17:02 Awlanan al | |
AWLANAN AL Gyzynyň çeken suratlaryny görende Maralyň ini düýrügip gitdi. Adamy iýip duran aždarhamy, bogup duran ýylanmy, pers – ala edip goýan möjekmi, garaz ol gorkunç kino görene dönäýdi. Eline gelen jaň Maralyň ünsüni sowdy. “ Bardym” diýdi-de, ökjeli köwşüni howlukmaç geýip, çykyp gitdi. Işe gelende başlyk aljyraňňy göründi: - Maral, hasabatlaňy al-da derrew prokrotura ugra! - Salam, başlyk! Siz gideňizokmy? - Birazdan bararyn, işlemi dynyp. Sürüji garaşyp durandyr, haýal etme! Ýolda barýarkalar gyzynyň çeken suratlary Maralyň gözöňünde täzeden janlandy. Birdenem 13 ýyl ozal mellekleriniň aýagujyndaky agaçlaryň birinden asylyp ölen oglan jigisi ýadyna düşdi. Owalary doldy. Nirä barýanyny ýatlabam, ýaş akmadyk ýaňagyny çaltlyk bilen süpürip göýberdi. Prokuror öňünde goýlan hasabatlara tiz göz aýlady-da sorag ýagdyryp ugrady. Eýýäm ýigrimi bäşinji gün dürli-dürli tarapdan soralýan şobir soraglara Maralam öňki jogaplaryny gaýtalady. Edil bir şekiliň 16 tarapyndan düşýän kölegesi barda. Maral jogaplarynyň üstüni ýetirdi: - Başlyk, bize bellenen suw möçberi belli. Berlen suw belli. Ana,delilnamalar eliňizde. Suwy kada görä berdik, alnan suwa görä suwarylmaly gektara daýhan hojalyk jogap berýär. Biziň miraplarymyz suwy ölçäp,delilnama ýazýarlar. Öz gollary,daýhan hojalygyň mirabynyň,agranomynyň gollary bilen bilelikde kontora tabşyryp durlar. Bu resminamalaram eliňizde. - Başlygyň hany? - Häzir gelmeli,Nury Saparowiç. - Maral,daýhan hojalygyň degişli işgärlerinem çagyrdym. Sizi ýüzleşdirmekçi. Bölüm başlyk hökmünde jikme – jik jogap bermeli bolarsyň. Häzirlikçe ötägidiň. Ýene bir sagatdan başlygyňyz bilen bile şu ýere geliň. Maral dälize çykyp,başlygyna jaň etdi. El telefonynyň ýene-de öçükdigini bilip,partlaýjak boldy. Emma bar ýer kamera bolansoň,dodagynyň gyrasyny dişläp,elini eli bilen berk gysdy-da duryberdi. Biraz şeýdip duransoň,köşeşen ýaly bolsa-da bokurdagynyň mäzleri daşa öwrülen ýaly,dykylyp azar berip başlady. Aşaky gata düşüp,dyz epere ýer gözledi. Emma ýokarky gatda bolmaýşy ýaly bärde hem otyrgyjam ýa şoňa meňzeş zadam ýokdy. Prokuroturanyň dälizinde otyrgyjyň ýokdygyny bilse-de,gözläp ýörşüni Maralyň özem geň gördi. “ Aňym öçüp ýör öýdýän” diýip howla çykdy. Bagyň aşagynda goýlan sekä özüni göýberdi. Başlygyň gerek wagty elini eýýäm müňlenji gezekdir bilgeşleýin öçürip goýmasy, prokuroryň şobir soraglary ýagdyrmasy,uly gyzynyň çeken elhenç suratlary,üstesine-de duranja “ite” öwrülmesi,garaz bar zadyň agyrlygy Maralyň bogazyna çöken ýaly,agyryp alyp gelýärdi. Bir sagatdan soň käbir bahanalar bilen Maraly barmaly ýerine göýbermän,dälizde garaşmalydygyny aýtdylar. Laýyk iki sagatlap Maral bilen daýhan hojalygyň hünärmeni tamdyra garan it ýaly garaşyp durmaly boldylar. Diňe şondan soň ýüzleşmeliler ýüzleşdi. Meselä anyklyk girizildi. Netijede, bulut suw hojalygyň üstünden syrylyp,daýhan hojalygyň depesine çökdi. Emma bu günki sözlän sözlerini,getiren delillerini iki tarapam 25 günden bäri aýdyp gelýärdiler. Näme üçindir, “Syrkawlasaň,dert diýen närse möwritini ötürmän ýakaňy göýbermez” diýişleri ýaly bolaýdy. Maral öýüne gelende çagalaryň sesi howlyny göçürere getirýärdi. Emma oňa bu ses şu wagt ýakymly eşidilmänem durmady. Işdäki näçe günüň aladasy,hiç kimiň öz arkasynda durman dönüklik edişi iki gerşinden basyp,maýyrara getiripdi. Bu gün bolsa mesele doly çözüldi. Iň bolmanda indiki ýyl budgaý hasylynyň suw tutulyş meselesi gozgalýança-ha azar bermezler. Onsoňam başa iş düşende adamlaryň ýüzündäki nikaplar sypyrylýan eken. Kime gulak asmaly,a kime asansyramaly,muňa indi Maral gaty gowy düşünýär. “Körem hasasyny bir aldyrar.” Eýýäm ýigrimi bir ýyl bäri şu ugurda işläp ýörenem bolsa,aralardaky ýaly iş başyna düşmändi,aljyramandy. Durmuş ony elejireden eken. Ýa bolmasa-da jylawyny göýbere-göýbere birdenem çekip daňan bolmaly. Kimiň kimdigini tanar ýaly öňden şeýtmeli eken. Aşhanada gök töpläp duran Maraly uly gyzy Baharyň sesi iňkise goýdy. Ylgap diýen ýaly telewizor jaýa baranda Bahar jigileri Bähbit bilen Bagdanyň ýakalaryndan tutup,ýelek kimin ýokary göterip silkeleýärdi. O barmana jigileri gykylyk turuzdy: “Düşürde,düşür” boluşdylar. Maral gorky bilen - Bahar! –diýip gygyrdy. Kiçilerini çaltlyk bilen elinden aldy. Bir zatlar höňürdedi-de otagdan çykyp,tizdenem yzyna eli oklawly dolandy. - Terminator bolasyň geldimi,gel men saňa terminator görkezjek – diýip durşuna uly gyzynyň gollaryna jaýly edip oklaw saldy. - Ha – ha –ha,agyrdanog-a,ha-ha-ha. Muny eşiden Maral guduzlan ýaly Baharyň çem gelen ýerini saýgylady. - Ha-ha-ha,bildirmese näme eje,uryber,barybir agyrmaýa. Akly başyna aýlanandyrda,Maral sakga saklandy. Howlukmaç howla çykyp,özüne basalyk etdi.Ýap-ýaňyja gözüniň alnynda on bäş ýaşlyja gyzy nähilidir başga zada öwrülen ýalydy. Beýle gorky,belki mundanam ötesi oňa tanyşdy. On üç ýyl mundan ozal oglan jigisiniň aýagyndaky patdysy gaçmadyk asylyp ölen göwresini görende-de elhenç gorky ýüregini gaplapdy. Maral bir zady unudan ýaly bolup öýe girdi. Görse çagalar hiç zat bolmadyk ýaly telewizor jaýda multifilme tomaşa edip otyrdylar. Diňe Bahar bir burçda surat çekip,garabaşyna gaýdy. Maral aşhana dolandy. Tabanyň aşagy pessejik ýanyp duranam bolsa,töpläp duran gögi düýbüne ýelmeşip başlan eken. Gögi taýyn edip,hamyra başlady. Eli hamyrda bolsa-da pikiri çagalaryndady. Ýoldaşy Serdaram bu gün işde. Gözlerini bir ýerlere dikip,içini gepledýärdi: - Sag-aman ertire bir çykaly,bolan zatlary Serdara aýtmasam boljak däl. Öň-ä ýetginjeklik ýelginidir,agyr geçirýändir, gaharjaňlaşany hem şoň üçindir diýdim. Gel,geçirimli bolaýyn,höre-köşe edeýin,ulalşansoň gyzmalygy galar diýip özüme göwünlik berdim. Emma munuňky gyzmalyk däl,dälilik. Eý,Allam,bir elinde 13 ýaşly,beýleki elinde 5 ýaşly jigisi. 2 kilolyk torbadyr öýtmed-ä. Heý,15 ýaşly gyzda-da bir beýle güýç bormy?! Ne döw çalsa,çaldy şuňa. Özüň gowsyny edeweri,Ýa Rebbim! - Bahar,Bagda,geliň hany börek büküşiň – diýip adatdakylar ýaly gyzlaryny iş başyna çagyrdy. Syr bermedi. * * * Gije ýaryndan agyp,daňa gyşaranda gözler ýalpa açyldy. Diňşirgendi,görse hemme ýatana meňzeýär. Üstesine-de ses hemmeleriň süýji ukudadygyny,indi howla çykmaga wagt bolandygyny oňa aýtdy. Ol ýuwaşlyk bilen gapyň gulpyny ýazdyryp,howla çykdy. Biraz saklanan ýaly etdi-de hammama tarap ýöneldi. Hammamyň gapysyny içinden gulplansoň, onuň howsalasy hasam artypdy. Ol pyşyrdap diýen ýaly gepleýärdi: - Bes et indi! Saňa näçe gezek aýtmaly,meni günüme goý! - Sen bizden gutulmarsyň. - Öýdäkilere aýdaryn. - Kime aýtsaň,ertesi gün öýden şonuň ölümi çykar. - Näme üçin,biz saňa näme ýamanlyk etdik? Ses iki boldy: - Hiç hili. Bizem hiç kime ýamanlyk etjek bolamzok. Tersine seni azatlyga çykarjak bolýas. Emma bu syr bolmaly. Biziň garşymyza gidip,birine aýdaýsaň,ol kim bolsa-da öler. Senem ne azatlyga çykarsyň,ne-de bu wyždan azabyndan dynarsyň. - Azatlyga çykarynmy? Men tussag däl-ä. Diňe sen...indi siz meň azatlygymy elimden aldyňyz. Nirdenem bir sataşdyňyz,gabyr boluň,ýitiň gözümden! - Ha-ha-ha,adamlaň gabyry bolýar. Siz görgüli adamjyklar dar çukura duwlanyp baky ýatýaňyz. A biz...biz gabyrdan azat. Islän ýerimizde gezýäs. Islän zadymyzy edýäs. Aslynda,keýgim biz saňa ýagşylyk etjek bolýas. Sen öz ajalyňa ölseň gabyrdan başga zat bolmarsyň. Biziň diýenimizi etseň weli,erkinlige ýetersiň,uçarsyň,eşidýäňmi? Ha- ha ha Ol gapyny açjak boldy,emma sesler päsgel berdi: - Biziň sabyr käsämiz püre-pürlendi,keýgim. Wagtyň azalýa. Basymrak bir karara gel. - Siziň diýeniňizi etmesem näme? - Onda gabyr bolýançaň seň ýoldaşyň bolarys,başga birine aýdaýsaňam... - Besdir,aýrylyň öňümden! Häzir öýdäkiler oýanar. – diýip seslere gulak asmazdan ol çykyp gitdi. Emaý bilen gapyny açyp,ýerine geçmek üçin otagyna geçip barýarka,Maral onuň daşardan gelenini görüp ýatyrdy. Dowamy bar © Meňli AŞYROWA | |
|
Ähli teswirler: 17 | |
| |