşdy. Bitakat bolup, ol ýene Gülsümi çagyrdy. Emma sowuk howada çaý wagty bilen gaýnamanlygy üçin çorusy eglenýärdi. Han ýigit bolsa serhoşlygyny bir gapdala aýryp, dowam etdi:

Aşyk men, gizläp nädeýin?
Yşka düşen günäkär bolmaz...

Şol wagt çäýnegini göterip, Gülsüm girdi. Mädaly han ýene serhoşluga saldy.
– Şuş-şu gün ga-gar ýagar diýip, biri kisäme iki sany hat salyp goýupdyr... Ene janymyň, Aýhan enemiň ýazan haty... – diýip, ol içki jübüsinden iki sany dört eplenip, mynçgalanan kagyzy çykardy. Olaryň birini açmaga başlady. Aýhanpaşşa yzyna gaýtarmak şerti bilen Seýit Kasyma ýazan hatyny tanan badyna ýüzi boz-ýaz bolup, tas huşundan gidipdi.
Mädaly han uzadylan çaýdan owurtlap, ýene ýuwaşlyk bilen Gülsümi çümmükledi.

Arz-şikaýatdan ne hajat,
Aý ýüzi meneksiz bolmaz... –

diýip, ýerinden turdy-da, gapa ýöneldi. Gelendäkisi ýaly yraň-daraň etmän, dos-dogry ýöräp, elini salgap, çykyp gitdi. Aýhanpaşşa bolsa, gorkudan ýaňa huk bolup otyrdy...

***

Ýarym sagatdan ruhy taýdan ýepbeklenip, eýi ýetirilen Mübärek geldi. Yzy bilen iki sany rus esgeri üsti çaý-naharly galtak arabany tigirläp getirdi. Abdylla açyk gapynyň aňyrsyna nazar aýlady, emma o ýerde Sünnet görünmedi. “Belki, ertir nobatçydyr!” diýip, ol muny ýagşylyga ýordy.
Ýene täze gün, ýene tagamsyz şurruk çorba. Ýanynda oturan Mübäregiň el-aýagy sandyrap, nahar bilen seri ýok. Özem dodaklaryny çala gymyldadyp, bir zatlar pyşyrdaýar. Abdylla oňa diň saldy.
– ... ýoldaş sülçi... 1933-nji ýylyň tomsunda men Londona gitdim. Haýgeýt diýilýän ýerde “Ähli ýurtlaryň proletarlary birleşiň!” diýen Karl Marksyň ýadygärligini gördüm. Soň Pilip Sosoniý atly bir garyndaşymyň öýüne bardym. Gök Pustir diýilýän ýerde uly bag bar eken. Ady Tirent park. O taýda Çarli Çaplinden başlap, şa aýalyna çenli hemme kişi bar eken. Şeýle bir zyýapat boldy, ýoldaş sülçi...
Mübärek buhara şiwesinde madyrdaýar, şo gün şo bagda eşiden iňlis sözlerinem garyp-gatyp samyrdap ýatyr.
– Pilipiň kakasyna Abdylla Sosoniý diýýärler. Ol bärden Hindistana gidip, ummasyz köp pul gazanypdyr. Iňlisistana baryp, özüne Baronet diýen tituly satyn alypdyr. Onuň hatyrasyna bir kwartalyň adyna baronet diýip goýupdyrlar. Indi, hormatly ýoldaş sülçi, şol zyýapatdan birnäçe gün öň şa aýaly “Siziň gülüňiziň ysy ýok” diýip, habar ýollaýar. Pilip Sosoniý uçaryny Türkiýä ugradýar. O ýerden şeýle bir gül getirýärler, ysy beýhuş edip alyp barýar diýýä... Biziňkiler, ana, şolar ýaly adamlar... Pilip sakalyny syranda hem guýyň suwuna ýuwýar. Dünýäň haýsy künjegine gitse-de, guýy suwundan doldurylan çüýşesi ýanynda. Üýtgeşik, täsin adam ol, ýoldaş sülçi...
Abdylla naharyny iýip boldy-da, okarasyny tabşyrmak üçin aşpez esgerleriň ýanyna gitdi. Gelse, Mübärek ýanynda nanyny çeýnäp oturan Sadyga bir zatlary gürrüň berip otyr. Türmede biriniň gürrüňini diňläp durmak gelşiksiz hasaplanýar. Ýöne Abdylla şunça üns bermejek bolsa-da, Mübäregiň sesi gulagyna gelip dur.
– Meniň ýatkeşligim edil suratçyň ýatkeşligi ýaly, bir gören zadymy ömrylla ýadymdan çykaramok. – Mübärek maňlaýyny tutdy. – Pilip Sosoniý maňa bir dokument görkezdi, onda polkownik Ştoddartyň 31-nji dekabrda çukura taşlananlygy barada maglumat bar eken.
Muny eşidip, Abdylla tisginip gitdi, Mübärege tarap öwrülenini onuň özem bilmedi.
– Hyrat patyşasy Kamron şanyň 1839-njy ýylyň 20-nji awgustynda ýazan haty hem bar eken. O hatda şeýle ýazylypdyr: “Gadyrdan dostum, emir! Bu haty dostlugymyzyň hatyrasyna ýazýaryn. Beýik Britan köp ýagşy memleketdir we musulmanlara hormaty çäksizdir. Bize mälim bolşuna görä, sen taryhda hiç bir patyşanyň etmedik işini edipsiň. Beýik Britan ilçisi polkownik Ştoddarty tussaglyga alypsyň. Haýp! Ony azat et, men araçy bolaryn. Seniň hemişelik dostuň Hyrat patyşasy Kamron...” Dostum Pilip ýat ýurtda öňüme düşüp, maňa polkownik Ştoddartyň hatlaryny görkezdi. Petde-petde. “Men 8-nji iýulda zyndandan azat boldum” diýip ol ýazýar.
Şu ýerde Abdylla uludan dem aldy.
– “Ynan, meni jellabyň eline berdiler. Elime pil berip, özüňe gabyr gaz diýdiler. Menem emir günämi geçdi diýdim. Onsoň emir meni ýanyna çagyryp, saňa goşun bereýin, sen baştutan bolup ber diýdi. Men ylalaşdym”. Ştoddart ýene bir hatynda şeýle ýazypdyr: “Emir Samarkanda gitdi. O ýerde bir hepde bolansoň, Kabulyň iňlisleriň eline geçendigi baradaky myş-myşlary eşidýär. Ýene-de emiriň meni tussaglykda saklany üçin Iňlisistan Buharany hem zabt edip aljakmyş diýen gürrüňler ýaýraýar. Özdiýenli emir hiç kime ynanmaýar we hiç kime maslahat hem salmaýar... Wezir Nurmuhammet bek maňa köp ýagşylyklar etdi...” Ol ýene bäş sany hat ýazypdyr. Iň soňunda şeýle diýipdir: “Ýasawulbaşy hassalady. Men oňa: “Seniň iniň öýünde ýaşasam bolmazmy?” diýip soradym.

l razylyk berdi. Men Aýyň yşygyna onuň inisiniň öýüniň eýwanynda oturyp ýazýaryn. Ýanymda seniň wepaly dostuň Mübärek otyr” diýip ýazypdyr.
Abdylla Mübäregiň soňky sözlerini eşidip, onuň gürrüňine ynanjagyny-ynanmajagyny bilmedi. Mübärek bolsa, ýuwaşja gepläp oturyşyna birdenkä uka gitdi...

***

Gündiz hem iki-ýeke adamy soraga çagyrdylar. Ýöne kameranyň içi gijeki ýaly howsalaly bolmady, gündiz rahatlyk aralaşdy.
Abdyllanyň ýadyna Çolpanyň setirleri düşdi:

Tüm-garaňky gije, çyralar öçdi,
Niredendir uzaklardan, bir ýerden
Böwsüp ümsümligi, kimdir biriniň
Eňreýän, gygyrýan sesi eşdilýär.
Bu nämäniň eňremesi?
Bilmedim.
Gulagyma birgeňsi ses gelip dur.
Belki, jynlar zowladýandyr aýdyma,
Ýa al-arwah çagyrýarmy ýanyna,
Ýa daglarda döwler oýun oýnaýar,
Ýa sährada börüler toý toýlaýar,
Belki, ol gijäniň agyly dady,
Belki-de, gündiziň ahy-perýady?!

Abdylla Çolpanyň goşgularyny aýratyn mähir bilen gowy görýärdi. Eger ýaşlygyndan şahyryň ykbalyny saýlap, goşga berlen bolsa, hut Çolpanyň goşgulary ýaly şygyrlary dörederdi... Bu Çolpanyň derejesinde ýazar diýildigi däl. Çolpanyň goşgulary onuň ýüregine ýakyn. O goşgularda Abdylla özüni görýär. Hamana, Çolpan Abdyllanyň kalbyndaky aýtsam diýip duran sözlerini okap oturan ýaly...
Abdylla bu ahwaly “Nätanyş tanyşlyk” diýip atlandyrdy. Aslynda onuň özem kyssa ýazan mahaly “Nätanyş tanyş” dünýäni beýan edýär, ýat ahwallaryň jümmüşine çümüp, olaryň syryny çözleýär.
Abdylla öz döwürdeşleriniň içinde kimdir birinden bir zatlar öwrenen bolsa, ol şübhesiz Çolpandan öwrenendir. Diňe bir “Gije we gündizdäki” kompozision kapyýalaryň özi-de dünýä ähmiýetli açyş dälmi näme? Hadysalary we häsiýetleri özara sazlaşdyrmagy özbek edebiýatyna Çolpan girizdi. Mirýakubyň sorag edilişi, Zebiniň ruslar tarapyndan yzarlanylyşy, Zunnunyň Naýyp töräniň aýaly bilen söýgüsi, Hatyja bilen Hekim janyň aşyk-magşuklygy, Akbaraly müňbaşynyň Ýarime wepadarlygy, Ýarimiň patyşa tarapyndan Türküstana sürgün edilmegi... Haýsy birini sanajak?
Onsoňam Çolpan zamanabap ýazýar. Usul, tär täzeçilliklerinden çekinip duranok. O zatlary Abdylla-da oňat bilýär, ýöne “Okyjylar düşünermikä?” diýen sowal onuň synyndan çekýär. Dogrusy, Abdylla “Abid kätmen” romanynda täzeçe tärleri ulanyp görüpdi. Emma eserinden göwni suw içmändi.
Nesip bolsa, bu ýerden sag-aman çykansoň, Aýhanpaşşa baradaky kyssasyny ýazyp gutaryp, häzirki döwürden bir romana başlar. Belki, türmede gören-eşidenlerini beýan eder? Jurat aksakal, Mübärek jöhit, molla Şybyrgany, tatar Rafail, rus Winokurow, özbek Sünnet... barada ýazar. Özi hakynda, öz oý-hyýallary, arzuw-armany hakynda bolşy-bolşy ýaly edip ýazar!.. Mübärek 31-nji dekabrda zyndana taşlanan Ştoddartyň azatlyga çykan senesini aýdypdy. 8-nji iýulda diýdimi? Bolýar, Alla ýol berse, Abdylla 8-nji iýulda azatlyga çyksyn bakaly!..
Bu pikirlerden ruhy sähelçe galkynan Abdylla ýerinden turdy-da, bir özi burça gysylyp oturan eýranlynyň ýanyna bardy. Saglyk-amanlyk soraşdy. Çök düşüp, kitaby dilde parsçalap, habar gatdy:
– Senden bir zat sorasam bolarmy?
– Baş üstüne! – diýip, eýranly jogap berdi.
Abdylla özüni tanyşdyrdy:
– Men ýazyjy.
– Düýn bildim ýazyjydygyňyzy – diýip, gürrüňdeşi ýylgyrdy.
– Taryhy wakalar bilen bagly bir kitap ýazýan. Geçen asyrda Abdusamat topçy diýen bir eýranly Buhara gelipdir. Şol adam barada eşiden zadyň barmy?
– Hawa – diýip, eýranly birdenkä janlandy. – Käbir zatlary bilýän. Ol adam Azerbaýjanda Fataly hanyň mirasdüşer ogly Abbas Mürzäniň gullugynda bolan. Türki dili şo ýerde öwrenipdir. Abdusamat Abbas Mürzäniň hyzmatyndan gaçyp gaýdyp, özüni Hindistana atýar. O ýerde iňlislere hyzmat edýär, olardan harby bilim öwrenýär.
Abdylla eýranlynyň diline zordan düşünýärdi. Onuň sozup-süýndürip haýal gürrüň bermegi bir tarapdan Abdyllanyň kejebesini daraltsa, beýleki tarapdan sözlere düşünmäge peýdalydy.
– Abdusamat Hindistandan hem gaçyp gaýdýar. Kabula gelip, Dostmuhammet şanyň hyzmatynda durýar. Dostmuhammet oňa ynam bildirip, serbazlary we topçulary taýýarlamagy tabşyrýar. Abdusamat az wagtyň içinde serbazlara tälim berip, tophanany tertibe salýar. Soňra Dostmuhammet bilen Şahy Jahana garşy ýöriş edende hana haýynlyk edip, ýene gaçýar. Aýlanyp-aýlanyp, ol Buhara gelýär. Diwanbegiň kerwensaraýynda düşleýär. Şo wagt Hekim guşbeginiň işden boşadylan döwri eken. Onuň ýerine Rahmanberdi mahzum atly türkmen bellenýär. Ana, şo adam Abdusamat topçynyň halyndan habar alyp, o barada emir Nasrulla hana aýdýar. Emir Abdusamada hoşamaýlyk edýär, serbazlara we topçulara baştutan belleýär. Abdusamat bu ýerde-de tiz wagtyň içinde özüni aldyrmagy başarýar. Buharanyň söweşe ýaramly erkek göbeklisiniň hemmesini serbazlyga alýar. Şeýdip, müňlerçe serbazly, toply-tophanaly kuwwatly goşun jemleýär...
Ana, şo döwürde-de iňlis jansyzy Ştoddart Buhara gelýär...
Abdylla gürrüňdeşiniň soňky jümlesini içinden gaýtalady-da, iňkise gitdi. Megerem, bu eýranly Mübäregiň hekaýatlaryny başdan-aýaga diňläp, düşünen bolsa gerek. Diýmek, türki dili bilýän bolmaly...
– Sen türki dilde gepleşip bilýäňmi? – diýip, Abdylla sorady.
– Azak-tenek düşünýän, kem-käs gepleşibem bilýän...
– Bagyşla, adyňy soramandyryn!
– Aly Abbas Kazwini.
– A men Abdylla.
– Gaty gowy! – diýip, Aly Abbas baş egip, tagzym kyldy.
– Aram-aram gepleşer durarys...
– Nesip bolsa!
Abdylla ýerinden turdy.
Bölümler: Romanlar | Görülen: 33 | Mowzugy paýlaşan: Nurdаn | Teg: Hamid Ismoilow, Kakamyrat Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 15:33, 07.11.2024
Abdyllanyň çagyrylmagyna garaşýan.
näme günä ýöňkelerkä?
avatar

Старая форма входа
Total users: 203