15:28 Aýnagözel Nuryýewanyň "Gopuzçy ene" eseri | |
Bir mahalky köne güzeriň çola kenarynda ene gözüni ýumar-ýummaz çagalygyna dolanyp, agyr zähmeti gören agajet barmaklarynda çalasynlyk bilen gopuz çalýar. Bu türkmen enesi adaty gopuz çalmaýar, ol öz ömür ýolundaky şatlykly hem ajy hasratly, hupbatly günleriň owazyny çalýar. “Ten garrasada ýürek garramaz” diýleni, bir mahalky gulpagyny tasadyp, alaja bilen boýnundan asan gopuzyny gaýtadan garrylyk müçesinde çalýar. Gopuzyň bu owazy giň türkmen sährasyny, heňňama siňen ene-mamalarymyzyň bize aýdyp ýetişmedik öwütlerini zaryn owaz bilen aýytýan mysalynda duýulýar. Ol şu owazyň astynda öz iň mähribanlaryny ýatlaýar, çünki şu gopuzy oňa çagalykda şol ezizleri sowgat edipdi. Enäniň kebzesinde hyýaly ganatlarynyň goýulmagy bolsa perişde mysalynda onuň keramatyny aýtmak isleýär. © Döwletmyrat DURDYÝEW Sungaty öwreniji Gündelik ýazgylary 11.01.2023 | |
|
Ähli teswirler: 5 | |
| |