08:08 Aşyk bolmuşam | |
AŞYK BOLMUŞAM Dostlarym, men bir ajaýyp sonara aşyk bolmuşam, Gögündäki mähre baý, ho – ol Nara aşyk bolmuşam, Arşy – agla el serdiren, ah, Zara aşyk bolmuşam, Kalpda baýlygym –--- ynsabym, täk Bara aşyk bolmuşam, Dostlarym, men bir ajaýyp diýara aşyk bolmuşam. Şol diýaryň hyzmatynda ýeller bolup ygsadym men, Iline suwküýze bolup, suw ýolunda synsadym men, Alnyma her gadam tozun ýollar bolup sylsadym men, Çünki men hem ol illeriň güllerin çoh ysgadym men, Dostlarym, men bir ajaýyp diýara aşyk bolmuşam. Dogry sözliň dosty bolýan illeri bar eken munuň, Guşlary – da bendi kylýan dilleri bar eken munuň, Hatda ysyn görüp bolýan gülleri bar eken munuň, Aýdym, saz, mukama çümen günleri bar eken munuň, Dostlarym, men bir ajaýyp diýara aşyk bolmuşam. Gözelligne aň etmedik ham çagalyk geçdi, bilýän, Emma ýaşlyk ýaglyk bulap, öçüp gitmez, gadyr bilmän, Watanmyň waspyn ýetirmän, kämillige ýetip bilmen, Oňa aşyk bolan adam däldirin elbetde bir men, Dostlarym, men hem siziň deý diýara aşyk bolmuşam, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana aşyk bolmuşam. 08.12.2007ý. | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |