Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:51
Äkit!

ÄKIT!

Gülleriň anbar ysynyň,
Ýaýraýan ýerine äkit!
Guşlaryň "Ýaz geldi!" diýip,
Saýraýan ýerine äkit!

Gyzyl-gyzyl almalaryň,
Paýraýan ýerine äkit!.
Ykbalyň bagty çanaklap,
Paýlaýan ýerine äkit!

Göwnümiň ynamyn mäkäm,
Baglaýan ýerine äkit!
Begenjinden gök asmanyň,
Aglaýan ýerine äkit!..

Kän gezek siltän durmuşyň,
Gaýnaýan ýerine äkit!
Şahadaky ýapraklaň tans,
Oýnaýan ýerine äkit!

Ýelleriň at salyp her ýan,
Ýaýnaýan ýerine äkit!
Egni gysyk duýgularmyň,
Baýnaýan ýerine äkit.

Ýere gaçan ýyldyzlaryň,
Aýnaýan ýerine äkit!
Bu pelegiň gara başy,
Aýlaýan ýerine äkit!

© Ogultäç ORAZTAGANOWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 89 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 4.8/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Мango • 11:25, 01.03.2023
anbar - näme?
sözlügä diýýä:
Müşk ýaly ýakymly ysly jisim.

Al-ýaşyl bürenip çykar perisi, Kükeýip bark urar anbaryň ysy. (Magtymguly)

Äleme anbar saçar, degende şana zülpüň. (Kemine)

Magtymguly-da jisim hökmünde, Kemine-de ys hökmünde
avatar
0
2 Sakçy • 00:03, 04.06.2023
Goşgynyň adyny okanymdan ussat şahyr Annamuhammet Kirşenowyň ,,Al meni o ýana" diýen şygry ýadyma düşüp gitdi. Ine, meni düýpsüz pikir kölüne gark eden, özüne bendi eden goşgy:

Öwüs, ýel, gel, göwün derde
dilinmeýän ýere äkit.
Gam nämedir, gaýgy nedir,
Bilinmeýän ýere äkit.

Goýma...
Göter, meni alyp,
Göge galyp, galyp, galyp.
Soň yzyňa ýüzüň salyp
gelinmeýän ýere äkit.

Besdir...
Bihuda çisňedim,
Ýagyp-ýagyplar diňsedim.
Aglaşan bolşup, ýeňseden
gülünmeýän ýere äkit.

Al, o ýana,
Apar meni,
Gereklänler tapar meni.
Sanalmaýan puluň, demiň -
ölünmeýän ýere äkit.

Meger dogry. Mümkin telek,
Ýör gideli! Ýör, ýa, pelek!
Ýüregim bolup ot-elek,
elenmeýän ýere äkit.

Baş aýlansyn. Bat al sen, bat,
Barybir men etmerin dat.
Hakdan gaýrysyndan hiç zat
dilenmeýän ýere äkit.

Annamuhammet KIRŞENOW.
avatar
0
3 Sakçy • 00:11, 04.06.2023
Alyñ mendenem ýekeje bent:

Ýegşermesin ýagyr arka,
Bugdaý bilen deň däl arpa.
Diňe gorkulýana sarpa
goýulmaýan ýere äkit!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203