23:22 Aşgabat | |
AŞGABAT Ak bagta badalga gunduz binalaň, Arşyň nury gözellikden paý saňa. Al süýt kimin aklygy ak sabalaň, Bolubilmez asyl-asyl taý saňa, Seni gören şahyr bolup, Gürläberer goşgulap, Aşgabat! Arkadagyň ylhamyndan dörän sen, Arzuwly ertekä meňzeýäň aşa. Aýdym tapar ak ýoluňdan ýöränler, Aşyklaryň yşgy getirer joşa. Çünki sen söýgüsiň, Dälsiň başga zat, Aşgabat! Baglaňda bilbilleň ajap mesgeni, Mukamyndan bahar geler heýjana. Asmana göterler çaga sesleri, Watan beslenende şöhrata-şana, Şükür iller aman, Ýurdumyz abat, Aşgabat! Penjireden ak durnalar bakanda, Toýnuk gurap, buşlap ajap çagyňy, Ýene-de aýdymlar joşar jahanda, Wasp edip Diýary, Arkadagyňy, Muňa pasyl gonar, Sazy keşdeläp, Aşgabat! Ene ýerde sadap monjuk hamala, Dür kysmy kamatyň gözleriň nury, Şan getirip bu berkarar zamana, Uzasyn eýýama ak ýollaň ugry, Sen bilen türkmeniň, Kalp köşgi abat, Aşgabat! © Gülşirin HANOWA | |
|
Ähli teswirler: 8 | |
| |