16:05 Aýdylmadyk söz | |
AÝDYLMADYK SÖZ Ýa sen kejir bolduň, Ýa men kineçil. “Bagyşla” sözüni Aýtmadyň neçün? Ak gar tozgasyny Sepelän güni, Sözleň buýsanjymy Depelän güni, Men uçut gaýadan Ýykylan ýaly, Gözde bar gözýaşym Dökülen ýaly, Bigadyr täleýme Ökünen ýaly, Senli geçen ömre Armanly bakdym. Daşymy gam-gussa Dumany örtüp, Başyma şar-gara Bulutlar çökdi.... Şonda-da sen,eger “Bagyşla” diýip, Alsadyň göwnümi Ünjimi duýup, Ömre bir ýyl ömri Goşup bilerdiň. Ýa birinji özüm Saňa ýüz berip, Seň ömrüňe ömri goşup bilerdim. Ýöne näme üçin Dymdyk biz eziz? Ýa-da duýgularmyz Boldumy ejiz? Ýa sen gorkduň Günäň geçilmez öýdüp. Menem başarmadym Bir zatlar aýdyp. Ýaşaberdik nola Ýene nol goşup. Uzaklaşyberdik Ýola ýol goşup. Başarardyk belki, Emma bilmedik Söýgi bilen ömrimize Ýyl goşup. © Meñli Aşyrowa 2014ý. | |
|
Ähli teswirler: 6 | |
| |