01:26 Akpamyk, Doganlary we Gara Döw | |
AKPAMYK, DOGANLARY we GARA DÖW Akpamygyň açan kafesi, meşhur kökesi barada-ha bilýänsiňiz. Ol hakda geçen ertekide aýdypdyk. (Habarsyz galanlar üçin salgy: “AKPAMUKUS” kofesi we kökesi) Hawa, Akpamyk özüniň meşhur firmennyý kökesini adybelli kafesinde bişirip işläbersin. Habary kimden alaly, garşy tarapdan alaly. Bir aý ýa bolandyr, ýa bolan däldir, garşy tarapda, köçeden geçen ýeriňde täze restoran açyldy. Diňe et önümlerini hödürleýär. Restoranyň adam "Ýedi doganus ethanaus" ("Ýedidoganus steýkhaus"). Bu ýerde (ýedi doganlaryň awuna görä) her hili haýwanlaryň etinden tagamlar bişirilýär. Şeýdip bir ýandan Akpamyk, beýleki ýandan ýedi doganlaryň biznesi gülläberdi, gazançlary artyberdi. Olar gazanjyndan obadaky garry ejelerine-de kömek iberýärdirler. Bular şeýde durabersinler, habary kimden alaly. Gara döwden alaly. Döwem bu bolşum-a bolanok, bir zad-a edip gazanç etmeli diýip oýlanypdyr. Ahyram, Akpamygyň etegine köz oklaýyşy ýadyna düşüp (şondan ylhamlanyp) belli bir karara gelipdir. Çişlik bişirmek üçin ýörüte kömüri paketläp bazara çykarypdyr. Owadan adam dakypdyr kömür pakedine - "Gara Döwus kömürus". Şondan bärem, Döwem, Akpamygam, Ýedi doganlaram gowy ýaşaýamyşlar. © MANGO | |
|
Ähli teswirler: 14 | |
| |