22:20 “A men seň toýuňda çabga guýdyryn...” | |
A men seň toýuňda çabga guýdyryn! Dünýänem, özümem ezerin gussa. Adamlar Burkuda gargabersinler, Men — zalym, hiç kime gulak hem asma:n, “Guý!” diýsem, “Hoş” diýer dertdeşim Asman. Pälimden gaýtmadym, diýenim boldy, Toýam dowam edip bilmedi oňly: Ezildi gelinleň täze öýmesi; Öçdi toýdan iren bagşynyň sesi; Myhmanlar ör turdy saçak başyndan; Hiç kimse datmady toýuň aşyndan (Dogrusy, söýgimiň düşek aşyndan); Kim çüýşäni, kim jüýjäni goltuklap, Siňdiler çyrasyz obaň goltugna; “Nädýäň-aý sen” diýýän ýaly, hamana, Dostlarym ýaňsyly bakdylar maňa; Wah, şonda ezildi gelin köýnegiň… Arman, dünýäň süňňi myžžyk bolsa-da, Öçmedi ýürekde ýanyp-köýmegim. Hiç kömek etmedi Nuhuň tupany. Şol ýigit mähirden gurdy-da gämi, Ararat dagyna ýüzdi-de gitdi, Dünýämi tupana dözdi-de gitdi. Şonda-da emgenme, guýuber, çabga, Saçymdan, ýüzümden syrygyp dur suw. Hiç kim aňmaz ýaly — gözýaşmy, damja, Guý, ýene-de guý! ©Baýram AKATOW | |
|
Ähli teswirler: 8 | |
| |