12:11 Ahmyr | |
AHMYR Otlynyň penjiresinden gözýetime garaýan adamyň aňynda at salýan pikirleriň hiç biri hem üýtgeşik däldi. Olar edil bir galypdan çykan ýaly meňzeşdi. Özem ählisi diýen ýaly gussa ýugrulandy. Onuň ýüzüni sakal basypdy. Gyzaran tegelek gözlerine ýaş aýlananda ol küpede uklap ýatan oguljygyna uýaljyrap nazar aýlady. Oguljygynyň maňlaýynda der düwmeleri peýda bolupdy. Balajyk käte basyrganyp bir zatlar samraÿardy, eýlesine-beýlesine agdarynýardy. Ol penjiräniň alkymyndan turaga-da, oglunyň maňlaýynyň derini elýaglygy bilen syldy. Baş ujuna geçip, buýra saçlaryny sypady. Sypadygyça ogluna nebsi agyrdy. Ony oýararyndan howatyrlanmasady, şol ýerdijik horkuldap aglardy. Ýeri, aglanda onuň derdi egsiljekmi? Asla. Oglunyň baş ujyndan turup, ýene-de penjiräniň alkymyna bardy. Uzakdan daglar seleňläp görünýärdi. Ondan bärde göm-gök alaňlyklar gözýetime ulaşyp gidýärdi. Edil demir ýoluň golaý goltumy bolsa, zibilhanadan enaýy däldi. Ýolagçylar iýen-içen zatlarynyň gabyny zyňyşdyryp, demir ýoluň boýuny zibilhana öwrüpdirler. Ol penjireden boýnuny uzadyp aşak seredende, atasynyň kän gaýtalaýan sözleriniň birini ýatlaman bilmedi. «Adamyň baran ýeri pohluk» Hawa, adam baran ýerini pohlaýardy. Bu dünýä päklik getirsin diýip iberilen adam ýoluny urdurýardy. Şeýdibem, onuň diňe bir özüne däl, eýsem bütin adamzada zyýany ýetýärdi… Ýola zyňylan çüýşelere gözi düşende, ol endamyna temen batan ýaly ziňk edip tisgindi. «Çüýşe, çüýşe, wah, men guraýyn, wah meň elim gurasyn» Ol uludan demini aldy-da, aýnadan ýüzüni sowup, küpeniň stoluna maňlaýyny diredi. Otly her yraň atanda, demir stol onuň maňlaýyna gütüläp degýärdi. Emma ol şonda-da stola bar güýji bilen maňlaýyny basýardy. Hamala diýersiň «maňlaýda günä ýok, günä özümde» diýýän ýaly, ol asla başyny ýerden galdyranokdy. Ogluny otly bilen paýtagtyň hassahanasyna alyp gitmekçi bolanda aýalynyň «Maňlaýymyzda bardyr-da, çekäýmeli bolarys» diýeni gulagyndan gitmändi. «Ýok, ýok, Enetäç! Maňlaýymyza ýazylan bolsa, olam biz sebäpli, ýok, ýok men sebäpli ýazyldy…» Irkilipdi. Düýşünde egni haltaly çüýşe çöpleýärdi. Daş töwereginde bolsa, kileň maýyp-müjrip adamlar aýlanşyp ýördi. Ol egnindäki çüýşeli haltanyň agramyna ýegşerip zordan ýöreýärdi. Daşynda köwejekleşip ýören eli pişekli adamlar bolsa, oňa tapan çüýşelerini uzadýardylar. Halta şol agralyp gidip otyrdy, özem ony ýere-de goýup bilmän iki ýana alakjap ýördi… Düýşünden hopugyp diýen ýaly oýanan badyna oglunyň ýatan ýerine seretdi. Ogly ýatyrdy. Ol ähli zady sähel salymlyk hem bolsa, unutmak üçin ýerine geçip süýndi. Uklamaga çalyşdy. Bolmady. Şol aradaky gije göz öňüne geldi durdy. Ol oglunyň okaýan mekdebinde garawul bolup işleýärdi. Bir gije, ülpetleriniň biri goltugy arakly, bukdaklap birýerleden çykdy. Olam, näme, «Ýok» diýip bilmedi. Gijesi bilen onsoň, garawulçylyk ýatdan çykyp, içhä-içlik başlandy. Dostunyň getiren ýekeje süýşe aragy bilenem hem kanagat ediljekmi?! Ol dostuna pul uzadyp: «Bar, eňip gel! Munyň-a dadymlygam bolmady» diýdi. Dostam, näme, suw meýilli gurbaga, oňa-da geregi şol. Şeýdip, gijesi bilen esli çüýşäni ýatyrdylar. Wah, içileni hiçle welin, göçgünlik bilen çüýşeleri hem mekdebiň bagyna aýlap zyňdylar. Agaja baryp degýän çüýşeler şarkyldap döwülýärdi. «Şark, şark…» (Wah, ol şeýtmek bilen diňe bir mekdebiň bagyny däl-de, eýsem öz ömrüni hem weýran edýändigini bilsedi) * * * Ogluny barlagdan geçiren lukman galyň äýneginiň astyndan rentgen suratlaryny siňňin seretdi. «Bu nädip beýle boldy?» «Mekdepde oýnap ýörkä çüýşe gyýçagynyň üstüne ýykylypdyr» «Gyýçak çüýjüge bijaý batypdyr. Ine, görýäňizmi?! Eýýäm garalyp ugrapdyr. Elimizden gelenini ederis. Ýöne ogluňyzyň aýagy bäş santi ýaly kelte bolup galmagy ahmal» Onuň gözleri garaňkyrady. Soňabaka lukmanyň aýdýan hiç bir sözüni hem eşitmedi. Çiň arkan gaýdanyny bilmän galdy. Ogly iki ýyllap aýagy gipsli, ýerinden gozganyp bilmän ýatdy. Ýöremesine ýöredi. Ýöne, lukmanyň aýdyşy ýaly, bir aýagy bäş santi keltedi. © Eziz AKAÝEW | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |