Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:19
Altynjan-Togrul beg Dowamy: VI bölüm
Galkynyş
Düýp soltanlyk gurýançalar saltyklar üç gezek agyr ýeňildiler: birinjisi, Aly patyşa bilen oňuşman, Ýaňykentden Jende gaýtdylar, ikinjisi, garahan türkmenleriniň patyşasy Alytegin bilen darkaş gurup, Jentden Horezmine gaçdylar, üçünjisi, Aly patyşanyň ogly Şamäligiň Zamahşarda eden gyrgynçylygyndan soň, Paraw, Nusaý, Abywert sebitlerini ýurt tutundylar.
Bu ýerde-de olara dynçlyk nesip etmedi.
Mahmyt Gaznaly aradan çykansoň, ýerine geçen ogly Masudy ýerli häkimler “Saltyklary ýok etmeseň, olar seni ýok eder” diýip gyzdyrdylar. Ýogsam, saltyk pahyrlar “Zamahşar gijesinde” müňlerçe adamlaryny, mallaryny, emläklerini taladyp, ýaňy bir özüne gelipdiler. Soltan Masut olary bu ýerlerdenem gaçyrjak bolup, agyr salgytlar saldy.
Bir gezek Togrul, Çagry begler Musa begiň ýanyna Parawa gitdiler. Şonda gelen bundarlara şo günler ýaraman ýören Ybraýym Ynal “Size berer ýaly bir hepbämizem ýok häzir” diýdi. Bundarlar oňa gulak asman talap bilen zatlaryny talap, saltyklaryň men diýen adamlaryndan on iki sanysyny, şolaryň hatarynda Ybraýym ynaly, Tümen daýynyň ogly, Altynjanyň ogullygy Anuşirwany hem ýesir alyp gitdiler. Her kim Altynjana ýapyşdy “Ar alaly, ýesirleri halas edeli” diýşip. Öňki Altynjan bolan bolsa birwagt at salardy welin, indi Altynjan hatyn döwlet derejesinde pikir edýär. Bundarlara azar berilse, soltan Masudyň soltanatyna garşy gidildigi boljak.
Ýöne bolmady. Ahyrsoňy, Altynjan ýigitleri bilen olaryň yzyndan ýetdi, bundarlary öldürdi we ýesirleri halas etdi. Bundarlaryň ýolbaşçysynyň meýdini Nyşapuryň häkimine ugratdylar. Altynjan daýzasyna buýsanan Anuşirwan tolgunmak tolgundy.
Dolanyp gelenlerinde, bulary ýüzlerinden gar ýagýan saltyk begleri garşylady. Altynjan dagy saltyklary soltan Masudyň gürzüsiniň astyna iteläpdi ahyry. Indi garaşyber haçan soltanyň sili üstümizi basar diýip. Ýöne hemmeler, men diýen saltyk serdarlaram Altynjana haýran galyp bakardylar. Saltyklar bilmeýärdi – Alla bilýärdi: bu pajyga saltyklaryň bir beýik soltanlygy döretmeginiň başydy. Şersiz haýyr ýok.

Ilkinji ýeňiş
Tümlükler böwsülip, nur bolar gider...
Soltan Masut mähetdel etmedi. Onuň bellän serkerdesi Salar Begdogdy on ýedi müň goşun bilen saltyklaryň üstüne gaýtdy. Saltyklarda bary-ýogy üç müň atly bardy.
Salar Begdogdy diýeniň söweşlere gatnaşyp, uly ýeňişleri gazanan, döwletiň öňünde hyzmat baryny bitiren, ýöne öz-özüne aşa göwni ýetýän, iki aýagynyň arasynda şar bar ýaly, apaň-apaň basyp ýöreýän, apaň-apaňam gürleýän, özünden ejizi görse, gomalyp, güýçlä duşsa, eňilip durýan, azajyk akylyny akyldaryňky ýaly görkezmäge çalyşýan, öwünmekden, özüni öwdürmekden uçursyz lezzet alýan bir pyýadady.
Bu howpdan ýaňa saltyklara howsala düşdi. Olaryň Sowmagy atly müneçjimi bardy. Togrul beg bilen Çagry beg Sowmagyny çagyryp pal atdyrdylar gijäniň ýary. Altynjanam jorasy, il içinde adygan uzyn boýly, inçe billi, sülgün ýaly owadan ýaş gyz Parawbibini çagyryp, Sowmagynyň ýanyna goşdy. Togrul beg:
Eý, Sowmagy, sen Zamahşar gijesini bildiň, ýöne göni aýtman, “agyr silterlenme” bar diýdiň. Bu gezek gönüläp aýt, biz bir türkmen-ä! Türkmene türkilemeseň düşmez.
Sowmagy ýyldyzlara bakdy, Paraw bibi aýasyna, ikisi bir ümleşdiler. Sowmagy tolgunmak tolgundy görýän zatlaryna joşup.
Hany, Sowmagy, aýdyp otur – diýip, Çagry beg gyssady. Sowmagy gazma dutary alyp, bäş keleme sözlär boldy:
Arşa çykdym ýyldyzlardan ýol ýasap,
Tümlükler böwsülip, nur bolar gider.
Bir ajy, bir süýji, eşret hem azap,
Bir gara bir aga ýar bolar gider.

Bu dünýä bir synag – oýny, ýoly kän,
Her haýyrda nije şeýtan oýny kän,
Sowmagy hak diýer, haka gaýgy kän,
Myrryh size şörat-şan bolar gider.
Togrul beg:
Aý, byla ýene güm-sampyň jeňňeline urdurdy, yzyny özäm tapmyýa! – diýip nägile bolup, Paraw bibä umydygär bakdy.
Paraw bibi:
Wah, begim, pal düzzüm oýny däl-dä, biz çak edýäs, Alla hak edýär! – diýip, sag aýasy bilen çep aýasyna bile bakyp, çyzyklardan çen tutup, Sowmagynyň sözüni dowam etdi:
Barça zadyň eýesi sen Biribar,
Mäne babaň patasynyň zory bar,
Her iş kylsaň, garap duran biri bar,
Begim ýeňişleriň kän bolar gider.

Paraw bibi garaw bilen ýaşlydyr,
Biçäreler üçin gözi ýaşlydyr,
Gybata ynansaň, beçäň ýaş gider,
Ömrüň Göroglyga ýol bolar gider.
Beg: – Uýam, Paraw bibim, hoş habaryň-a düşnükli welin, Mäne diýdiň, gybat diýdiň, beçe diýdiň, bular näme? – diýip sorady.
Paraw bibi: - Wah, beg agam, bizem bir başy ölümli bende, hemme hyýalyňa gelip-geçenleri aýan-açyk bilip bilemzok. Özümem daga-daşa siňip gitjegim ýaly bolup dur. Abywertde Haka aşyk Mäne babanyň ýedi ýyl bäri size garaşýandygy bolsa aýan görünýär.
Şundan soň Çagry, Togrul begler Abywerdiň Mäne galasyna baryp, Mäne babanyň huzurynda dyza çökdüler. Ýüzünden nur ýagýan keramat eýesi Mäne baba ap-ak geýnip, uçjak guw ýaly, töweregine ýagtylyk salyp otyr.
Babam, Mäne! Sogabymyz kän, sogabymyzdan günämiz kän! Derdimizi döksek kabul eýlärmiň?
Ogullarym! Dünýäde bigünä barmy?
Bizi üwäp gitjek batharazmyň, gel!
Kapyrmyň, gäwürmiň, butparazmyň, gel!
Gapymyzy ýel açyp, ýel ýapmasyn,
Tobany müň otlan otparazmyň, gel!
Çagry, Togrul begler dertlerini dökdüler:
Bi giden halk zalym soltan Masudyň agyr salgytlaryndan hunaba ýuwudýar. Soltan saltyklary şu uly ene Zemine sygdyrmajak bolýar. Biz nirä gaçsak, ol yzymyzda. Garşylyk görkezeli diýsek, kuwwatymyz az. Depginiň astynda ýitip ýok bolup gitmelimi ýa-da “ýa kepen, ýa gylyç” däbine eýermelimi?!
Mäne baba uludan dem aldy:
Dert barmydyr, bardyr onuň dermany,
Yşk bardyr jananasy – gurbany.
Demsaýyn üýtgeýär jahanyň taby,
Bardyr aýlanmaga berýän permany.
Her bir kynçylygyň aňyrsynda rehmet bardyr, ruhuňyzy belent tutuň! Işleriňiz ugruna bolar! Allah gara güýjüň tarapynda däldir, Allah adalatyň, ejiziň, mätäjiň tarapyndadyr. Alla sizlik bolsa, dünýäniň ähli güýji-kuwwaty jemlenip gelse-de, öňüňize böwet bolup bilmez. Imanym çäksizdir, doga-dilegim sizlikdir!
Minnet çekmezligi Hakdan dilegin,
Aýagna toz bolup, her bir telegiň,
Doga bilen işimiz ýol almasa,
Üç talagyn biýrin çarhypelegiň.
Gelejek sizlikdir ogullarym! Ýöne aladaňyz halk, daýanjyňyz adalat bolsun!
Şalyk näme? Barçaň gedasy bolmak,
Özüňden geç, il-gün pidasy bolmak...
Omyn diýdik, ogullarym! Alla ýaryňyz! Olar güýje daýanar, siz akyla, adalata daýanyň! Ine, bu monjugam gelnimiz Altynjana bergil, ol seniň döwletiňiň hamyrmaýasydyr.

