Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:17
Ähtimal

ÄHTIMAL

Wulkan ýaly ýanyp duran hesermiñ,
Wulkan ýaly öçmegi-de ähtimal,
Pesdir öýtme, söýgim üçin peselsem,
Ykbalymyñ maña eden ähti bar.

Bilýäñ ahyr, duýgylamda meslek ýok,
Arzuwlarma umyt bilen çyrmaşdym,
Başarsañ-a ynamymy berçinläp,
Heşdek ýaly dogumymy ornaşdyr.

Bu güneşiñ ýaşmagyna garaşma,
Garaşma sen çogly günüñ dogarna,
Ykbal, täleý, ýazgyt bile birigip,
Iñ soñunda alyp gider owarra.

A soñra-da ne men, ne-de sen meni,
Tapyşmarys,
Idemersiñ, idemen,
Seniñ üçin tüme dönen dünýäni,
Görmezligi arzuw eder dideleñ.

Öwrenşeris, ,,Ýazgyt" diýip oñarys,
Başyñ alyp durmazmyşyn ähli zat,
Bu güneşiñ ýaşmagyna garaşma,
Wulkan ýaly öçmegi-de ähtimal...

© Baýram Bejidow
Bölümler: Goşgular | Görülen: 120 | Mowzugy paýlaşan: @Baýram_Bejidow | Teg: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 9
avatar
2
1 Bagabat • 08:45, 22.04.2023
.
avatar
1
2 Medicall • 12:42, 22.04.2023
Hawa, Laçyn, Baýram hakyky ýazýar, ýazjagyna ynananymyz üçin bize agza bolanyny gören dessimize awtorlara-da geçirdik, ylhamyňyz joşup dursun Baýram, Laçynyň aýdýan birje şrubyny hem taparsyň diýip umydymyz bar, galamyňyz ýiti bolsun!
avatar
0
3 Мango • 01:34, 25.04.2023
Baýram kaka sorak ba...

Wulkan ýaly ýanyp duran hesermiñ,
Wulkan ýaly öçmegi-de ähtimal,
Pesdir öýtme, söýgim üçin peselsem,
Ykbalymyñ maña eden ähti bar.

ykbalyň saňa eden ähdi (sözi, kasamy) agzaýaň.
o nähili sözkä, o nahili ähtkä diýen ýaly gyzyklanma-da döreýär welin şonuň jogabyny tapyp bilmedim.
ýa ol ýerde diňe "äjtimal" üçin "ähti bar" diýdiňmi?
oýlandyrdy...
avatar
0
4 @Baýram_Bejidow • 01:38, 25.04.2023
Ykbal- bu seniñ ýaşaýan durmuşyñ.
Çyndanam özüñ bilen özüñ gepleşeñde pylan zady etmen diýip öz-özüñe söz berýäñ, ol hem öz-özüme beren sözüm bar diýdigim...
avatar
0
5 Мango • 01:46, 25.04.2023
"...öz-özüme beren sözüm bar diýdigim" diýseňem, ýene-de, "Ykbalymyñ maña eden ähti bar" - diýýäň.
ýagny özüň-özüňe söz bereňde, ykbalyň saňa söz berdigi bolýamy?
avatar
1
6 @Baýram_Bejidow • 01:40, 27.04.2023
Ykbal näme? Siziñ pikiriñizçe.
avatar
0
7 Мango • 05:16, 27.04.2023
Baýram däde, ýaman kyn sorag berdiňiz.
Düşünmesem düşündirmesem kyn sorag.
Onda-da jogap berjek bolaýyn.
Ykbal - bu ýazgyt, biz bilen bagly bolup geçjek wakalaryň Allah tarapyndan öňünden belli edilip ýazylmagy (terminler bilen ýazmagam kyn, sebäbi ters many çykarybam bilersiňiz, ýöne siz sözüme büdremän manysyny aljak boluň).
Ykbalymyz ýazgydymyz bize näbelli, Allaha welin belli.
Biz ykbaldan çykyp bilemizokmy onda, hany erk-irade diýip indiki soragy berip bilersiňiz.
Adam erkli-iradeli barlyk, ýöne Allahyň erkiniň bizde bolan kiçijijikden-kiçijik şöhlelenmegine eýe… (ýazyp düşündirmek nähili kyn).
Şol sebäpli biz öz ykbalymyza täsir edibem bilýäs öýdýän. Ýagny ykbalymyzdaky-ýazgydymyzdaky ýaman wakany ýagşy waka tarap üýtgetmek şansymyz hem bar bolmaly. Emma, ýene-de Allahyň ylmy bilen, Allahyň ol ýagşy wakany ýaratmasy bilen…. Biz isleýäs, Ol ýaradýar…. Ýöne biziň islejegimizem, etjek hereketlerimizem Oňa belli we ýazylgy… ol ýazgy hem biziň ykbalymyz, kaderimiz, ýazgydymyz…
Goşgyňdaky söze dolanalymy?

Pesdir öýtme, söýgim üçin peselsem,
Ykbalymyñ maña eden ähti bar.

Düşünişime görä ykbalyň-ýazgydyň saňa hiç hili wada-äht-söz berip bilmez. Ýöne “ykbalymyň maňa taýýarlan wakasy-sowgady bar…” diýenn ýalyrak diýilse onda, azajyk tasa gelýär.
Mysal - öýlenmek. Kime öýlenjegiň seň erkiňe baglam bolsa iň soňunda ýazgydyňdaka duşarsyň. Bu bolsa saňa söýgüli taýyňy gözläp oturmak manysyz, iň soňy maňlaýdakyny alarsyň - diýildigi bolanok. Sen gözle, sende erk bar…. Ýöne kimi saýlajagyňy, “kinoň” soňunyň nähili boljagy Allaha belli bolany üçin bu wakalar ýazylýar we ol seniň ýazgydyň….ýene bir gezek aýdýan - düşündirmek kyn we jedelleşip ters tarapa gidiberilýän temada bu tema…
Ýöne sen düşünen bolsaň gerek (düşünmek mümkinmi bir?).
Bes edeýin… :-)
avatar
0
8 Pero • 08:33, 27.04.2023
Gowy sorag gowy jogap. Bir gezek bir gepleşikde (tv-de) ýazgydy üýtgedip bolýarmy diýlen soraga "hawa,ony niýet bilen üýtgeder ynsan" diyip jogap gaytardy bir hoca. Düşünişimçe ýazgyt kitabymyz niýetimiz bilen özümizi alyp barýan soñky nokadymyza görä ýazylýar. Muny bu wagt ylym ykrar etdi. Adam beýnisi kompýuter ýaly,oña nähili programma ýerleşdirseñ durmuşyñ şoña görä bolýar diýýärler bilermenler. Bu bolsa biziñ ata-babalarymyzyñ "Niýet"düşünjesini tassyklaýar. "Ýagşy niýet ýarym döwlet" ýa da gowy zatlary pikir etsek gowulyk bolar,erbet zady pikir etsek erbetlik bolar diyen yalyda
avatar
0
9 @Baýram_Bejidow • 09:21, 27.04.2023
Bilýäñizmi näme? ,,Ykbal" sözüniñ manysy kän, muña mysal:
Ykbal
[ykba:l]

Kysmat, ýazgyt, täleý, takdyr.

Ykbalymdakyny görerin, takdyra ten bererin. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Men seniň ykbalyňa perwaýsyz garap bilmen ahyry! (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

Durmuş, ýagdaý.

Ertir burowyň ykbalynyň barlag günüdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Oňa biz ekinlerimiziň ykbalyny ynanyp bilmeris. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

ykbalyna sogan dogramak
Biriniň durmuşyna, bagtyna erbet zyýan ýetirmek.

Bu jedelli tema-da bolsa meniñ pikirimçe ykbal başga zat ýazgyt başga zat Allanyñ ýazanyny Ýazgyt diýip alsak oña has manydaş söz Täleý ony hem ýazgyt diýeli, emma ykbal bu biziñ erkimiz bilen ýaşaýan durmuşymyz, isläp ýaşaýan durmuşymyz bu ykbal( bu zatlar meniñ pikirim esaslanmana çeşme goýup biljek däl, daýanjym owal Hudaý akmajyk pikirlerim...) Umuman indi pikir edip görüñ!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203