00:31 Aý dolansoň ýaşyp başlaýar | |
AÝ DOLANSOŇ ÝAŞYP BAŞLAÝAR Penjireden dolan Aýyň bakmasy, Meňem oňa şahyrlarça seretmäm... Bu gije owadan asman sahnasy, Kofe süzýän şekerini eretmän. Kagyz. Galam. Kofe. Ýürek melhemi. Düşün, läläm, men mert bolup ýadadym. Gel, otur gaşymda hem diňle meni! Aslynda, näme-kä meni ýadadan?! Barha golaýlaşýar sensiz geljegim, Belki, şodur göwni salýan dowula. Özüm hakda diňe diýip biljegim, Ölmesem başymdan bar zat sowular. Razy, menli günleň hoş geçen bolsa, Kim ömür sürüpdir perişde bolup. Geçenleri ýatlamaga çen bolsa, Geljegiň gaýgysyn aýraly ýolup. Biz solar öýtmändik arzuwlaň reňki, Söýgi üçin köp zatlara taýyndyk. Arzuw-hyýallaram däl indi öňki, Olaň ýerin tutup barýar kaýyllyk. © Seýitmyrat GELDIÝEW | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |