Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:22
Adymy sen goýmansyñ...

ADYMY SEN GOÝMANSYŇ

Kakama ugratmadyk hatlarymdan

Bugaç ýaly öküz ýykyp gazanmasamam, adyma Mukam goýupdyrlar. Özem ony sen goýmansyň, kaka. Ýöne adyma mynasyp bolmagy sen öwredipdiň. Döredijilik dünýäsine aralaşanymda-da: «Ýazýan zatlaryňam edil adyň ýaly bolsun!» diýipdiň...
Heniz ýedinji synpda okaýarkam goşgularym bilen gyzyklanan metbugat habarçysynyň: «Üýtgeşik adyň bar, jigim. Adyňy kim dakdy?» – diýen sowalyna näler «Kakam!» diýip jogap beresim gelipdi... Ýöne adymy size-de, atama-da ýetirmän, diýseň höwes edip, Sahypjemal ekemiň dakanyny bilýän-dä. Ýöne şonda näme üçindir öz adymy seniň dakmagyňy isläpdim. Belki-de dakan adyňy özüme berlen ak pata hökmünde duýasym gelendir?! Bilemok. Bilýänim – adymy sen goýmansyň, kaka...
Ýazýan zatlarymda köp nokat goýmagy endik edinip barýanymy özümem duýýan. Belki aýtjak zatlarymyň kändigindendir, wagtymyň azlygyndan, çygrymyň darlygyndandyr ol. Belki-de, köp nokatlar ýazanlarymyň ýaňydyr? Mukamyň ýaňydyr. Şeýledir... Şu pursat döredijilige başlan günüm ýadyma düşýär. Agamyň ýazýan goşgularyna syn berip oturşyňa: «Näme üçin senem ýazaňok, ýazaýyn diýseň başarýaň-a» diýipdiň. Şonda (çaga-da!) seniň sözüňi ýykmajak bolup, beýleki otaga ýelk ýasapdym. Pikirlenip, pikirlenip, hiç zat ýazyp bilmämsoňam, «Ene dili» kitabymdan üç bent goşgyny kagyza göçürägede, ýyljyraklap, yzyma gelipdim:
– Ýazdym!
– Tüweleme! Oka!
Goşgynyň bir bendini okasam okandyryn, yzyny özüň ýatdan aýdyp beripdiň. Mugallym-da! Ýöne käýemediň. Diňe, iňňän sypaýylyk bilen: «Adyňa gelşenog-a, oglum!» diýipdiň. Şonda käýän bolsaň, gowy bolardy diýmäýin, ýeňlärdim. Ýöne şol sözüň welin, meni bir demde wyjdan aýnasynyň öňünde häzir edipdi. Wyjdan aýnasynda ýaňy mekdebe baran sadaja oglanjygy synlap, onuň şygyr ýazyp biljekdigine, öz adyny gorap başarjakdygyna ynanmandym. Ýöne adyma mynasyp bolmak duýgusy maňa dogum beripdi. Özem ol duýgy meni, näme üçindir, aýdym-saza däl-de, goşga tarap çekipdi. Şondan soň, çagalaç hem bolsa, aşagyna adym ýazylgy «Meniň eziz ülkämde» atly ilkinji goşgym döräpdi.
Döredijilik dünýäsine siňdim-de gitdim, şeýdip. Aşagyna adym goýlan goşgular bolsa günsaýyn, hawa, günsaýyn köpeliberdi. Bognuň-kapyýaň saz bolsa, mantygy düzüw bolsa, çaga üçin aňrybaş goşgy hasaplanýardy-da. Ýöne ýyl geçdikçe goşgularyň hatary seýrekläp, aralary açylyp ugrady. Soňabaka ýylda bir goşgy ýazylýan döwrem geldi. Sebäbi goşgularymyň aşagyna adymy goýulýardy, kaka. Seniň dakmadyk adyň. Ýöne familiýany welin sen beripdiň. Şonuň üçin ony adymdan ileri tutup başladym.
Ylham böwşeňligine uçrap, ýazgylarym ugrugybermände, galam kürtdürip ugranda heniz tamamlanmadyk eseriň aşagyna seniň dakmadyk adyň bilen seniň beren familiýaňy goýmagy endik edindim. Deň-duşlarym muny geň görselerem, men-menlik hasaplasalaram, şeýtsem, jogapkärçiligi duýşum artardy, öz öňümde goýýan talabym güýçlenerdi, kaka... Hamala, ýazýan zadyma sen seredip duran ýaly bolýardyň. Seniň seredýän zadyň bolsa hökman gowy bolmalydy. Hawa, gowy bolaýmalydy...
Metbugatda-zatda goşgularym çap bolanda, ýene-de öz adymda gözümiň eglenenini duýman galýaryn, kaka. Iller halasa-da, seniň dakmanyň üçin şol adyň bir zady egsik ýaly-da maňa. Ýene-de soraglar, «belkiler» öz holtumyna dolap alaýýar: belki men saňa meňzemek isländirin? Belki-de men hut seniň adyňy gowy görýändirin, şonuň üçinem adymy seniň goýmagyňy isländirin, hä? Her niçik, men öz oglumyň adyny (elbetde, siziň rugsadyňyz bilen) özüm dakdym: Halyl! «Goý, bu at meniň ogluma beren ak patam bolsun! Goý, ol adyna eýe bolsun, ýürekdeş dost bolsun!..» diýip arzuw etdim.
Hawa, adymy sen goýmansyň, kaka. Ýöne adyma mynasyp bolmagymy hemişe sen ündärdiň. Bu gün saňa şeýle sorag bilen ýüzlenesim gelýär, kaka: «Men öz adyma mynasypmy?!.». Jogabyňa garaşýan. Oňa çenli bolsa ýene-de seniň dakmadyk adyň bilen seniň beren familiýaňy bu hatyň aşagyna ýanma-ýan goýmaly bolýan:

© Mukam MUHAMOW
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 222 | Mowzugy paýlaşan: Awtor | Teg: Mukam Muhamow | Рейтинг: 3.7/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Мango • 00:44, 30.12.2023
Sebäbi goşgularymyň aşagyna adymy adym goýulýardy, kaka.

---
ýaman agyr-aý bir gün ullakanja bolan çagaň öňüňe geçip pretenziýa etse, tapawudy ýok:
- adymy sen dakmansyň
- dakan adyňy halamok
- meni okatmansyň
- maňa jaý alyp bermediň
- daşary ýurtda okajakdym
- halanymy alyp bermediňiz
- men doktor boljak däldim
- bizi taşlap gitdiň
- ????

umuman, Mukamyň bu ýazgysy bir hili men-de (kakada) allergiýa döretjek boldy.
avatar
0
2 Küle • 05:01, 30.12.2023
Täsirli.
Kaka köpüräk ýüzlenilen ýaly. Şeýtmeseň has täsirli boljak ýaly.
Bakyş nokadymyz dürli bolup biler...
avatar
0
3 Kyyas • 19:09, 30.12.2023
Birhilije göwnümdäki tupany turuzan ýaly edýä-de öz içimden uly oglumyņ ady Mukam goýdum welin näme üçin Mukam goýdun diýäýjek ýaly bolup dur...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203