Ak patanyň kuwwaty
Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde...
Mäne babanyň ak patasyndan ruhlanan saltyklar sanlarynyň juda azdygy üçin hile-mekirlige ýüz urdular, bar baýlygyny alyp, ymgyr çöle gaçan boldular. Göhi tutan Begdogdam kowdy yzlaryndan. Saltyklaryň az bölegini gabap derbi-dagyn eden Begdogdy balagna sygman, soltan Masuda hat ýazdy “Saltyklar diýeniňiň elli müň goşunyny çym-pytrak etdik, näme serpaýyň bolsa taýynlaber” diýip. Soňam başladylar bir şagal meslige talan zatlaryny iýip-içip. Saltyklar arabalara şerap baryny ýükläpdi. Begdogdydan başlap, iň soňky garawuluna çenli gaznalylaryň bary serhoş boldy. Şo pursatam saltyklar çozup, olary birbaşdan gyryp başladylar.
Arak içse, Begdogdynyň gözüne hemme zat gelin-gyz bolup görnerdi. Öz serkerdelerini, nökerlerini basalap, nebsini gandyryp ýör, ol pahyrlaram gorkusyna garşylyk görkezip bilenok. Bu pälazan saltyk esgerlerine, serkerdelerine “Ynha, bir owadan gelin-gyzlar geldi” diýip topuldy. Öldir ýaly urup, gelin-gyzy gözüne görkezdiler. Ýöne çawuşlary ony aldap-ogşap, söweş meýdanyndan alyp gaçdylar. Baryp Masut soltanyň öňünde çök düşüp aglady.
Togrul beg gaznalylardan galan bihasap kän oljany synlap ýörşüne serkerdeleriň öz arasynda Altynjanyň edil möjek kimin söweşendigi baradaky gürrüňini ýygy-ýygydan eşitdi.

Perzent
Köpelmek, örňemek ol Hakyň parzy...
Günleriň bir güni Altynjanyň boluşlary üýtgäberdi. Togrul bege “Seniň şahyn elguşuňy iýesim gelýär” diýdi, “Bürgüdiň ýüregini iýesim gelýär" diýdi. Ýeke-ýeke oturmany çykardy. Togrulam bir tünt türkmen erkegi, gönüläp aýdaňda, zordan düşünýär. Bir gün gelse, ýene Altynjan ýüzüni sortduryp otyr.
How, Altynjan, saňa näme bolýar soňky döwürler?
Aýtdylar ahyr saňa.
Kim, näme aýdanmyş maňa?
Paraw bibi aýtdy.
Togrul beg gepi uzaldyp oturman, Paraw bibini çagyrdy.
Paraw gyz, sen maňa o gün näme duýdurdyň?
Paraw bibi elleriniň aýalaryna bakdy.
Wah, begim, men saňa “Perzendiň bolar, şazada dünýä iner” diýdim ahyry.
Baýbo-ow, begiň bagt guşy pasyrdap asmana göterildi. “Kime döwlet guşy gonsa, uçar her ýana ganatsyz” diýlişi ýaly, ganatsyz uçup ýör bi, hem Paraw gyzdan hoşhal bolup, şu aýdymy aýdýar gaýyp ýörşüne.
Indi ýaşar babam Saltygyň ady,
Dilleriňe döneýin seniň, Paraw gyz.
Hiç duşman saklamaz türkmeniň badyn,
Illeriňe döneýin seniň, Paraw gyz.

Köpelmek, örňemek bir Hakyň parzy,
Hak bermese, kime edersen arzy,
Günden joşar boldy ýüregmiň deňzi,
Ýollarňa döneýin seniň, Paraw gyz.

Gussalarma, gaýgylarma gar ýagdy,
Öýümiň törüne täze nur ýagdy,
Oguz çölün güle beslär ýaz ýagşy,
Çöllerňe döneýin seniň, Paraw gyz.

Şazadadyr soltanatyň geljegi,
Deňiz begi, oguzlaryň gerçegi,
Togrul aýdar, gysga ömrüň ölçegi,
Ellerňe döneýin seniň, Paraw gyz.
Togrul beg:
Aç, Paraw gyz, agzyňy! – diýdi.
Saltyklaryň däbinden bihabar Paraw gyz Altynjana bakdy. Altynjanam “Aç” diýdi. Togrul beg Paraw bibiniň agzyna tylla dirhemleri guýup başlady, emma ol dört dirhem bilen dolaýdy. Birwagt Haldan bilen Gülýüzliniň agzyna ýigrimi bäş dirhem sygypdy. Symrugguş ýaly owadan, salykatly Paraw bibi eda bilen ýerinden turup, hoşlaşyp obasyna ugrady. Jan jorasynyň yzyndan garap duran Altynjanyň, näme üçindir, ýüregi jigläp gitdi.
Emma Paraw bibi altyn-kümüşiň adamy däldi. Oňa bir keç ykbal garaşýan ekeni. Gürgen welaýatynyň Baklanjar diýen häkimi bardy. Ol pyssy-pyjurlyk baryny edip, özüne howandarlyk eden öňki patyşany öldürip, soltan Masudyň uguny ýekeläp, oňa gyzyny berip, tagta geçipdi. Saltyklar bilenem arany sazlasy gelýärdi.
Ine, şol betgylygyň küýüne ýene bir bethyýal geldi. Ol Parawbibä öýlenip, bir okda iki towşan urmak isledi. Ýene-de, mekir hilesini ulanyp, Togrul beg bu ýerlerden gidensoň, Parawyň ilatyna uly-uly sadakalar berdi, üç ýüz altmyş kişilik mata, gymmatbaha şaý-sepler sowgat etdi. Soňam maksadyny aýtdy. Emma Paraw bibi: “Ölerin, ganhoruň gujagyna girmen” diýip gaçdy. Bakalanjar kowdy. Paraw bibi atyny daga tarap öwürdi. Bu zalymam atlylary bilen şeýtdi. Paraw bibi atdan düşüp, ýokary dyrmaşyp başlady. Bularam ýetip gelýär. Edil dagyň ortam bilinde Parawbibi bir dileg etdi. “Ýa-ha, garybyň, pakyryň, naçaryň ýalňyz hossary Biribar! Meni bu ganhordan halas et”. Dag elhenç güwledi, soňam göwsüni açdy. Parawbibi dagyň göwsüne girip gitdi. Onuň daga giren ýerine zyýarat ederin diýseňiz, Balkan daglaryna baryň, Aşgabatdan Balkanabada barýarkaňyz, Gyzylarbatdan geçeňizsoň, ýoluň çep tarapynda uzakdan görnüp durandyr.
Прикрепления: Картинка 1
Bölümler: Dessanlar | Görülen: 53 | Mowzugy paýlaşan: TmBürgüt | Teg: Baýram Akatow | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203