Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:32
Aşyky-ahwal
AŞYKY-AHWAL

Kim beýik?! Daglarmy?!
Daglarmy beýik?!
Olar seň ýanyňda bir gysym çagyl.

Kim çuň?! Ummanlarmy?!
Ummanlarmy çuň?!
Olar bir ýuwdum.
Barmak bilen düýbün bulap durmaly.

Kim baý?! Deňizlermi?!
Deňizlermi baý?!
Seniň ruhuň, zehiniňdir sözleriň — dür, merjenu-jowahyrka
Deňizlermi baý?!

Kim ymgyr, ummasyz, ümmülmez, giň kim?!
Älemmi?!
Älemmişmi biserhet?!
Biserhet — bil: kalbyň,
aňyň, ruhuň, pikiriň, ylmyň, ykbalyň,
Biserhet — bil: hyýalyň....

Kim jomart?!
Asmanmy-Zeminmi jomart?!
Jomart — seniň bagt eçilýän ýylgyrşyň.
Jomart — seniň owazyň.

Kim çogly?! Aý-Günmi?!
Ho-ol, Günmi çogly?!
Çogly — seniň mähir saçýan gözleriň.
Çogly — seniň iman baglan gursagyň.

Kim gözel?! Güllermi?!
Güllermi gözel?!
Gözel — seniň saýlanyň.

Kim ýakyn?! Doganmy, dostuňmy ýakyn?!
Ýakyn — seniň niýet-päliň.

Kim batyr?!
Ýolbarsmy, gaplaňmy batyr?!
Batyr — diňe aşygyň.

Kim gerek?!
Ot düşen kalba kim gerek?!
Kim gerek?!
Magşuky-didarmy gerek?!
A-ah, didara döz gelere,
A-ah, zybana söz gelere,
Pynhan bolup özgelere,
Bir ylahy üm gerek
Bir ylahy yş gerek
Yşk gerek!!!
Aýdym gerek!!!
Aýdymny aýdan gerek!!!

14.04.2018ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 70 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Bagabat • 11:40, 28.11.2022
Surat: Kameron Greý. "Porhanlar we Astral". Çekilen ýyly ýazylmandyr.

Goşgy: Formasy üýtgeşik. Äheňi täsin. Öz duýguňy beýan etmegiň geň usuly.
avatar
0
2 Мango • 11:56, 28.11.2022
Bu goşgynyň başlaryny okaňda şu aýat ýada düşdi:
Мы сотворили человека в прекраснейшем облике”. (kuran. 95. Zeýtun).
Bu gysga manyny Laçyn hanym ulaldyp-ulaldyp aýdýan ýaly boldy (göwnüme).
ynsan, aňrybaş ajaýyp, gözel şekilde ýaradyldy.
ol her zatdan üstündir:
dagdan beýikdir,
ummandan çuňdyr,
deňizlerden baýdyr,
älemden giňdir,
çäksizdir,
asmandan-zeminden jomartdyr,
aý-günden çogludyr,
gözeldir güllerden…
haçanda “iman baglasa gursagyn”…
ýa-da gysgaça:
biz ynsany gözel şekilde ýaratdyk”.

Laçyn hanym, bilip ýa-da bilmän uly hakykaty gaýtalady.
nähilem bolsa gowy etdi.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203