12:18 Agşamky ylgawlar | |
AGŞAMKY YLGAWLAR Köçeden gidip barýarkalar, aýdara dagy zat bolmansoň, aýaly oňa: ― Miroslaw, sen näme, haçan görseň küýkerilip ýörsüň-le? Özüňem öň sport bilen meşgullanypsyň ― diýdi. Ol jogap bermän eginlerini göneltdi, soňam öz pikirine gümra boldy. Bir gezek onuň işleýän bölüminde hem uzyn boýlulyk hakda gürrüň gitdi. Miroslawyň boýunyň 181 santimetrdigine asyl ynanan bolmady. Onuň köwüşini çykartdylar-da, arkasyny yşgaba diräp, gazetiň üstünde dik duruzdylar. Nusgalaýjy bolup işleýän Lena onuň süýr depesiniň gabat deňini diwarda dyrnaçaklap belledi. Ol ölçeg alýarka, Miroslawyň saçynyň birnäçe gylynam atdanlykda ýoldy. Miroslaw köwşüniň bagjygyny daňyp durka, alnan ölçegi her kim edara çyzgyjy bilen telim sapar ölçedi. Onuň boýy 180 santimetr 6 millimetr çykdy. Muňa hemmeler geň galdy. Miroslaw bolsa dört millimetriň ýitenine az-kem gynandy. Çaky ol göwresini doly göneldip bilmedik bolarly. Ol mazaly ölçerip-dökensoň, küýkerilýäniniň sebäbinem bildi. Öýlerinde, aşhanada mydama geýim-gejim serilýärdi, şoň üçinem ýüpüň aşagyndan eglip geçmeli bolýardy. Asyl Miroslaw geýim ýokka hem kellesini egnine ýygryp ýörmäge endik eden bolsa nätjek. Birmahallar ol dogrudanam türgendi, uzak aralyklara ylgardy. Bir gezeg-ä ol birinji derejäniň kadalaryny tas ýerine ýetiripdi. Bu birmahal, gulluga gitmänkä, sallah döwri bolupdy. O döwürden diňe döşüne «D» harpy ýazylan örme jempiri galypdyr. Beýleki geýim-gejimleriň ýiteni ýitipdir, tozany tozupdyr ýa-da öň ýoň edilip geýlen bolsa-da indi modadan çykypdyr. Jempiriňem tirsekleri sozulyp gidipdir, şonuň üçin aýaly ony söküp, ýüplüginden öýdäkileň hersine bir jorap örüp bermegiň kül-külüne hem düşdi. Ýöne Miroslaw öz diýenini tutup, jempiri bermedi. ― Miroslaw, sen näme, haçan görseň küýkerilip ýörsüň-le? Özüňem öň sport bilen meşgullanypsyň ― diýip, aýaly alabahar agşamy «Älem» kinoteatryndan öýlerine gelýärkäler ýene şol gürrüňini gaýtalady. Şonda Miroslaw garaşylmadyk ýerden: ― Indi men ertir irden ylgamaga başlajak. Özümem her gün säher bilen ylgaryn ― diýdi. Aýaly onuň aýdanlaryny eşitmedi: ― Hazan urmuş trolleýbuslar-a sered-ä, «dokuzlyklaryň» ikisi yzly-yzyna geçip gitdi. Otur indi, garaş-da. Ir säher bilen ylgamak hiç başa barmady. Öýde ilki bilen ýanýoldaşynyň özünden uly aýal dogany turýardy. Ol gap-çanagy şakyrdadyşdyrýardy, ýa bolmasa geýim-gejim serýärdi. Özem «Ir turanyňa görä, süýt almaga git. Ýöne men gidip ýörmeli, näme men siziň stýuardessaňyzmy näme» diýip hüňürdeýärdi. Nätjek, ol özüne bu owadan käri saýlap almandyr. Onsoň, ol agşamlaryna ylgamagy ýüregine düwdi. Sagat onuň ýary bolup, her kim telewizoryň öňünde jaýlaşar welin, Miroslawam köneje örme jempirini, täze sport aýakgabyny, trikotaž jalbaryny, gyzynyň örme papajygyny geýýärdi. Hysyrdanyp, dälizde biraz güýmener. Birinji gün aýaly «Niräk barýaň?» diýip, yzyndan gygyrdy. Ol yzyna dolanmaly boldy. Ýöne keýwanysynyň aýal dogany «Goý gitsin. Şu mysalasy bilen uzaga ylgamaz» diýip, parahat seslendi. Miroslaw bu geçen ýyllaryň içinde özüni gaty goýberenine, ylgap başlandan düşündi. Ol ylgaw mahaly, ylmy dilde aýdylyşy ýaly, togtaýyş nokadynyň gelýändigini bilýärdi. Türgen togtaýyş nokadyna baranda kenara çykarylan balyk ýaly dem almasy kynlaşýar. Şonda sabyr etmelidigini, çydamalydygyny, onsoň ýuwaş-ýuwaşdan ýagdaýyň gowulaşyp, dem alyşyň kadalaşyp başlaýandygyny hem bilýärdi. Ýöne häzir tutuşlygyna togtaýyş nokadydy, has dogrusy köp nokatly togtaýyşdy. Togtaýyş nokady göni birinji ädimden başlaýardy. Onuň üstesine ýüzüňi ýalap barýan sowuk şemalam azar ýamanyny berýärdi. Ýüzi üşäp doňup barýardy, gözündenem boýur-boýur ýaş dökülýärdi. Miroslaw ýaňagyndan syrygyp akýan ýaşlary ýumrugy bilen syldy, ýogsa adamlar görse aglaýandyr öýtmegem ahmal. Bir ýetmeýäni-hä şoldy. Jaýlarynyň öňüne gelip, elýaglygy bilen ýaňaklaryny mazaly süpürişdirdi, sümgürindi. Soňra goňşularyna duşmajak bolup, çaltlyk bilen üçünji gata galdy hem-de bedeniniň sähelçe bolsa-da gowulyga özgerenine begendi. Aýaklary bir hepde agyrdy. Miroslaw işde oturan ýerinden bu agyryny hasam gowy duýmak üçin aýagynyň damarlaryny dartdyrýardy. Bu agyryaýagynyň hemişe ýeňil gopjakdygynyň buşlukçysydy. Martyň aýaklarynda şemal gowşaşyp, howa maýlady. Indi gözi kän bir ýaşaryp duranokdy, ylgawyň depgini hem güýjäpdi. Miroslaw sagat tutup, bazara on minutda arkaýyn ylgap barýandygyny anyklady. Ol özüniň türgenligini birnäçe gezek hojalyk işleri üçin hem ulandy, bazara kartoşka satyn almaga ylgady. Ýöne şeýle-de bolsa, aprel aýynda ýoluny üýtgetdi. Miroslaw ýarym sagatda töwerekdäki gözüne ýakymly, oglanlyk döwründen bäri söýýän ýerlerine emgenmän ylgap çykýardy. Ynha, şu awtobuslaryň ahyrky duralgasynda köçeleriniň oglanlary bolup ýygnanyşardylar-da, daça alma ýygmaga giderdiler. Almalary getiribem howludaky tennis stolunyň üstüne dökerdiler-de, gyzlary hezzetlärdiler. Han-ha onuň ozalky ýaşan howlusy. Miroslaw onuň deňesinde aýak urşuny haýalladýardy, jaýyň gapdalky balahanasyna, ýangyn basgançagyna serederdi. Bir gezek açaryny ýitirip, öýüne şondan dyrmaşyp giripdi. Miroslawyň ejesi pahyr onuň bu eden betligini bilmän dünýäden ötdi gitdi. Ylgap barýarka ol howludan henizem hemişeki tanyş yslaryň burnuna urýandygyna geň galdy. Garažyň ýanyndan maşyn tüssesiniň, ýerzeminden bolsa zeýiň ysy gelýärdi. Ine, onsoňam şu kalbyňy gopurýan örän tanyş ys, ol nireden gelýär-kä? Hä-ä, zir-zibil taşlanýan urnanyň aňyrsynda geçen ýyldan bäri baslygyp ýatan agaç ýapraklaryny, gyşdan galan beýleki hapa-hupalary ýakypdyrlar. Olaryň arasynda şol ozalky tennis stolunyň çüýrän agaçlarynyňam bar bolmagy ahmal. Miroslaw aňyrlygyna ylgady, nusgalaýjy Lenanyň işde, adamyň beden agzalarynyň ― bedeniň ýumry etleriniň, derisiniň, ýüreginiň, hatda gözüniňem ähli öýjükleriniň her ýedi ýyldan doly täzelenýändigi hakynda hemmelere gürrüň berýändigini ýatlady. Ýedi ýyl geçýä ― öňki adam täze adam bolýa diýseňem boljak. Jansyz zatlaňam öýjükleri täzelenýän bolsa gerek. Köne howlynyň bir görseň öňki ýaly, bir görseňem öňki däl ýalydygy şoň üçindir, belkem. Miroslaw Lew Tolstoýyň ýadygärliginiň gapdalyndan ylgap geçdi. Lew Tolstoý henizem giňden ädimläp, nirädir bir ýaňa şol gidip barýardy, gidip barýardy. Mekdebiň ýanyndanam geçip gitdi. Ýedinji synpda okaýar-ka, sekizinji synpdan Rita Şiýanowanyň tans mahaly elinden tutuşyny ýatlady. Olam ony okuw müdirine aýdypdy. Ylgap barýarkaň hemme zat edil dek düýn bolan ýaly hakydaňa gelip dur. Gaty täsin.Rita Şiýanowa häzir olaryň taslama edarasynda pulhanaçy bolup işleýär. Dogry, bir mekdepde okandyklary olaryň ýadyna-da düşenok. Sebäbi ondan bäri ýedi ýyl iki gezek geçdi. Diýmek, indi olaryň ikisem şo wagtdakylaryndan düýbünden başga adam, çünki olaryň bedeniniň ähli öýjükleri iki gezek täzelenipdir. Iýun aýynda Miroslaw ylgamak boýunça ýaryşa hem gatnaşjak boldy, ýöne bedenterbiýe boýunça hünärmen «Zähmete we goranyşa taýýar bolmak» barada kadalary işgärleriň ählisi ýerine ýetirdi diýip, öňünden belläýipdir. Ol «özüňiz haýyş etdiňiz, menem göwnüňizi ýykmajak bolup goýaýdym» diýýä. Ýöne ylgamagyň keýpi çag edýänligi-hä hak. Miroslaw 31 minutda «Älem» kinoteatrynyň ýanyna emgenmän geldi. Ol aýaly bilen trolleýbusda kino görmäge gaýdanlarynda bu ýere ýarym sagatda gelýändiklerini ýatlady. Taksi tutup gaýtsaň hasaplaýjysy bir manat otuz köpük dagy urýar. Birdenem, bireýýämler, heniz gulluga gitmänkä, gelnini şu «Älem» kinoteatrynyň ýanynda duşuşyga çagyrandygy Miroslawyň ýadyna düşdi. Hawa, edil şu ýere çagyrypdy! Şäherde ýekeje «Älem» kinoteatry bar. Şonda biziň duşuşygymyz älem giňişliginde geçýär diýip, degşip, hezil edip gülüşipdiler... Ýöne «Älem» kinoteatram indi üýtgäp gidipdir. Onuň sütünleri öňküleri ýaly göni okkessirim geçenok. Ýogsa «Älem» ýaşan bolsa ýigrimi ýaşandyr. Opera teatry, Lew Tolstoýyň ýadygärligi, köçäň aralygyndaky seýilgähdäki kiçijik kilise ondan has uly. Onda näme üçin olar garramandyrlar? Miroslaw ylgap barýar-ka hem-ä pikir edýärdi hemem begenýärdi, belkem onuň özem öňküligi ýaly garraman durandyr, bedeniniň öýjüklerem «Älemiň» ýaşlyk döwründäki ýalydyr? Indi ol bu ýer bilen ýygy-ýygydan ylgap başlady. Indi ol çaltam, haýalam ylgap bilýärdi. Bir gezek ol ylgap barýarka aýagyny gaňryp, agyrtdy. Muňa onuň özem az begenmedi, her näme diýseňem sport bilen meşgullanylýan wagty alynan hakyky türgeniň şikesi. Iki günläp hezil edip agsaklap gezdi. Awgust aýynda ol agşamlaryna ylgamasa oňup bilenokdy. Näçe aralyga ylgaýyn diýse ylgap bilýärdi. Lena işde awgust aýy ýyldyzlaryň iň köp süýnýän mahaly diýip aýtdy. Birmahallar çagşan haýsydyr bir kometa Ýeriň alkymyndan uçup geçýär hem-de onuň üstüne meteorit ýagşyny guýýar, ana şoňa hem ýyldyz süýnmesi diýýiärler. Miroslaw ýarym sagat ylgady, kyrk minutlap ylgady, iki sagatlap ylgady, ýöne güýçden gaçmady. Ol asmana seretdi. Hiç zat gözýetimiň öňüni tutmaz ýaly, ylgap barşyna şäheriň daşyna çykdy. Onuň iki sagatdanam köp wagtlap ylgap ýörişidi, ýöne güýji egsilenokdy. Onuň kalbyny şatlykly duýgy gurşap aldy. Ol haýsydyr bir şäherçäň içi bilen ylgap gitdi, akyp ýatan giň okarygyň üstünden towsup geçdi, soňra agaç haýatjykdan aşdy, biraz gatyrak ylgap, üýrüşip gelenitlerden arany açdy. Nämüçindir iki barmagyny agzyna sokup, çasly sygyrdy. Durup, sykylygynyň allowarradaky tokaýjykdan ýaňlanyp, yzyna gelşine diň saldy. Soňra dört sany ýyldyzyň bir wagtda süýnenini gördi, endamy tikenekläp gitdi. Ol ýene-de ylgady, ylgady. Ine, indi gözýetimde meteoritler däl-de, tutuşlygyna kometa göründi. Diýmek, wagt diýen uç-gyraksyz giňişlikde haýsy tarapa ylgasaň ylgabermeli, diýmek giň älemem, «Älem» kinoteatram ýekeje günem garramandyr! Ol suwly salmanyň üstünden bökdi. Beýleki kenaryna düşende aýaklarynyň ysgyndan gaçanyny duýdy. Ýyljak çägäniň üstünde oturdy. Birdenem alkymynda nämedir bir zadyň pöwşüldäp suwa gaçyp, jyzyrdanyny eşitdi. Miroslaw suwa golaý süýşüp, onuň üstünde inçejik bug zolajygyny gördi, elini suwa sokup sermeleşdirdi hem-de heniz ýylysy gitmedik bir bölek metaly suwdan çykardy. Aýtsaň hiç kim ynanmaz diýip gynandy. Diýmek, kometa ýene-de pytrapdyr. Näçe wagt geçdi-kä? Öýe gaýtmaga wagt boldy diýen karara geldi hem-de haýaljakdan köprä tarap ylgady. © Gennadiý ŞWES (Геннадий ШВЕЦ) rus ýazyjysy Terjime eden: Gurbangeldi MÄMMETSÄHEDOW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |