23:15 Altynjan-Togrul beg Dowamy: V Bölüm | |
Gudaçylyk. Bägül gunçalarny seçeläp açar, Biziň ýana gözel gyzlar gelende! Kynyk begleriniň Musa begiň baş bolmagynda gudaçylyga gelşini bir görseňiz! Hatar-hatar begler, serkerdeler, nökerler... Hersi özüne ýaraş bir geýimde. Abdylmälik hanam özüniňkileri toplap öýden daş çykyp seredip dur bulara. Kynyklar sap-sap tutup, hiç gelip gutarmady asyl. Abdylmäligiň Musa bege garaşyp sabry suw boldy. Her gezek “Musa beg gelýär” diýip gygyrşanlarynda, bir ykjamlanyp alýar han. Ýöne her gezegem kynyklaryň bir mertebeli adamsy gelýär Musa bege derek. Abdylmälik gaharlanjak boldy. Sadranç müňbaşy bilen Altynjana gizligin aşyk bolup ýören Haldanam onuň gaharyna ýag guýdular. Ahyrsoňy, Ýabgu kelan Musa begiň özi gelip, hal-ýagdaý soraşyp, garyndaşlykdan söz açdy. Bular özara düşünişensoňlar, saltyklar Altynjany görermen boldular. Altynjanyň otagy tarapdan dowul, tebilleriň sesi ýaňlandy. “Altynjan gelýär” diýip gygyryşdylar. Sallanyp, sülmüräp, ýaşyl geýnen iki keniz bilen biri çykyp gaýtdy aňyrdan. Saltyklar çiňňerlişip bakdylar. Ýöne bu Altynjan däl-de, jorasy Balnäz ekeni. Ýene-de, deprek kernaýlar gümmürdedi. Indi göm-gök eşikli üç gyz gaýtdy. Saltyklar hümer bolup synladylar bu näzeninleri. Bulam Altynjan däl. Üçünji gezek “Altynjan gelýär” diýenlerinde, gyrmyzy geýimli gyzlar gaýtdy. Ind-ä gyzy görendiris diýen saltyklar ýene aldandy. Indiki gezek deprek, surnaý, kernaýlar çalynmady. Dym-dyrslyk boldy. Çigildem reňkli köýnekli, uzyn boýly, şa gupbaly bir gyzyň ýalňyz özi otagdan çykyp, birsellem buýsançly durdy-da, mähellä tarap uz basyp ýöräp ugrady. Onuň täsin owadan ýöräp gelşiniň özi entäk hiç ýerde eşidilmedik bir owadan sazdy. Altynjanyň adyny-owazasyny illerden eşidip ýören, bu günem ony gözleri bilen görensoň, juda tolgunmak tolgunan kynyk ozany çydap bilmän zamahşarly gyzlaryň üsti Altynjanyň waspyny ýetirdi: Bulutlar syrylar, gün nurun saçar, Biziň ýana gözel gyzlar gelende. Bägül gunçalarny seçeläp açar, Biziň ýana gözel gyzlar gelende. Edalydyr dähedemi-dessemi, Ýetmiş ýerden ýyglan gülüň dessesi, Hyýalyňa geler etsem-petsemiň, Biziň ýana gözel gyzlar gelende. Oguz gyzy edalydyr, arlydyr, Synasy hasylly, alma-narlydyr, Başy garly, goýny gyzyl gorludyr, Biziň ýana gözel gyzlar gelende. Bir ozan men Togrul deýin hanym bar, Gözellerde galan ýitig malym bar, Gözel görsem gaýnap duran ganym bar, Biziň ýana gözel gyzlar gelende. Ömür aljyrap görmedigem bolsa, munça ünse birhili bolan Altynjan göni gelip, kakasyna uýala-uýala salam berdi. Saltyk gelinleri Altynjanyň daşyny galladylar. Abdylmälik hanam Musa bege garyndaşlyk açmaga razylyk berdi. Şu pursatdan tä toýa çenli Altynjanyň özi özüniňki däl ýaly bolup ýördi. Wagtal-wagtal gaharyna bäs gelip bilmän, Gülýüzli kenizini öldir ýaly ýençdi. Gülýüzläm bir çete çykyp zarynlady: “Togrul-a, tizräk bir gelip, şu tulanyň myžžygyny çykaryp, zada ýaramaz ýaly edip, öz içiňäm, meniň içimäm sowadaý-a!”. Zamahşar gijesi Yşkym gaýnar, gahrym joşar birbada, Bile geldi nika bilen ajalym... Yzmykşirde toýuň ysy ýaýrap ugrady. On düýe gymmatbaha lagly-göwherdir jowahyrlar, her dürli şaý-sepler geldi. Aýratyn bir gapda Altynjan bilen Togrulyň söýgüsinden nyşan bolan ýowşan geldi. Birwagt Altynjan “Ýowşandan wysalyň ysy gelýär“ diýipdi. Soň Togrulyň ynagy geldi. Altynjan Kalbyna, Balnäz joralaryny üýşürip, iň ökde üç sany tikinçä bir gijäniň içinde köýnek tikdirdi. Altynjanyň ejesi Hajar hatyn guda garyndaşlaryň ýanynda samaklabermez ýaly Gülýüzli bilen şertleşdi. Eger toý gutaraýynça dymyp gezse, Hajar hatyn Gülýüzliniň agzyny dolduryp tylla berer. Gülýüzli başda begenip razy boldy, soň welin, şeýlebir ökündi, içini it ýyrtdy: “Mekir mekejin, monjugyň çüýresin” diýip. Islän wagtyň islän zadyňy gepläp ýörmegiň özem uly bagt ekeni. Üç sany kejebeli pil, hatar-hatar düýeler, bedew atlar bilen şowhun, dabara bolup gelnaljy geldi. Altynjany algöter edip piliň kejebesinde alyp barýarkalar, Togrulyň gelnejeleri Altynjanyň hähine-mähine bakman köýnegini çykaryp, aşagyndan kürtekçe geýdirdiler. “Däp-dessurlary nebela” diýip, içini hümledip otyr Altynjan. Gelnaljy Zamahşaryň golaýynda saltyklaryň düşlän ýerinde aýak çekdi. Altynjany ak öýüň öňüne getirdiler. Üýşen mähelläniň içinden degenek ýigitler “Ärine çydarmyka bu gelin?!” diýşip degişdiler: “Öz-ä ýaman ejiz görünýär. Hany, gaýratyňy görkez Togrul?!”. Togrul dürre gamçysy bilen Altynjanyň ýagyrnysyna çalarakgetdin sugşuryp aldy. Mähelläniň gohy artyp gitdi: “Aý, munyň-a, siňek kowança-da bolmady, eýýämden eliň sandyraýamy, Togrul, aý, aýal diýeniň men diýen ärlerem mugyra getiriberýä-dä...”. Togrul gazaba münüp gelinligini şeýlebir ýençdi. Herhal hälki içinden geýen kürtügi Altynjanyň yzasyny ýeňletdi. Ýene-de nijeme däp-dessurlary ýerine ýetirip, “Gelin” sazyny çalyp, raks oýnap, ahyrsoňy, gelni gerdege saldylar. Ýigitler tarapyndan içerik zyňlyp goýberilen Togrulam ilki Altynjana “Dyza çök” diýdi. Ertirden bularyň urgularyna, teýeneli geplerine dym gahary gelen täze gelin lal-jim oturyberdi oturan ýerinde. Bolmajagyny aňan Togrulam eşigini çykaryp, ýatyberdi çymylganlaryň içinde. Altynjanym, gel, hany gujagyma. Gel diýilýär-how. Hereket ýok. Altynjan-a. Hereket ýok. Togrul ýuwaşlyk bilen gelniň elinden çekdi. Gyz sarsmadam. Gatyrak çekip bagyrtlajak boldy welin, Altynjan towsup, çymylganyň o çetine düşdi. Togrul “Be, be” diýip gelniň üstüne towusyp, bagyrtlajak boldy, olam garşylyk baryny görkezdi, aý, garaz, garader boldy ikisem. Dym-gyzyl bolan Togrul: Altynjan, munça gaty ses etme – diýip, täze gelniň agzyny eli bilen ýapdy. Bu mahal Togrul ýaşlyk hyjuwyna dolanyp gelipdi, jamug hyrujy öwç alypdy: köňli küşatdy, göçgünlidi... Ýöne sesler ýatman, tersine, barha köpeldi. Asyl, aýal-gyzlaryň sesleri çadyryň daşyndan gelýän ekeni, “Waý, dat, Şamälik çozdy üstümize?!” diýşip. Hemme erkekler serhoş bolup ýatan mahaly içi ýanyp duran Altynjana öýlenip bilmänsoň, içi ýanyp ýören, ejesi tarapyndan gep bary içirilen Jendiň häkimi Şamälik bulary güpbasdy eden ekeni. Başlandy bir gyrlyşyk. Togrul eline ilen zady geýnip daşaryk ylgap çykdy. Iýjek bolup agyz uran aw etini aldyran ýolbars ýaly ur, ýenç, ýyk, bas, sanç... Şo garaňkylykda, şo başagaýlykda bir sekunt durup, Altynjany gözledi. Görse, Altynjan beýle ýanynda özündenem beter döwüşip ýör. Il-gün diýip gylyç urýan gelnine göwni daşan, ilkinji gijesiniň harama çykaranlara gahry joşan Togrul bir aýdym aýdar boldy: Yşkym gaýnar, gahrym joşar birbada, Birden geldi nika bilen ajalym. Heý bir rahat gün barmyka dünýäde, Birden geldi nika bilen ajalym. Dünýä bir inçe bil görmegeý gelin, Dodagyndan sorsaň, goparar diliň, Bir küýzede hem ýaşaýyş, hem ölüm, Bile geldi nika bilen ajalym. Bir başa bir ölüm, çykmaň ýoluma, Bakmaň toýda joşan humar halyma, Indi galaryn kän duşmanyň ganyna, Bile geldi nika bilen ajalym. Togrul gördi Tylla gyzyň döwşüni, Duşmanlaryň yzlaryndan kowşuny, Ysy geldi gyzgan bilen ýowşanyň, Bile geldi nika bilen ajalym. Hanha, bir gulam Togrulyň arka tarapyndan barmakçy bolýar. Togrul ýeňseden gelýän gulamy ýa görenok, ýa onuň özüne ýakyn gelerine garaşýar. Altynjan ýüregi ýarylan ýaly bolup, ýatagandyr hanjary bilen gulama bakan ylgady, sekiz-on ädim aralykdan gulamy nyşanlap, hanjaryny bat bilen atdy welin, Togrulyň gulagynyň duşundan wazyrdap geçip, gulamyň maňlaýynyň ortaarasyndan çümdi. Togrul nämäniň-nämedigine düşünmedi: – Näme etdiň ony? Men onuň ýakynyma gelerine garaşyp durun-a. – Gören dälsiň öýtdüm. – Allatagala maňa dört göz beripdir: ýeňsämde-de iki gözüm bar meniň! Bu gije agyr gije boldy. Duýdansyz üstüni basdyran saltyklaryň öleni öldi, galany gaçdy. Daňdan başga mekanda özlerini dürsäp, hasap ýöretseler, zamahşarlylaryň üç ýüzden gowragy, saltyklaryň sekiz müň adamsy öldürilip, bäş ýüz sanysy gul bazarda satyldy. Aradan çykanlaryň içinde Altynjanyň kyblasy Abdylmälik han hem, käbesi Hajar hatyn hem bardy, injigi Abylam dardan asylypdy. Ýöne bu hakykaty Altynjandan gizlediler birbada. Bu aýylganç waka 1034-nji ýylda boldy. Taryhçylar o gijä “Zamahşar gijesi” diýip at goýdular. | |
|
Ähli teswirler: 0 | |