Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:08
Altynjan-Togrul beg - III bölüm
Altynjanyň ýaşlygy
III bölüm

Oýun diýenlerim çyn bolup barýar...
Abdylmäligiň soňam Abyl-Kabyl atly ekiz ogly boldy. Han ogullaryna, şolar bilen des-deň Altynjana-da, bilim-terbiýe bermek üçin alada baryny etdi. Üç sany atabeg bulara hat-ýazuwy, pelsepäni, mantygy, jugrafiýany, müneçjimligi, arap, pars, ýunan dillerini, söweş sungatyny, aýdym-sazy öwrederdi. Altynjan bulardan gudumanlygy bilen göz-görtele saýlanardy. Öňki doganjyklaryna berilmedik ömür, Sadylla, Abyla, Kabyla berilmedik gaýrat bir şu gyza berlen ýalydy. Asyl, aga-inileriniň bileni-biteni okuw. Uruş-dawa, oýun-tomaşa bilen gyzygy ýok. Altynjan welin özüni bilenden, Mahmyt Gaznalyny sorap başlady.
Onsoň, o maňa at goýdumy?
Onsoň, o meni sorap gelermi?
Haçan gelýär indi Mahmyt Gaznaly?
Soraglardan ýaňa bizar-peteňi çykan Abdylmälik ahyr:
How, gyzym, o bir soltan, işi-aladasy kän, eli boşasa, geler – diýip, zordan sypajaklaýardy.
Baş atabeg Omar ilkibaşda gyzsyradyp, oňa kän üns bermejek boldy. Muňa çydap ýörjek Altynjan barmy nä? Ejesine, Mansur pola ýamanlap gördi – bolmady. Aý, soň başlandy bir başagaýlyk: gijäniň ýary atabegiň düşegine bir küýze suw dökülmemi, köwşi bitaý galmamy, naharyna galampyr, zäk taşlanmamy; daşardaky bulam-bujarlyklaryň hemmejesini atabeg edenmiş: teblehanadan atlary boşadanam, bagyň nowçalaryny sypyryp, elguşlara dökenem, hanyň halaýan hytaý çäýneklerini döwenem... hut şonuň özi. Altynjan kenizlerini, Habyly, Kabyly şaýat tutunyp, atabeg pahyry puşeýmana getiräýdi ýöne. Sadylladyr Habyl-Kabylam, kenizlerem “Altynjanyňky dogry” diýşip durlar gorkusyna.
Boýy-ini ýetip başlandanam, agasy Sadyllanyň erkek eşiklerini geýip, galanyň ýetginjekleriniň kyrkysyny urup-urup, “çiltenler” edinip, olara baş bolup, ýakyndaky Buruntak obasynyň ýaş-ýeleňlerinem duşman tutunyp, güni bir bolsa, urşy iki bolaýdy. Çiltenlerem onuň sözünden çykmadylar. Sebäbi şonuň gatnaşan uruşlarynyň hemmesinde zamahşarlylar ýeňerdi. Altynjan ýakalaşyp, gylyçlaşyp, at çapyşyp gün geçirdi. Oňa gorky-ürki diýen zat ýatdy. Ýöne durmuş iň bir gaýratlydanam gaýratly-da. Ol ýaşlykda iki gezek ýaman gorkmaly boldy.
Bir gezeg-ä, inisi Kabyl bilen gylyçlaşjak boldy. Olam islemedi. Altynjanam oýun edip, gylyjyny gödegrägetdin galgatdy welin, inisiniň bir gözi bäbenegi, göz almasy bilen eline geläýdi.
Dur, how, gorkak! Aglama, häzir ýerine goýjak – diýip ýaňky bäbenegi ýerine goýjak boldy. Bolmady. Şonda gorkusyna nije günläp ejesine gysmyljyrap, müýnli ýaşady.
Ikinji gezegem, kenizegi Gülýüzli bilen galanyň eteginde aýlanyp ýörkä, Buruntak obasynyň raisi Janahyr Geçdeki-Halwaçynyň ogly Imana gabat geldi. Olam, näme, oglan adam, salam bermän geçiberdi. Altynjanyň talaby şudy: buruntaklylar zamahşarlylary görende üç epilip salam bermeli. Altynjan salam sorady, olam bermedi salamy, ýene sorady, ýene bermedi. Aý, ahyr bolmady, Altynjan peýkamyny oklap, sypdyryp goýberdi welin, ok onuň eddil kebzesiniň ortaarasyna sünjüldi. Ýöne Iman ok ýarasyndan ölmedi, kimdir biri onuň ýarasyna awyly ýapgy ýapypdyr. Bu ýerden zut gaçan gyzlar bu syry hiç kime aýtman ýaşadylar. Ol bu dünýä bilen oýnajak bolýa welin, dünýäniň gara çyn-aý. Altynjan ýene-de enesi Hajara sygynyp, oňa ýüregini açyp, bir söz diýdi:
Enejan dünýäniň bolşy ne beýle,
Oýun diýenlerim-ow çyn bolup barýar.
Jan kenizim bilen çykypdyk seýle,
Adam diýenlerim-ow jyn bolup barýar.

Ýara bar, ölüm bar, nije zulum bar,
Bir ýamanlyk bolsa bary telim bar,
Enejan şu işde meniň elim bar,
Günäniň derdinden-ow güň bolup barýan.

Köne hanedanyň gany tenimde,
Imany köýdürdim ýaş bedenimde,
Ganyň yzy bardyr gök ketenimde,
Enejan dünýäde-how kim bolup barýan.

Altynjanyň altyn jany mis olar,
Günäniň astynda göwni pis olar,
Eprikleriň nesli mensiz nist olar,
Saýragan dillerim-ow lal bolup barýar.
Paýlaşaýynçaň, derdiň diňe seňki. Emma indi bu derdi pakyr enesem götermeli boldy. Naçar ene eziz perzendiniň derdini deňje, gizlinje çekişdi ýördi.
“Kasas kyýamata galmaz” diýenleri-dä, günleriň bir güni agşamyň alagaraňkysynda Altynjan çiltenlerden aýrylyp, alaňlyklaryň arasynda galanda, bir tört sany gara gelip muny öldir ýaly ýenjip, zut gitdiler. Ahyrsoňy, Altynjanyň özem ten awusyny çekmeli boldy. Imany ýaralanda öz imany hem ýaralanyp, soňky ömründe çekmeli tendir, ýürek awulary bularyň-da çaky bolmady.

Tümen daýy
Haýbatlymdyň, halypamdyň, halymdyň...
Altynjan babasy Tahyr Afrasyýabyň üç gyzdan soň bolan ýalňyz ogly, enesi Hajar hatynyň inisi Tümen daýysy bilen juda ýakyndy. Onuň bilen ýygy-ýygydan hyşy-wyşylaşardylar. Tümen daýysy oňa gylyç-naýza tutmany, at çapmany, harby oýunlary öwredipdi. Üstesine-de, her sözünde: “Merdi-merdana bolgun, ýegençim. Agaň-inileriňden-ä tamam ýok. Gördüň-ä, dünýä kime galdy. Gorky-ürkiň bolmasyn hiç zatdan” diýip gop bererdi.
Bir gezegem Tümen daýysy Altynjan bilen bir syrly iş etdi.
Ýegençim, men saňa ynanýan.
Hä, dogry edýäň daýy.
Onda diliňe gaty berk bol. Bizde eprikogullary hanedanlygyndan galan ummasyz baýlyk, altyn-kümüş bar. Şolary hut seniň otagyňyň töründe gizlin gömeli. Ýöne ejeňem, ataňam bilmesin, başgalar hakda-ha hijem gep ýok.
Daýy size “ää” diýen gezegim boldumy? Bul-a ýöne birneme gorkuly ekeni. Onça zady nädip bildirmän gömeris?!
Bular iki bolup dilleşip, gapydan Mansur polanyň gözüne çöp atyp, hyzmatkärleri, garawullary, öýdeniçerleri, aşpezleri oňa-muňa ugradyşdyryp, bir zatlaryň bolýanyny aňşyranlaryň käbirlerini ýitirim edip, gizlinlik bilen törde bir uly çukur gazyp, tokkuz düýe hazynany garaňkyda gömdüler. Bu syr bu ýerde galybersin entäk...
Elkyssa, günleriň bir güni Altynjan ata-enesi bilen ýarawsyz, garry babasy Tahyr Afrasyýapdan habar almaga Arsahüşmisen şäherine gidermen boldy. Saglyk-amanlyk soraşyp, iýip-içip, bu ýerde birnäçe gün boldular. Bir gün “Mülke Togrul saltykly çozdy, olar biziň raýatlary öldürip, mülkdäki jaýlary otladylar” diýen ýowuz habar geldi. Tümen daýy hem, Altynjanam nökerleri bilen eňdiler. Barsalar, jaýlar lowlap ýanýar, adam bary öldürilipdir, läş läşe çaknyşýar.
Bu ahwaly görüp, gany depesine uran Tümen beg bir çeti Garagumuň sährasy, bir çeti Amyderýanyň gürjümme tokaýlygy bolan meýdanda at oýnadyp, duşmanlary gözläp ugrady. Birden, garaňky tokaýdan bir zalym ok şuwlap gelip, Tümen daýynyň göwsünden parran geçdi-de, dag ýaly ýigit gaýdyberdi atdan agdarylyp. Iki-üç sany kenizi, bäş-üç sany çilteni bilen duran Altynjanyň ýüzi ak tam boldy. Şol barmana tokaýdan çykan ýigrimi-otuz atlynyň ýüzi çeşbentli öňbaşçysy atyň üzeňňisine galyp, haýbatly gygyrdy:
Men Gaýa hanyň nesli Dükagyň ogly Mikaýylyň ogly Togrul men!
Şeý diýip bir ýowuz ses edensoňlar, haýran-serasyma bolup, doňup galan Altynjan dagyny taşlap, ýitirim bolaýdylar. Altynjan bedewinden towsup düşüp, ylgap baryp, çalajan daýysyny gujaklap, kellesini bagryna basyp, hünübirýan aglady. Tümen daýy çalaja pyşyrdap: “Beg ýegençim, dag ýegençim, zarlama. Merdimsiň meniň. Syrymyza berk bol, Anuşirwan daýyjygyňy saňa tabşyrdym. Özüň howandar bol!” diýdi. Aýaklarynyň barmaklarynyň uçlaryndan gaýdan sowuklyk süýşe-süýşe Tümen daýynyň kekirdegine gelensoň, “Hak” diýip bir ses çykdy bogazdan, şulam soňky ses boldy.
Daýysyndan, dostundan, ýürekdeşinden, syrdaşyndan, halypasyndan, arkadagyndan aýrylan Altynjan şol oturan ýerinde kasam içdi: “Ýa, Biribar Perwerdigär-ä! Şu ganhor, zalym, adalatsyz, başyna giden Togrul meniň gan duşmanymdyr. Tä ganymy damja-damja edip hasaplaşynçam, bu ýalançynyň ähli eşreti maňa haram bolsun!”. Altynjan gyz naçarlygyny edip, zar-zar aglap, daýysynyň gana boýalan başyny bagryna basyp, jansyz jesedine garap, bir söz aýdar boldy:
Haýbatlymdyň, halypamdyň, halymdyň,
Duşman aldy şirin janyň daýym jan!
Kyn günlerde ýalňyz arkadagymdyň,
Nähak akdy gyzyl ganyň, daýym jan!

Atam bilmez, dogan bilmez derdimi,
Ýalňyz sensiň syran ýürek gerdimi,
Ne döw çaldy oguzlaryň merdini,
Kepen oldy gyrmyz donuň, daýym jan!

Bolduň namart, gizlin okuň pidasy,
Ýer bagyrtlap, çykman ýatyr sedasy,
Jan ýegençiň boldy mähriň gedasy,
Tümlük oldy bakan ýanym, daýym jan!

Altyn gyzyň ýeke-ýalňyz jany bar,
Mes Togrulda daýysynyň gany bar,
Gan almasam, erur maňa pany dar,
Girew bolsun şirin janym, daýym jan!
Şondan soň Altynjanyň serinde gije-gündiz daýysynyň ary boldy. Ýüregini gurçuklar iýip barýana döndi. Enesiniň höre-köşesem, atasynyň abyr-zabyram täsir etmedi. Hatda bir gezek gizliginlik bilen çiltenlerini, doganlaryny yzyna düşürip, saltyklaryň mekanyna aralaşanda, bu mekirlikleri öňünden aňlan Omar atabeg yzlaryndan baryp alyp gaýtdy.

Altynjanyň aşyklary
Kime nesip eder seniň gülden näzik ýaňaklaryň?!.

Altynjan şeýle bir owadan gyz bolup ýetişdi welin, bakany büdredip, göreni guduradyp barýardy. Bu jelegaýda oňa aşyk bolmadyk, ony düýşünde görmedik ýigit galmady. Ýöne enesi hamylaka şiriň ýüregini iýen bolaýmasa, oňa her kim, her kim ýakynlaşyberer ýaly däldi. Görklüdiginden beter gorkulydy, gorkulydygyndan beter görklüdi. Allatarapyn soň birleş diýlip, bir-birinden aýrylan iki parçasynyň birleşmek höwesem juda artyk-da. Ahyr bir gün Altynjany arzuwlap ýadan ýigitleriň är gaýratlylarynyň birnäçesi üýşüp maslahat etdiler:
Mundan-a, ýagdaý bolmaz, beýdip ýörşümize muny ýadyň ýigitleri kakar gider. Agzymyzdaky awumyzy aldyryp, aglap ýörmeli bolarys. Üýşeliň, baralyň, haýsam bolsa birimizi saýlasyn şo gyz!
Şeý diýşip, Altynjanyň kenizleri bilen galadan daşary seýle çykaýjak wagtyny çemläp, bir-birini ruhlandyryp, sürrekleşip ugradylar baş derwezä tarap: “Şolam-a, adam balasydyr, elime düşäýse, ediberjegim bardyr-la ojagazy, nädersiň toýuň ertesi hemme kakabaşlygyny aýlap urup, gabagyny galdyrmaga ýaýdanyp, sülmüräp ýören gelin bolagaýsa...”. Köpüň haý-haýyna kellesi göçüp: “Edil häziriň özünde bagyrdadyyyp, bagryma basyyp, halan ýerimden posa alyp görkezeýinmi?!” diýiberýänlerem bar arasynda.
Geldiler galanyň düýbüne. Bulardan bihabar sähra çykyp bürgüt bilen gepleşmäge barýan Altynjanam kenizleri bilen baş derwezeden lowurdap çykdy. Çykyp bir ýaňky mähellä nazar saldy welin, seslere suw sepiläýdi. Durlar doňňaradaş bolup. Altynjan Gülýüzli kenizine ümledi. Gülýüzli öňe çykdy:
Hawa, ýigitler, arzyňyz nä?
Durlar indi bular dym-dyrs bolup. Ahyr, gaýratlyrak biri dillendi:
How, Altynjan, şi biziň iliň ýigitleriniň boýy-başy gyşykmy, gözi-gaşy çaşymy, aýagy gowkymy, arkasy küýkimi?..
Biri size at dagyn dakaýdymy?.. Kemiňiz ýok. Bir ilde ýigit bolsa sizden artyk däldir!
Gepiň ýürekdenmi!
Çypbakaý çynym!
Ondan saýla biziň birimizi?!
Ýigitler özlerini dürseşip, üst-başlaryna serenjam berişip, biri-birlerine göriplik edişip öňe-öňe omzaşyberdiler. Altynjan bir haýbatly nazar bilen seretdi-de:
Meniň iki şertim bar – diýdi.
“Aýt şertiňi-de, aýt şertiňi” boluşdylar millet. Altynjan uçlaryna gurşun guýlan düýrme gamçysyny ortara taşlap goýberdi.
Maňa är boljak kişi şuny alyp meni öldir ýaly ýençsin.
Ýene-de ýigitleriň gaýratyna gaýt diýlen ýaly bolagaýdy. Her kim dur mäzerip, kim Altyn gyzyň depesinden gamçy inderip biljek.
Aý, munyň-a bolmady, han gyzy. Senäm bir urup bormy. Häzir-ä sen kişi maşgalasy, beýläme geçirsemem, barmagymy batyrman – diýip ýaranjaňlyk edýän syýasatçyraklaram bar arasynda. – Sen gowusy ikinji şertiňi aýt.
Ikinji şertim, kim maňa Togrulyň kellesini getirip berse, şoňa emgenmän aýal boljak – diýip, ýene-de, daýysyny ýatlap hapa bolup, bäş keleme söz aýdar boldy:
Tümen begim, dogan daýym, halypam,
Togrulyň elinden har bolup gitdi.
Ýere siňdi gymmatbaha hazynam,
Dünýäniň yşkyna zar bolup gitdi.

Namarda ýol açan zalym zamana,
Dertlerime gülüp oýnar hamana,
Ýagşy geçer, dünýe galar ýamana,
Mazar üsti ýagyş, gar bolup gitdi.

Arym köýse, toýum maňa haramdyr,
Daýym derdi asyl bitmez ýaramdyr,
Gije-gündiz gussa meniň joramdyr,
Ýagty jahan maňa dar bolup gitdi.

Tenim gurban arym aljak ýigide,
Per düşekde goýna saljak ýigide,
Togrul başyn orta goýjak ýigide,
Hyýalymda göwnüm ýar bolup gitdi.

Ograş Togrul däl ekeni merdana,
Mertler göni geler däli meýdana,
Altyn käsäm dökülipdir meýhana,
Datly şeraplarym şor bolup gitdi.
Ýigitleriň arasyna gowurdy düşdi. Bulam-a aňsat şert däl welin, derhal şu ýerde çözülmänsoň, her kim bir hyýala mündi. Togruly ele salmagyň mekir meýlini çyzyp ýatan haýsy, özüni onuň bilen darkaşda görüp ýatan haýsy.
Прикрепления: Картинка 1
Bölümler: Dessanlar | Görülen: 62 | Mowzugy paýlaşan: TmBürgüt | Teg: Baýram Akatow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203