10:39 Açar | |
Höwes galmady gursakda, Hyjuwym terk etdi birçak. Göwnümde — aglaýan çaga, Düýşümde — tow berlen gurjak. Näme aňladýanyn bilmen, Aňymda bir geň sesler bar. Ýollarmyň aýdymyn diňle, Sen ýok bolsaň, meňzeşleň bar... Kebelek gaçdy içime, Reňkli däl, gyryk — ganaty. Diýenetmezek “geçi” men — Leglegiň paýlan çagasy. Zeminden göge ýol ýasap, Aýy getiresim gelýär. Sowuk kalbym üçin Güne Elim ýetiresim gelýär. Ömür ýolun geçebilmen Ökjeli köwüşim bilen. Men — düşünerden has uly, Söýgini söýüşen biler. Ýüzmek isleýärin, emma Suwdan gorkýan öler ýaly. Ýogsa tapardymam hökman Buratinonyň açaryn Uçmak isleýärin, emma (Bilýän öňüm gören ýaly) Asmandan suwa gaçaryn. © Uzuk NOWRUZOWA | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |