Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:29
Aw / sms-hekaýa

AW
(sms-hekaýa)

I


5 сагат геплешипдирис. Вагтын надип
геченинем дуймандырын. Рухум оянды,
ювашжадан озуне гелип башлады...

Ýatmaly wagt boldy diýip hoşlaşsagam,
şu wagt birinji bolup ýazaýyn diýip
otyrdym. Öňürtdiň. Dogrusy, ýazjagyňy duýdumam.

Meniňem ruhum ahyryn oýandy. Uzak ukudan
soň mazalyja gerindem. Ömrümde bir boşluk
doldurylan ýaly boldy.

Öň ullakan çukur, joýa, çöketlik bar ekendänim,
bilmän ýaşap ýorupdirin.


Омрунден бош орун беренин учин айратын
миннетдар! Икимизи душуран достуна
сагболсун айт ве Кадыр Алла шукурлер эт.
Шол себап болды таншанымыза, болан ве
болжак затлара...

Bäh, seni eýýäm düýşümde görýän.
Saçyňy boýan ekeniň. Sary reňk
ýüzjagazyňa gowy gelişipdir...

Orunda rahatja ýerleş.Ol ýerde
uzak oturarsyň.


Узак дийсене, аслында мен узак
дал-де башга созе гарашыпдым...

...omürlik...diýjekdim-de, ukudan
açylarsyň öýdüp, alada etdim.

Görýäňmi, men eýýäm seň aladaňam edýän!

Ömürlik! Sen şol söze garaşdyňmy?


Хава, шол созе гарашыпдым...
Утандырян, билмедик бол:)

Tanşanymyza 5 sagat boldy, men bolsa
seni eýýamlaryň jümmüşinden agtaryp
tapan ýaly duýýan özümi, namüçindir...


Дурмушымын 4 паслы шугунден 1 пасла –
бахара оврулди. Себаби, инди ичими
докмане сен бар, мени динлейан сен
бар, мана душунйан сен бар.

Менде-де шейле. Асыл пикир эдип отурсам,
аглан вагтым, еке галан вагтым дертлешйан
бейлеки озум – сен экенин.

Хош гелдин дунйаме!

Içeri goýbereniňe minnetdar. Owadan dünýäň
bar eken! Bäý-bä, bu gülleri, gök sonarlygy
diýsene! Hanha-da fontanlar, suwy bilen
älemgoşara jan berýär. Bu dünýäden meni
çykarmagyn. Men onuň raýaty bolasym gelýär.


Дунйам сенин билен оваданлашды ахыры...
Озун шо гуллерин оваданлыгындан, ысындан
зеррин болуп, доюп, ядап чыкып гитмедигинче,
сен шо ерде галмагыны довам эдерсин! Себап,
ол ер сенин билен овадан.

Ынанып билемок, мен шейлебир баядым,
рухум баяды.

Sen geldiň-de, garyp köňlüm baý etdiň,
Ýöne, nämüçindir, ynjalygym ýok...


Наме учин ынджалыгын ёк? Намани алада эдйан?

Bu sözleri bileňokmy? Öň eşitmänmidiň?


Мана бейле созлери айдан адам болманды.
Макам гулпланан дунйамин дервезесине
дине сен ачар тапдын.

Bu sms-leriňden soň indi ekran öçmesin diýip,
telefonymyň ýüzüni sypap ýatyryn.
Ýalňyzlygyň penjesinden ahyryn halas
bolan çaga döndüm.


Махирли эллерин бар, эдил памык мысалы...

Barmagymyň ujunda wibrasiýa duýdum welin,
ol asyl seň ýuregiň urgusymy? Ýa sandyradyňmy?
Men oňa sensordyr öýdüpdirin


24 йыллап менин дуюп билмедик ургымы
ненен дуюп билдин?!

Men diňe ýüregiň gürsüldisini däl,
häzir seni tutuşlygyna duýýan. Asyl,
senlik bilen menligiň parhyny ýitirdim.
Häzir bütin dünýä uklap, älem-jahan
diňe ikimiz sebapli hereketini dowam edýär.


Хатда сен менин янымда. Бираз утанян,
йылгырып ашак бакян, юрегмин пулсуны
дуййан бармаклан билен мана айтжак
задыны телефона язып,окатян. Йылгырян
вели, назик, мымык шемал юзуми
сыпаяр... Нахили ажап!

Ajap däl! Kümüş! Indi meniň üçin
dünýädaki iň ajaýyp zatlary diňe
bir söz bilen – seniň adyň bilen
beýan edip bolýar! Ol maňa başga
zatlaryň ählisinden gymmatly.

Gijän içinde-de Gün dogup bilýän eken.
Senden ýene bir hat geldi.


Багтын кесгитлемесини тапжак болуп,
кан китап дордум, кан адамы динледим.
Тапмадым. Асыл янымда экен-а. Багт - Сен!

Ýok, Bagt – Sen!


"Гижан ичинде-де гун догуп билйан экен"
дийдин вели, айнадан даша серетдим.
Хакыкатданам догуп билйан экени – сени гордум...

Şu haty ibermänkäň yazyp otyrdym:
Men seni görýän...

Howa öwrülip bolsady, seniň demiňe
sorulardym, saçyňy, yüzüňi sypan
şol şemal bolardym...


Демиме сорулмадыгыны надип билйан?!

...Soñ içiňden çykman galardym welin,
lukmanlar garnyňda ýellenme
bardyr öýderdi…


Бах, менем шу затлары язып отырдым...
Габат гелайшини.(шундан екарсыны сенден
гелен смс. ден сон яздым) Демиме соруп,
ичимден чыкарман бар суннуми сенин демине
эйлардим. Мен-Сен, Сен-Мен боларымыз ялы...

Kümüş, bu ýazylanlar çynmy? Ýa men eýýäm
düýş görýänmi? Ertir oýanmalymy? Hiç zat
bolmadyk ýaly işe gitmelimi? Meň oýanasym gelenok.


Жогапсыз сораг берйан, Мергеним.
Эгер-де жогабы бардыр ойтсен,шу сораглар сана

Men eýýäm Sen, Senem – men


Джогудигими айдамда, «Аглап башланында
дуйдур» дийипдин. Мен аглап ятырын...

Goý hiç zat üýtgemesin. Bu gije-de
tamamlanmasyn. Men seň ýanyňda. Gözýaşyň
sylýan. Ajy ýaňagyna dodagymy ýetirýän.
Sen meni itmegin


Гел мени гужагына сал ве берк гыс, гойберме.
Хатда мен шо ерде олейин

Ölümi agzama. Seni gujagyma gysan
pursatym behiştde bolarys.Şu wagtam
men seni gysymlap, gujaklap ýatyryn.
Bedeniň dartylyp gidenokmy?


Асыл сен гужаклаян экенин-а, мен
болса ер озуне дартяндыр ойдупдирин...

Ajaly agzasaň, ýer özüne dartar-da...
Agzama ony!

Ýa pružinli krowatda ýatyrmyň? Şonuňam-a
aram-aram dartylaýmasy bardyr...


Шувагт гозлерим гырпман сенден гелжек смс.е
гарашяр...

Al onda, janym. Şu sms-em diňe seniňki.

Kümüş!

Kümüşüm!

Kümüş!

Garaňky dünýäme – yş!

Al ýene!

Ine ýene biri! Tarifberdi aga barka,
mesele däl.

Gözleriňi gyrp, ýogsam girdabynda
gark bolýan.


Менин гозлеримин гирдабында гарк болман,
башга хайсы гозлерде гарк болжак?!

Biz haçan görşüp bileris? Däli-telbe
boldum men.


Габанжанлык дуйгумы оярдын...Gözleriňi gyrp,
ýogsam girdabynda gark bolýan. Шу созлерине
ойкеледим, гозумден ойке яшыны чыкардын...

Kümüş, özüňi özüňden gabanmasana!
Bih!


Хер задын оз сахетли гуни бардыр,
йоне мен сенден ойкели ахыры...

Maňa seniň ýylgyrşyňam gerek. Gözleriňe
gark bolaýsam, dodagyň eteklerine
nädip ýeteýin?


Мен намучиндир габанян, озем соз билен
беян эдип болмажак дережеде...

Ýok, bu gözleriň gurýan pirimi. Olar meni
tutuş süňňüňden gabanýandyr. Gözleriňe ynanma!


Элбетде йылгыршым герекдир,йоне мен сахел
затдан ойкелап билйандигими дуйдурмандырын.
Сен мен боланын учин билерсин ойдупдим...

Bilýän, şoň üçin gözüň girdabynda gark
bolsam-da, gözýaş bilen bahym daşyna
çykarjagyňa gözüm ýetýär, jogüjigim.
Ýöne ýüzüp bilmämsoň, howatyr etdim.
Seň aglap ýetişmezligiň mümkin.

Meni heläk etme-dä, peri!

Bolýar, men çümmäge taýyn. Içiňde bolsam,
hiç zatdan gorkamok. Men seniňki...


Менем Сенинки…

II


Delete this messages?


Cancel ___ Delete


III


Джаныма наме учин джогап беренок?
Сен ниреде? Алада эдйан.

Salamäleýk daýy. Men Altyn. Mergen
buwagt banyada. Hemme zat gulala-gulluk.
Çykanda yzyna aylar. Gowmy yagdayynyz?
Dayzamam gurgunmyka?


IV


Ýokarky sms-e bir zatlar jogap
ýazdyňmy?


Ёк, хич зат язмадым.Алтын ким? Наме
учин мана дайы дийип юзленйар?

Meniň saňa bir aýtmaly zadym bar. Aslynda,
görşenimizde aýtmalydym.
Başarmadym.

Häzirem başaramok.


Мен агласым гелйар. Айтджак болян задыны
анян ялы мен.

Wah, aňýan bolsaň, derdimi ýeňlet, özüň
sora. Hakykaty indi ýaşyrmaryn. Ýöne
seni ýitirmekden gorkýan.


Сен ойленен герек? Горшенимизде-де шоны
айтджакдынмы? Наме учин айтмадын? Посамы
алманкан, гуджагына гысманкан, наме
учин айтмадын?

Hawa.

Bagyşla...

Tanyşdyrmanka dostum aýdandyr-la diýdim,
bilýänsiň öýtdüm. Başarmadym. Aramyzda
aýdylmadyk şertleşik bar ýalydy. Şol
gürrüňi gozgamazlyk hakynda.


Мени гайдып аглатджак дал дийипдин.
Инди мен гайдып кошешмезмикам диййан.
Гозумин гарасы – гара булуда донди. Хич
хачан динмейан булуда.

Наме учин бейтдин?

Наме учин ол «дайы» дийип йузленди мана?
Наме учин бейле смс билен жогап берйа

Saňa kakamdyr öýtdi. Telefonda nomeriňi
kakamyň adyna belläpdim. Olam ýaşynansoň...


Ады Алтын дийсене. Ыкбал мен устумден
гулярмика? Мен Кумуш хокмунде мыдама
икинджи орунда болмылымыкам? Бейле
дурмушда яшасым геленок. Оленим ягшы.

Beý diýme. Men seni söýýän ahyry.
Sen maňa Altyndan gymmatly, Kümüş!


Онда наме учин джаныма джогап беренок?

Wah, Kümüş jan, edil häzir gepleşip bilemok,
çagalar bar ýanymda. Boşaşdygym, jaňyňa-da,
janyňa-da jogap bererin. Sabyr et biraz.


Наме учин мени бейдип алдатдын? Гурджак
ойнан ялы ойнап ташладын. Мен сенин учин
йонекей ойнавачмы?

Чаганам бармы?

Бу ойнун оран ёвуз болды. Бахасы адам
омруне барабар. Гоз яшлара барабар.

Йоне менде сенин дурмушыны йыкмак юмурмак
мейлим ёк. Дине геплешесим, сесини эшидесим
гелйар. Мумкинчилигин боланда джан эт.

Bor. Jan ederin


V


Наме учин хенизем джаныма джогап
беренок? Я блокладынмы?

Işde. Howlukmaç ýumuşlam bar, Kümüş.


Узак эгледжек дал. Дине хошлашайджакдым...
Сонкы гезек...

Näme, bir ýere gidip barýaňmy? Sag-aman
gidip gel


Ол ерден гайдып гелджегим гумана...

Bäh, niräý ol beýle? Owadandepä barýaňmy?


Хава, шол депели-туммекли ерлере барйан...

Oňarýaň, owadan tebigatly ýerleri,
taryhy ýadygärlikleri görersiň onda.
Sag-aman gidip gel!


Бор. Дервеза барып, Довзахын гапысынам
горджек мен.

Oho! Tüweleme! Gözüm gidýär saňa.
Berekella


Устумден гулйан герек?!

O näme üçin güleýin? Ýok! Näme üçin
beýle pikir etdiň? Güman etme. Müňkürlik
gowy zat däldir. Güman imandan aýrar.

Häzir ýazyşyp bilemok. Soň özüm
habarlaşaryn.


Боляр. Гарашджакдырын.

VI


Инди бери бошашансын-а. Джан этсене!

Salamäleýk daýy. Men Altyn. Mergen
işden yadaw gelip, yatyp galdy.
Gyssagly bolsa, oyarayynmy?


Ёк, гелин. Гой, ятсын Мерген.
Авдан сон гаты ядандыр...

© Maksat BÄŞIMOW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 276 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Maksat Bäşimow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 15
avatar
1
1 Mekan2 • 09:59, 03.01.2024
sms-leň aşajygyna kiçijek şrift bilen sagatjyk goýulsa nähili borduka? rim sifrleň ýerine (ýa-da aşagyna) data goýulsa? edil telefonlarda bolşy ýaly.

hekaýa welin gowy. içine ýel gapýan ýeri nemeräk diýmeseň, ötlesi tutýan ýalyrak diýmeseň.
avatar
0
2 Medicall • 10:11, 03.01.2024
hekaýany okap, ýokarsyndaky suraty görüp şeýle pikirlendim: bee biziñ kafemizem hekaýadaky ýaly ýagdaýlara (şahsy hatlara) sebäp bolaýarmyka?."
Ýene diydim:
"aý, ýoklay, bizde beýdişip ýörenler ýokdurlay, kim etsin ony..." kafemizdãki hormatlylara meña ynamym uly, beydip başagaylap ýörmezler-a, hämi? Eger "hä" - däl bolsa aýdyñ, şahsy hat bölümini ýapjak, erbetlige sebäp bolmak meýlim ýok:))
avatar
0
3 Mekan2 • 10:16, 03.01.2024
hekaýa, iň azyndan, üç-dört ýaşyny dolduran bolmaly
avatar
0
4 Medicall • 10:23, 03.01.2024
Wii, şeýlemi, täpbe-täzejemika diydim-a men))
avatar
0
5 Mekan2 • 10:29, 03.01.2024
hekaýa şlýapa edilip goýlan suraty aýratyn gowy gördüm.
avatar
0
6 sussupessimist • 10:32, 03.01.2024
Hekaya 2018-de dagy yazylandyr, ondan bärde däl.
avatar
0
7 Мango • 10:50, 03.01.2024
öň galamdaşda okadym.
tehnikasyny haladym.
kelläme gelen zatlar....
*suwjaryşýalar, biri-birinden beter
*ýaman liriçnydan-romantik sözlemleri gurýa welin bular edebiýatçymyka?
*kümüş-altyn deňeşdirilmesi - bet!
*mergenem tüýs awçyň biriken
*owadandepeli, derwezeli ýerlerinde awçy mergen awyny awlasy gelenoga meňzeýär. romantikada ýok, lirikada :-)
*"Sen geldiň-de, garyp köňlüm baý etdiň" ezizowyň nakyllaşan sözleri toýlarda hezil berýänini bilýän welin "awçylarada" hezil berýän ekeni.

ýyzzyla mynasyp.
avatar
0
8 Мango • 10:59, 03.01.2024
adamlaň özüne "daýy, daýza" diýseler halamaýanyny bilýän.
daýy bolsalaram, daýza bolsalaram şo sözden çekinýäler, belki özleriniň garraýanynyň ýatladylmagyny isleýän däldirler.

indi, kümüş halyna özünden metal taýdan üstün biriniň altynyň özüne "daýy" diýýänine nahili bolýanyny göz öňüne getirmegem kyn :-)
dwoýnoý udar!
ýo troýnoý diýseňem bolýa... awçysy hä berenog-a...
:-)
avatar
0
9 Atsyzatly • 15:44, 03.01.2024
Hekaýa çeperçilik taýdan gowy, durmuşy taýdanam onuň bir parçasy. Owadandepeli, depeli-tümmekli, derwezeli, Altyn-Kümüşli meňzetmeli, söz oýnatmaly ýerlerem has ajaýyp. Ýöne, näme üçindir gynandyrýar, şedewr eser okanyňdaky ýaly üýtgeşik duýguny galdyranok. Bir zatlaryň bir zatlardygyny bilýäň, bir zatlaryň tersdigini, bir zatlaryň ýalňyşlygyny, ýöne nämäniň nirede ýalňyşlygyny, nirede ters gidenligini welin aýtmak kyn.
avatar
0
10 Atsyzatly • 15:50, 03.01.2024
Hekaýanyň awtoryna bir sorag beresim gelýär: "Şu hekaýany ýazaňyzda nämäni maksat edindiňiz?". Çaklap, güman edip bilýän nämäni göz öňüne tutanyňyzy, belki-de ýalňyş çaklaýandyryn, şonuň üçin şu soragyň jogabyny öz diliňizden eşidesim gelýär, elbetde zähmet görmeseňiz.
avatar
0
11 sussupessimist • 18:50, 03.01.2024
Duydansyz mikrofon uzadylan yaly boldy))
Şedewr yaly tasir galdyrmajagy tebigy - bu hekaya şedewrlikden, hatda gowy hekaya diyen bahadan gaty bärden gaydyar. Häki bir eksperiment yalyrak bir zat. Eseriň formasy – onuň yordumyna kybap gelmeli diyen tezisimi has gözilginç yagdayda durmuşa geçirip yazan eserlerimiň biri.
Şeyle (maňzy=galyby) hekaya yazmagy synanyp görmäge iteren zadam, meger, Balzagyň «Шагреневая кожа», Bulgakowyň «Мастер и Маргарита» hemem saytda hazir goylup yören, Deniel Kiziň «Flowers for Algernon» romanlary bolsa gerek.
Balzagyň gahrymanynyň eline yüzünde arap dilinde yazgy edilen sur bagana düşyär. Ol islendik arzuwyňy hasyl edyär. Yone arzuwyň ululygyna görä bagana kiçelip gidyär, kiçeldigiçe-de, gahrymana berlen ömür gysgalyar. Bagana kiçelip, gutardygy - gahrymanam ölmeli... Onsoň şol romanyň formasam syuźetine öykünyän yaly: başynda şeylebir suratlandyrma kän, şeyle bir köpsözli, howlukman beyan edilyär, soňabaka ömri gysgaldygyça-da tekst gysbylaşyp gidyär (ine, şol roman – jedelsiz şedewr).
Bulgakowda bir gahryman (Ussat) roman yazyar. Onsoň yaňky Ussadyň yaşayan döwründe bolup geçyän wakalar bn parallel şol romanam okayas. Iki wakalaryň özara garyşyan yaly bolyan yerlerem bar.
Yene iki mysal: Orhan Pamuguň "Gara kitap" hem-de "Meniň adym Gyrmyzy" romanlary. Şol romanlaryňam formalary syuźetlerine kybapdaş.
Bu hekayamy halamadyklar ony bolgusyz formalistlik hasaplamaklaram ahmal. Eger eser şonuň yaly tasir galdyrsa, oňa garşy argumentim yok.
Yogsa-da, "Diluzyn" hekayamam şeyle terzde yazylan (reality show), yone has içgin işlenen.
"Aw"-yň ideyasy bir sms-den soň geldi (hekayadaky yaly suwjuk soygi hat alşygyndan däldir). Kän kişide şeyle bolyar: kimdir birinden sms gelyär, jogap yazyaň, yene bir sms yazyaň, emma birinjiň manysyny yuwmarlayan ya aydyňlaşdyryan manydaky ikinji, düşündirişli sms barmanka, birinji yazanyňa gaharly jogap alyaň... şojagaz detaljykdan döredi gitdi.
Edebiyatyn terbiyeçilik hem ideologik ähmiyeti, meň pikirimçe, gaty çişirilen. Dogrudanam şeyle bolsa – henizem barymyz kommunistligimize gezer yörerdik, "ös sen – mekgejöwenim!" diyip. Üstesine-de, sowatly, okumyş adamlaryň hemmesi päkyürek bolayanok, dogry gerek?
Yöne ugrukdyryjylyk güyjüne hem-de duyduryş hokmünde tasiriniň bardygyna ynanyan ("1984", mysal uçin, iňlislere gowy duyduryş boldy, Kafkaň eserleri – adamzada).
Şu bolgusyzja hekayajygymam, belki, "hyyalyndaky şazadasyny" gözleyän, owadan sözlere ynanasy gelyän gyzlara duyduryşdyr? Adamlara sözüne görä dàl, hereketine gòrä, oylanyşykly çemeleşmeli.
Aslynda, göràymàge, mundaky Altynyňam Kümüşden gymmatly yeri yok, muny äriniň özem aydyar. Hekayaň başyndaky suwjuk romantigiň nykabynyň aňyrsynda yamman doňyürek "awçy" otyr, gazanjagyny gazanandan soň ol eyyäm aç-açan gyzyň üstünden gülmäge başlayar. Onuň uçin bu gyzlar - спортивный интерес.
Dogrymy aytsam, meň aňymda şol: "Dayy, şuwagt Mergen banyada..." diyip yazyanam Mergeniň özi, özem wakyr-wakyr gülüp yazyar ony. Onuň yaly tejribeli "mergenler" tüpeňini/tilpunyny gelnine bermez.
Ol, aslynda, beyle bir yaramaz iş edyändirinem òydenok. "Gyz 5 sagadyň içinde şo derejede oynalyp bilyän bolsa – şoña mynasyp" diyen pikirde.
avatar
0
12 sussupessimist • 18:54, 03.01.2024
yöne bular meniň şahsy pikirim,
esere yalňyş düşünen bolmagym ahmal))
avatar
0
13 Seýrаn • 20:36, 03.01.2024
Hekayan suraty okyjyny inkise goyyar. Hakyky durmushyny yazanyna menzetdi. Berekella, ajayyp eksperiment bolupdyr.
avatar
0
14 Atsyzatly • 10:06, 04.01.2024
Ýok, hekaýa gowy. Ýazylyş stilem gowy, durmuşylygam gowy. Edil 100/100 bolmasa-da "+"-ly, "-"-ly şular ýaly wakalaryň ýüzlerçesi, belki-de müňlerçesi durmuşda bolandyr, ýa-da bolup durandyr. Ýöne, men hekaýada gözlän zadymy tapyp bilmämsoň, size ýüzlenäýdim. Ol bolsa hekaýanyň gulluk edýän esasy ideýasy. "Ýazyjy näme diýjek bolýar?", "Haýsy pikiri öňe sürýär?" diýen soraglaryň jogabydy. "Owadan sözlere ynanasy gelýän gyzlara duýduryşdyr" diýen jogap bilen hekaýa belli bir derejede öz ýerine gelýär.
Sag boluň jogaplanyňyz üçin.
avatar
0
15 Darakdiş • 09:23, 16.01.2024
Gyzlaram gyzlardyr-la welin...

...ýa-da käbir kakalara duýduryşdyr: gyz çagalaryňyzy söýgüsiz, mähirsiz goýmaň, netijesi şu bolar...

Sizden almadyk söýgüsini ilden, 5 sagatlyk manysyz tanyşlykdan, smslerden gözlär...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203