13:00 Aýralyk | |
AÝRALYK Ýa romantik, ýa hyýalbent, ýa aşyk – Köňül kimin alyp gaçýar serimiz. Gidýäs ýedi derýa, ýetmiş dag aşyp, A obada galýar enelerimiz. Kimse ykrarýetin, kimse ykbalyn, Kim gözleýär göwün söýen gyzyny. Ynha, menem öz gözlegme çykýaryn, Çalyp öten halypalaň yzyny. Labyr taşlap öň görmedik ülkäňe, Ýurt tutunýas öz näbelet ýerimiz. Ýeri, aýdyň ahyr, tapýarys näme, Ýitirip perişan enelerimiz!? Jaň edýäris – didara zar eneler, Pul ýollaýas – eneler zar didara. Gugaryplar galan mülküň ruhy deý Samraýandyr sygmaýan dört diwara. Gadym köşge gaýra dur diýýän öýüň Deň ýary halydyr, mebel deň ýary. Dokuz aý goýnunda göteren enä, Dokuz ýyl boýnunda göteren enä. Ýaşar ýaly ýer tapylmaz el ýaly... Ýene hat ýazýarys, (eger Ýesenin Ýazaýmadyk bolsa ýazmazdyk asla!) A obada ýalňyz enelermizi Garrylyk däl, gaýgy basýa, gam basýa... Ýa romantik, ýa ham-hyýal, ýa aşyk – Söýýäris asmany, biziňki zemin. Hem at deý hamytdan boýny boşadyp, Hemem enemizden dynýarys elin. “Gelip git” diýýäris, ýylda bir gitmän, Alada kän, wezipe kyn, daş ara. ...Olar pulumyza, hatymyza däl, Wah, olar zar, didara zar, didara! Olar ýaşamaýar, olar garaşýar, Olar ahyr barjagmyzy duýýarlar. Ýol, pul bile, ýola bakyp doýmadyk Gözün ýumdurmany bize goýýarlar... © Nobatguly REJEBOW Ceşme: Nobatguly REJEBOW. Kalbymyñ senasy (Goşgular we poemalar). https://kitaphana.net/electronic-book/619 Surat: Skulptor Saragt BABAÝEWIŇ eseri, "Ene". | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |