16:10 Aglamaýynmy? (hekaýa) | |
AGLAMAÝYNMY? (hekaýa) “Edýän gürrüňimizden roman ýazybermeli welin, arman ikimizem ýazyjy däl-dä.” “Belki biri ýazar!” Iki dostdan eşiden iň soňky iki sözlemim. *** Herkimiň özüne mahsus gülüşi bolýar. Aglan wagty welin hemme kişi deň. Goý, begenjiňden aglaýanam bolsaň. Inligine uzyn basgançagyň üstünde sakgalsapyna çal çalynan ýigit gözüni dym-gyzyl edip aglap otyr. Tirsekleri dyzlaryna direlgi. Sag ýumrygyny çep aýasynyň içine mäkäm dykypdyr. Birdenkä bir zady uraýmaýyn diýip tussag eden misilli. Käte goşarynyň iç ýüzi bilen gözýaşyny süpürýär. Basgançak özüne daman her damja gözýaşy şol bada guradyp taşlaýar. Sementden moçalka ýaly. Emma arasynda, agysyna gaharyň gyryndysy garyşan pursaty tüýkürýär welin köpürjigi bilen saklaýar. Kemteresinden ýaýradanogam. Ýürekdeş, kä ýerde ýürekdaş dosty elini egnine goýdy: −Gardaş, näme hapa bolup otyrsyň? −Gaýtam, arassa bolýan. Aglasaň ýüregiň ýeňleýär. −Maksadyň ýüregiňi ýeňletmek bolsa aglamagyň ýasama. −Ýüregiň çydaman aglanýar, şuňa düşünmez ýaly näme bar? −Janyňy ýakma hiç zada, hökman ýakasym gelýär diýseň janyňa hoş ýaksyn. −Eý, bolýa-la, goşgy okap geleniňi bildirjek bolma. −Hawa, hökman soradasyň gelýär hä? Ýeri, näme üçin aglaýaň? Gündüzligine garamazdan birden bütin älem tümlüge çümdi. Çakdanaşa zulmat. Garaňkylyk− adamyň düşünmeýän ähli zady. Reňkler gidenem bolsa kanal gözledilýän radio ýaly jazyrt-juzurt edip ses gelip başlady, ahyry durlandy. Ekrany garalyp, diňe ses gelip duran telewizora meňzeýär. −Biz ýaman hallyň-sallyň. Köp okamaly, köp ýazmaly. Mekdeplerde çagalar orsça, türkçe gürleşýäler. Şu meň böwrümde yza bolup dur. −Oh-ho, senä bärden urduň. −Iň bärkisi seret, şundan mysal alaý. Çöregmizi düýe ýüň saçaga dolaman, pakeda dykyşdyryp ýörüs. Öňler saçagy usullyk bilen eplärdik. Ykjam bolmasa açyp täzeden eplärdik. Görýäňmi, biz nähili uşap barýas. −Belkem artykmaç dabaralarmyzy ýonýandyrys? −Şeýdip içimi ýakmaň bar-da. Mesele kän, haýsy birini ýetişjek. Düýn bir aýdym diňledim, sözlerini gulakly bolup diňlär ýaly däl. Sungatçylar dagyn halkyň çorba çykarlygy bolmal-a! Hiç diýeli, şahyrlara, ýazyjylara näme diýjek. −Näme diýjek? −Aýdymçylar-a söýdüm-köýdümde. Şahyrlaram öýmeli gördüm, duşup bilmedim. Birini çyndan söýenem däldir häzir görseň welin, alyjysy kän diýip ýazýandyrlar. Iki-üç sany ýazdyň, taň etdiň, bolýar şol. Ýanan söýügleriniň tüssesi bilen dem alar ýaly etmediler. Saman bilen tezegi garyp ýakan ýaly. −Eý, aýtma, tüsse bir ajaýaraý şonda. Saman derrew tutaşyp sönýär, tezegem ýanyp ýetişenok. −Ýazyjylara näme gerek diýsene? Sesi şu ýerde ýognap başlady. Belki agysy kiparlaýany üçindir. Garaňkylykdan ýaňa görünmese hem arasynda tisginip-titreýäni bildirýärdi. Bu ikisine bolsa garaňkylyk bildirmedik bolarly, howatyrlanma, üýtgeşiklige geňirgenme, hiç zat ýok. −Ýazyjylaram göbekden aşakda gezişip ýörler. Gyzyň endamy olar üçin simwol. Şu tema degişli müň dürli ähtimallygyň haýsysyny aýtsaňam uýlugyň töwerekleri bir hili lezzetli gurşup, tok degen ýaly bolup gidýär. Galamlarynyň hüýi şeýle bolaýmasa! −Dünýä edebiýatynda ýokmy? “Anna Karenina”, “Madam Bawary” näme? −“Anna Karenina” şony aýdýarmy? Bilgeşleýin soraýaň-maý? Ýoldaşymyň elinde esgi boljak däl diýip dek gezmedikleň iň soňunda hajathana kagyzyna öwrülýändigini aýdýar. −Bolýa how, ýürek ýargynç mysal bermek gerek däl. Onda, biziňkiler şol 7 watlyk toguň badyna ýazyp ýörlermi ýa? −Ýazaý diýýäňmi 200-300 watlyk temalar. Transformator ellän ýaly temalary agzajagam däl. Nijeme tema ýetim tokly ýaly zarynlap ýör. Işlemeli, işlemeli. Ýatyrkaňam kelläňde zawot işläp duran ýaly bolsa-da. − “Göz ýumulmak bilen köňül ýatmaz hiç.” − Hawa, “Ol ýigitler görde ýagşy, başy gowgaly bolmasa”. Biz näme diýsene, gürji güjük ýaly... Ses gelse bolýar diýip bir mydar oňuşdyk. Indi, sesem ýitdi. Dym-dyrslyk. Durşy bilen gulaga öwrüleňde hem ýeke nota eşitjek gümanyň ýok. − Jazyrt-jyzyrt, şuuuu, şşşş... Ses geljek ýaly edip ýene gelmedi. Yzyny welin ýaman bilesim gelýärdi. Gürji güjük diýip näme aýtjak bolduka? − Gorky bilen gaýratyň arasynda jöw-jöw eden bolýas. Durmuşyň ýekeje şelpeli şapbadyny iýýäsem welin sümmeýäs. Gyýak dişiňi şat-şat edip dalap alsaň-da tutan işiňi. − Aý, ýöwselleýäs-dä, ynam gerek. −Näme üçin ýöwsel bilýäňmi? Bizden öňdäki nesiliň günäsi. Umydymyza suw berenoklar, ýolumyzdaky ýandaklary, haşal meseleleri çapjak bolanoklar. Diňe maslahat berýäler. Öwüt-nesihatdan üstümizi gömýäler. Onsoň hyjuw galjakmy? −Türkmen aga söweş gidip durka atdan agsa, öljegine hem gözi ýetse, gamasyny çykaryp atynyň topugyndan dilip göýberýän eken. Atyma duşman münse iki gezek öldügim bolar diýip. −Hälden bäri nädip suratlandyrjagymy bilmän durdum. Umydymyzyň topugyny kesýäler. Özleri bilen bizem öldürýäler. −Öz ýanyňdan meçew alyp oturmasana, bilip edýän däldirler. −Wah, şony bilip etseler bolmajakmy. Şonda göreşmek aňsat bolardy. −Çagakam çopançylyk edýän wagtym Baýram aga diýip bir goja çopan aýdardy: “Mal sürüsiniň ýüzi ýedi ýylda täzelener, adamyňky kyrk ýylda” diýip. −Şol kyrk ýylyň soňky 10-15 ýylyna gabat gelseňem gaçara-kowara wagt bar welin elhepus, göni birinji ýylynda dogulypdyrys. Bäh, kyrka çenli garaşmaly bolarmykak?! −Garaşman, bökersiňem! Gelejekdäki bir sahna gözi düşen ýaly uzaklara tiňkesini dikdi. Dosty gözüniň alnynda elini galgatdy. Ürkmedem. Belki kyrk ýaşyndan soňky umytsyz sömp-sömp edip ýörenine gözi düşendir. “Kyrkdan soň dutar öwrenip” diýendir belkem. −Biziň neslimiziňem ýüzüni ýuwmaly däl. Hezreti Alydan mysal baryny getirse-de elinde bir kitap görmersiň. Hezreti Omardan agyz dolduryp tymsallar aýdar, adam taňrylydyr, adalatyň a harpyna şermende. −Meň geň görýän ýerim, ogluňa Seljuk, Osman dakaňda näme diýýän? Her gün telewizoryň öňünde çäşerip ýatjak bolsaň. Burnuň aşagyna dykyp bileniňi dykyp, pankreatin gözläp ýörseň. Seljuklyň owuntygyny, gyýçagyny çöpläýmeseň. −Taryhym diýip kükregiňe güt-güt edip urmak näme gerek? Şol “güt-güt” kükregiň iç ýüzünde urýan bolanlygynda beýdip gaýşarylyp ýörmezdiler. Utanjyndan aglardylar. −Togrul beg birden direlip geläýse, biziň türkmenligimize, musulmanlygymyza ynandyryp bolmaz. “Biziň asyrymyzda türkmenleň demi daş ýarýardy” diýse oturarsyň ýüzüňi ýere süýkäp, heniz döremedik aýdyma hiňlenersiň-dä bilmediklige salyp. −Biz Togrul begiň eden işlerinem etjek bolamzok. Togrul bege mynasybam boljak bolamzok. Togrul begiň hut özi bolasymyz gelýär. Höküm sürmeli, hanlyk, beglik etmeli. Hyzmatçylar öňüňde elewreşip ýörmeli. Bir aýnaň öňüne geçip ilki bilen özümizi tanamaly halymyza, iki sany aýna bilen başagaý bolup ýeňsämizi görjek bolýas. −Boldy et indi! Beýnimiň ýüregi bulanýar. −Meňem ýüregimiň kellesi agyrýar. Birdenem gidenler gaýdyp geldi, sesem, reňklerem. Töwerek-daş ýagtylyp gitdi. Ýagtylyk bir gowy zat. Ses, reňk ýok pursatlary nädip bilýänimi soraýan bolsaňyz aýdyp bilmen. Hälki aglap oturan pessaýja aýdyma hiňlenýär: −Sadagaň bolaýyn wah, dostumjan, Derdim güýçli bolsa, aglamaýynmy? Dosty hem bir basgançak ýokaryň çykypdyr-da iki ýana zowzuldap ýör. Sag elini sapança ýaly dostuna tarap çenedi-de janygyp başlady: −Sen ejizleýäň köşek, bolmasa igenip-yňňyldap oturmazdyň. Umytly bolmaly. Şikaýat etmek ejizleriň aýdymy. −Edýän gürrüňimizden roman ýazybermeli welin, arman ikimizem ýazyjy däl-dä. − Belki biri ýazar! Ýaňy näme goşgy okadym diýsene: Agasyraýana aglap diýmeli. Perwaýsyza perwana bolup aýtmaly. Dirikä jany ýoga, Janygyp düşündirmeli, © Musa ÝUSUP 21.08.2023 | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |