23:19 Atalar ýaş ölýär | |
ATALAR ÝAŞ ÖLÝÄR Şeýle bir tiz geçýär arzyly bahar, Arzyly güllerem diýseň tiz solýar ...Biz olara uzak ömür dileýäs, Atalar ýaş ölýär, Örän ýaş ölýär. Ilkinji perzendi inensoň dünýä, Müňläp duýgy peýda bolýar olarda. Aýy-güni ölçeglidir ölçegli, Her sagady geçýär aladalarda. Birje zady peşgeş berse ogluna, Ikinji sowgada ýetişmän galýar. Şeýdip köýüp gidýär ýüzläp posalar, Atalar ýaş ölýär, Örän ýaş ölýär. Ogul jahyl çykyp, murty tabanda, Ýene-de böwürde köpelýär sanjy. Kä şirin arzuwlar ganat beklese, Käte-de olary ýatyrmaz ünji. Begenerler seň ýönekeý ýeňşiňe, Büdreseň, ýüregne gyzyl ot salýar. Käsi agtyklarnam görüp bilenok, Atalar ýaş ölýär, Örän ýaş ölýär. Ogullaň sakgaly dönüp ak gara, Hataryň ýaşulsy bellenen wagty. Atalar şonda-da çaga saýýandyr Diýer körpämiziň açylsyn bagty. Ýadanoklar, mydam akyl berýärler, Ýene aýdylmadyk sözleri galýar. ...Ýüz ýylyň gyşyny gyşlan bolsa-da, Barybir atalar örän ýaş ölýär. © Italmaz NURYÝEW Surat: Jamaleddin Toomajnia (Eýran, Türkmensähra) | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |