00:46 Aýdylmaly aýdym | |
AÝDYLMALY AÝDYM Sen meň birçak aýdylan, Iň bir gamgyn aýdymym. Sen meň birçak aýdylan, Iň şadyýan aýdymym. Çykdy gitdi ýadymdan, Ýöne haçan aýdanym. Gamgyn çagym aýdamda, Ah, halymy aňlardy. Özi aýdym bolsa-da, Adam ýaly aglardy. Şadyýan pursatlarym! Wah-eý, känem däldiler. Soňabaka-ha olar, Hakyt menden dändiler... Indi aýdym aýdamda, Bolsa-da ol şadyýan. Nämüçindir, elimi ýüze tutup aglaýan. Sebäp olarda sen bar, Diýme: "Ol bir aýdym-a!".. Terk edilen dünýämde, Öwrüldiň sen aýdyma. ...Sen indi aýdylmaly, Iň bir gamgyn aýdymym. Sen indi aýdylmaly, Iň şadyýan aýdymym. Ýöne ömür paýawlap barýar, haçan aýdaryn?! © Ogultäç ORAZTAGANOWA | |
|
Ähli teswirler: 0 | |