22:19 Aýuw - kinopowest - 2 | |
Onsoňam Aýuw geplemäni nireden öwrendikä? Onda-da hut, türkmençe geplemäni. Ýa her halkyň öz Aýuwy barmyka? Ol äteňenälet ine, birden, köwüň o gyrasynda ýaşaýan Jelil aga ýa-da onuň aýaly Patma daýza duşaýsa dagy haýsy dilde gygyrjakka? Parsyça gygyrjakmyka ýa türkmençe? Atamgyzy enesine ine, şu hili soraglaram berip görýär. Ýöne, belli jogap alyp bilenok. Görüp otursa asyl enesem öz gezeginde enesiniň enesinden eşidipdirmi, garaz, o gürrüňler ilki kimden çykandygy, haçan dörändigi belli däl. Şu zatlardan çen tutan çagy Atamgyzyň Aýuw diýlen zadyň bardygyna-da ynanasy gelenok. Ýöne, nätjek, gürrüň bir özüne çekiji, süýjüje zat bolýa. Diňläniň bilenem ýitirýän zadyň ýok. Onda-da her gije öz öýüňde, baýaminnet aýdylyp oturylan bolsa. Şonuň üçinem Atamgyzyň berýän soraglarynyň yzy üzülenok. ―Enä-ä... ―Hä-ä? ―Aýuw gije gelýämikä, gündiz? ―Aýduwlaryna görä-hä gije gelýän bolmaly. ―Gyş gijesi gelýämikä ýa ýaz gijesi? ―Ýaz ýa tomus gijeleri gelýän bolaýmasa. Sebäbi gyş gijeleri sowuk bor. Ol gowagyndan çykybilmez. ―Şu günler geläýmegi ahmal-da onda? ―Ahmal. Ýöne soňky döwürler-hä geldi sesi eşidilenik. ―Sen aklyňy bilip gelen gezegi boldumy? ―Gelenin-ä göremok, ýöne diýdurlaryn-ä eşidýän. ―Enä-ä... ―Hä? ―Ol adyny gygyrýan adamsynyň adyny nireden bilýäkä? ―Ony bilmese Aýuw bormy ol, gyzym. Onsoňam ol entek gelmänkä bar zadyň anygyna ýetip onsoň gelýär-ä... ―Oba gelmänkä nädip anygyna ýetýäkä? Garry “kih-kih” gülýär. ―Onçasyny ine, indiki gezek gelende özünden soraýarys, gyzym... Atamgyzyň dodajyklary titreýär. Enesiniň jogaplaryndan kanagatlanmadygy bildirýär. Ýöne, sesini çykaranok. ...Elmaýyş ene ine, bu gije-de “döw çykan” agtyklaryna erteki otaryp berip otyr. Ortarada ullakan ojak gübürdäp dur. Oduň gyrasynda mis kündük, “lykyr-lykyr” gaýnap dur. Ojaga golaý ýazylan ojakbaşynyň üstünde Jahangir çaý içip otyr. Ol käte bir ojaga odunjagaz oklap goýberýär. Gapdalynda tikilip gutarylmadyk ak telpek ýatyr. Çaýdan boldugy ol şony eline almaly. Şu gije tikip gutarmaly. Çünki, ertir ol şony geýip daga, duz getirmäne gitmeli. Umuman ol hünärli, edenli ýigit. Çokaý, ädik, telpek tikmekden başga atşynaslykdanam başy çykýar. Pälwançylygam ediberýär. Sypyndygam deň-duşlary bilen daga gidip duz getirýär. Küren obany duz bilen üpjün edýär. Häsiýeti boýunça ýagşy ýigit hökmünde tanalýar. Hut şonuň üçinem Elmaýyş ene söz aýdyp baran ilkinji gapysyndan “gurt” bolup gaýtdy. Toýuň sähedinem belledi. Ondan soň gezek Atamgyza ýetýär. O-da indi obanyň göze görnen gyzlarynyň biri. Ýaňy on alty ýaşynyň dolandygyna, göwresiniň çepiksijedigine garamazdan, dokan halylarynyň, matalarynyň, ýaka salan nagyşlarynyň dabarasy dag aşdy. Ýüň boýap keçe güllemekde-de, bilegini çyzgap basmakda-da gelin-gyzlaryň hiç birinden pes oturanok. Hut şu wagtam enesiniň birsydyrgan çykýan güňleç “gümürdisine” gulak asyp oturşyna tahýa biçip otyr. Biçip bolansoň ony oduň ýagtysyna köklär-de, gündizlikde-de keşdelär. Onam...Ýeri, bolýa-da, - dile geldi, bile geldi – diýipdirler, onam Jahangiriň dosty, gurban baýram günleri hiňňillik uçulanda, gadyr gijeleri gyzlar bilen toplum bolup gezilende, özünden gözüni aýryp bilmeýän Gerçek atly ýigide berer. Ol ikisiniň arasyndaky pynhan syry Gerçegiň jigisi Hasperiden başga bilýän ýok. Asyl, Gerçekden ilki “salam” getirenem şol. Hasperi. Hasperiniň birden-kä Atamgyzy bilen jora bolup oturyberşinden Elmaýyş eneniň bir zatlar aňan bolmagy mümkin, ýöne syr bildirenok. Sesini çykaranok. Ýogsa-da nämüçin çykarsyn? Haýsy ene öz oglunyň ýa gyzynyň bagtly bolmagyny islemeýär? Gerçeklerem gowy ýer. Atasy, enesem ili-güni agyzlaryna bakdyrybilýän abraýly adamlar. Jahangir üçin baran ýerem şolar ýaly. Gyzyň atasyna Atakişi diýerdiler. Ony Elmaýyş ene gowy tanaýardy. Diýseň dogumly adamdy. Elmaýyş enäniň adamsy Zamanyň iň ýakyn dostudy. Hut şonuň üçinem onuň ruhy şat bolan bolsa gerek, guda bolup gelen gününiň agşamsy Elmaýyş enäniň düýşüne girip: “Şun-a oňardyň, Elmaýyş. Garyndaşlygy täzelediň. Zaman ikimiziň ýürek bagymyzy üzmediň. Gaýtam öňküdenem berkitdiň. Bizem ine, bu ýerde bolan işe begenip otyrys, oň bol-a...” diýdi. Elmaýyş ene siňe seretse onuň gapdalynda Zamanam barmyşyn. Ikisiniňem egninde ak don. Şemalyň ugruna galgap duran donlaryň syýy birdenem ganata öwrülýärmişin-de olaryň ikisem edil, ak kepderiler kimin asmana göterilip gidiberýärlermişin. Şondan soň Elmaýyş enäniň öz eden işinden göwni hoş boldy. Elmaýyş enäniň öýjagazy edil köwüň gyrasynda seleňläp otyr. Garaňky gijeler daş çykaga-da gapdalyndan syn etseň öý kert gaýanyň ýüzünde ýerleşen höwürtgä meňzeýär. Şonuň üçin oba adamlary oňa: Elmaýyş enäniň höwürtgesi, diýýärler. Ol öý bir seretseň dagyň depesine gonup, indem sähelçe gondalaw tapsa uçjak bolup oturan bürgüde-de meňzäp dur. ... Jahangir tikip oturan telpegini boldum edip gap böwre geçdi. Gyşardy. ―Ene, ertir meni irräk turuz, biz ir gitmeli edişdik – diýip, eşidiler-eşidilmez hüňürdedi. Derrewwem uka gitdi. Atamgyzyň ondan: nirä gidýäňiz , diýip sorasy geldi. Birdenem öten agşam Gerçegiň: Birigün agaň bilen daga, duz getirmäge gidýäs, diýeni ýadyna düşdi-de, “...wiý..hä şeýledirow”, diýip, içini gepletdi. Dodagyny dişläp süýjümtik ýylgyrdy. Jahangiriň ýatmazdan öň ojaga oklan odunlary henizem ýanyp dur. Ondan-mundan itleriň sesi eşidilýär. Ahyrsoňy Atamgyzyňam ukusy tutup başlady. Muny duýan garry edip oturan gürrüňini goýdy-da, gyzynyň süzgekläp duran gözlerine seredip: ―Uky gelýä hatar-hatar, nirde bigaýraty tapar, - diýdi. Özem agzyny giňden açyp pallady. – Dogrudanam ýataly, gyzym. Gije bir çene barandyr. Enesi düşek ýazýança Atangyzy daş çykdy. Çykyşy ýalam köw tarapdan iniňi düýrükdiriji edrenç bir gorkunç ses eşidildi. ―Aýu-u-u-uw-w!!!.. Atamgyzy: “wä-ä-ä!!!” diýdi-de, kürsäp öýe girdi. Bir bökende özüni enesiniň gujagyna oklady. Elmaýyş ene gyzyny bagryna basyp durşuna daşaryk diň saldy. ―Näm boldy, gyzym? Nämeden gorkduň? Atangyzyň dişleri şakyrdady. ―Aý...Aý...Aýuw gygyrdy... ―Aýuw? ―H..How...Howwa... ―Goýsana , gyz!... ―Çynym, ene. Hut öz gulagym bilen eşitdim. ―Men-ä hiç zat eşidemok. ―Sen eşitmeseňem men eşitdim. Hakyt gygyrdy. ―Näme diýip gygyrdy? ―Aýuw, diýip gygyrdy. ―Adyňam tutdumy? ―Ýok, adym-a tutmady. Ýöne, “Aýuw” diýip gygyrdy. Elmaýyş ene ýakasyna tüýkürdi. ―Estagpuralla, estagpuralla... Oýun-oýun bilen çyna ýazyp barýar-ow büý-ä... Oňa çenli Jahnagirem oýandy. Tirsegine galdy. Töweregine garanjaklady. ―Näm boldy-aý?.. Henizem enesiniň goltugyna gysylyp oturan Atangyzy gözlerini tegeläp elini daşaryk uzatdy. ―Aýuw gygyrdy. ―Ýak, sizem-ä! – diýdi-de, Jahangir silkinip ýerinden galdy. Donuny ýelbegeý atynyp gapa tarap ýöneldi. Çykjak wagty gaňrylyp enesine seretdi. – Şo gürrüňiňi goý, gorkuzarsyň sen şuny diýip men saňa näçe gezek aýtdym. Şondan soň ol öýden çykdy, gerinjiredi. Gara mahmal deý ýumşak asmanyň ýüzündäki lowurdaşýan ýyldyzlary synlady. Çukur-çukur dem alyp öýkenini arassalady. Soň ýapyrylyp, köwüň üstiaşyry alysdaky jeňňele ser saldy. Derýanyň “güwwüldisini” diňledi. Bir ýerden topar-topar bolup uruşýan itleriň sesi geldi. Sesleriň kä daşlaşyp, kä golaýlaşýandygyndan çen tutup, Jahangir olaryň özara gaça uruş edýändiklerini çaklady. Soň ýene-de aňry ýöredi. Özüne tarap “horguryp” duran atynyň ýanyna bardy. Arkasyny sypalady. Boýnuna kakdy. Otuny täzeledi. Ýalyna çolaşan çöp-çalamlary aýryşdyrybam köwden aşak indi. Uçguryny çözläp barşyna bir küde ýandagyň aňyrsyna duwlandy. Uzak eglenmänem çykdy. Ýyrmaşyp gelşine uçguryny daňdy. Gapynyň agzynda garalyp duran ommuk kündükden suw akydyp elini ýuwdy. Ýene-de itleriň sesine diň saldy. Öz iti Akbaýy gözledi. Adyny tutubam gygyrdy. Emma Akbaý görünmedi. Şondan soň ol öýe girdi. Aýagyna gowallaň sokan çokaýyny çykaryp durşuna öz-özi hüňňürdedi. ―Hiç zat ýok ýerden başga düşüp oturmaňda ýatyň indi sizem. – Ol telpegini başyndan aýryp, tärime berkidilgi şahadan asdy. Ýerine geçdi. Ýatdy. Donuny üstüne atyp, syýnyny ýüzüne ýapdy. Aňyrsyna öwrüldi. – Aýuw, Aýuw diýselerem henize çenli gören-ä ýok şony. Sizem zordan görjek bolup oturmaň... ―Waý-e-eý, çagadyr-da, jan oglum, itiň sesinden dagy gorkandyr-da... – diýip, Elmaýyş ene ogluna nägilelik bildirdi. – Itiňem päliazany uwlaýar-a käte, şolar ýaly. Kim bilýä, ýa köwüň içindäki şagallaryň sesimi ol... Gorkany çyn bolsa gerek, ýorgana girensoňlar Atangyzy enesine hasam gysmyljyrady. Onuň ýumşak göwüslerine maňlaýyny goýup gözlerini ýumdy. Elmaýyş ene welin ömür boýy werziş eden endiginden şu iki arada hem el çekip bilmedi. Eýýäm haçan hor çekip ugran ogluna degişli edip: ―Aýuw hakda gürlemese Köwliniň güni geçýämi, - diýdi. Yzyndanam ýuwaşja güldi. Kükregine gysylyp “hys-ys” edip ýatan gyzynyň entek uklamandygyny bilibem: - Çynam bolsa, ýalanam bolsa şo gürrüňleriň içinde şu gezip ýören adamlara sapak borlygam ýok däl, - diýdi-de, Aýuw hakdaky başga bir hekaýata başlady... Ýap-ýaňyja erbet gorkandygyna, öňem telim gezek eşidendigine garamazdan Atamgyzy enesiniň ol hekaýatynam üns berip diňledi. Bar zat edil gündizlikdäki ýaly göz öňünde janlandy. Hatda Aýuwyň aýak sesem eşidilen ýaly boldy. Şonuň üçinem ol ýorganyny ýokarrak çekip iki gözünden galan ýerini örtdi. Hamala Aýuw şol ýerden böküp giräýjek ýaly tüýnüge, birem şemalyň badyna zülpesi “şykyrt-şykyrt” edip duran gapa gyýa-gyýa seretdi. Enesiniň birsydyrgyn çykýan güňleç sesiniň arasy bilen gijäniň ümsümligine diň saldy. Soňabaka uky basmarlap ugrady. Bir ymyzgandy, bir oýandy, wakalaryň arasy bir üzüldi, bir sepleşdi. Birdenem uzakly gijäniň şirin ukusy goýazy, süýjümtik humara öwrüldi-de, bir bölek duman dek sozulyp tüýnükden girdi, tärimiň ýüzüni sypalap öýüň içinde iküç ýola öwrüm etdi. Göz açyp ýumasy salym Atamgyzyň üstünde pel-pelläp durdy-da, maňlaýynyň üstündäki buldurapjyk duran derlere siňdi. Şol derleriň çykan deşijekleriniň arasy bilenem kelleçanagyň içine girdi we heniz doly bekäp ýetişmedik ýaş beýniniň daşyna çal perde bolup çolandy. ...Ertesi Atangyzy giç oýandy. Gün guşluk boluberende gözüni açalak-ýumalak edip daş çykdy. Ýüzüni gamaşdyryp güne seretdi. Günüň ýylymsy şöhlesi tenine hoş ýakdy. Dünýe gözüne öňkülerindenem has owadan göründi. Ol assa ýöräp işikdäki ýylgyn öwürtmegiň içinde hamyr ýugrup oturan enesiniň ýanyna bardy. Çommaldy. Elmaýyş ene gyzynyň ýüzüne çiňňerildi. ―Turduňmy, gyzym? ―Hm-m..Jahangir gitdimi? ―Ýok. Enteg-ä gidenok. Ýatakda atyny eýerläp dur. Atamgyzy gapdalda duran ommuk kündügi alyp gitdi-de, aňyrrak baryp elini-ýüzüni ýuwdy. Agzyny çaýkady. Aýajyklaryna suw akytdy. Tä, guraýança ýüzüni şemala tutup oturdy. Soň kündügi getirip öňki ýerinde goýdy. Elmaýyş ene öwütrmegiň kölegesinde basyrylgy duran çäýnege, saçaga tarap ümledi. Atamgyzy içerden köneräk kilim alyp çykdy-da, enesiniň görkezen ýerine ýazdy. Ornaşdy. Çäýnegi özüne çekip käsesine çaý guýdy. Içine saryýag atdy. Nan dogrady. Işdä bilen iýdi. Oňa çenli enesem hamyryny ýugrup boldy. Kersene gapgardy. Dolady. Üstüni basyrdy. Boldum edibem gyzyndan bir käse çaý diledi. Hemişe ýumuş buýurjak wagty edişi ýaly: ―Mähek gyzym, mähejik gyzym, işe ýaran gyzym... – diýip söýündi. Elini uzadyp, usullyk bilen arkasyna kakdy. Başyny sypalady. – Çaýyňy içip bolansoň tamdyr towulyk çöplemejik çöpläp gel, gyzym. Atamgyzy: ―Hoş, - diýdi-de, häliden bäri özüne seredip ýatan Akbaýa bakyp ýylgyrdy. Akabaý ýerinden turup gerindi. Atamgyzyň gapdalyna gelip temegi bilen ýüzüni ysgady. Süýkendi. Guýrugyny bulaýlady. Gyz itiň arka boýnuny sypalady. Şol wagt Jahangir atýatakdan atyny idip çykdy. Çykyşy ýalam atlandy. Bakyda duran mes at dogumyna bäs gelibilmän, duran ýerinde telim gezek aýlandy. Çarpaýa galdy. Kişňedi. Aýaklary bilen ýer gazady. Burnuny parryldatdy. Jahangir atyny debsiläp gapynyň agzyna geldi. ―Bolýa onda sag oturyň! Elmaýyş ene allaniçiksi boldy. ―Hä! Näme nan bişere durjak dälmi? Çaý –suw içjek dälmi? ―Ýok ene, men eglenmäýin. Onsuzam gijä galypdyryn. Oglanlar garaşyp durandyrlar. Horjunyňa iýer-içer ýaly zatlara salyşdyrdym. ―Bilýän. ―Onda daşragam bolsa geçen gezekki getiren duzuňyzdan getirjek boluň. Öňküleriňizden şol gowy ekeni. Iri. Arassa. ―Bor, Ene... Elmaýyş ene ellerini ýere diräp ýerinden galdy. ―Sag aman bar onda, oglum! ―Sag bol, ene... Atangyzyň gözleri çygjardy. Bokurdagy doldy. ―Sag bol, dogan! ―Sag bol, jigim! Her gezek aýdyp-aýdyp endik eden sargydyny aýtmaklygy Elmaýyş ene bu gezegem ýadyndan çykarmady. ―Gidişin-u-gaýdyşyn “şor kölüň” üstünden geçäýmäň! Bomy? Jahangir ýene bir gezek: ―Bor ene! – diýdi-de, atynyň başyny daga tarap öwürdi. Atamgyzy agasy gözden ýitýänçä yzyndan seredip oturdy. Obadan çykyberende Jahangiriň ýanyna ýene-de iki atly goşuldy. Olaryň biriniň Gerçekdigini Atamgyzy atyndan tanady. Üçünjini tanap bilmedi. Şondan soň uludan demini aldy-da, enesine ýüzlendi. ―”Şor kölde” nähili bela bar-a ene? ―”Şor köl” eýelimişin gyzym. Duşundan geçseňem kakaýýamyşyn. ―Aky dälinem şol kakypmy? ―Howwa. ―Haçanrak kakypdyr? ―Ir döwür. ―Daşmy ol? ―Şor kölmi? ―Howwa. ―Diýdurlaryna görä iki ýatymlyk dagy bamyşyn. ―Jahangir dagyň ýoly näçe ýatymlyk? ―Bulaňkam şonçarak bardyr. ―Onda bular bir şol ýerden geçmäbilse ýagşydyr. ―Geçesleri ýok. ―Elmaýyş ene azajyk böwrüni diňläp oturdy. Birdenem kesgitli gürledi. – Aý, ýok, geçmezler! Geçme diýlensoň geçibilmezler. Atamgyzy çaýyny içip bolandan soň ýeňillik bilen ýerinden turdy. Içeri girip gopuzyny alyp çykdy. Boýnundan asdy. Öwürtmek ýylgynyň üstüne serilgi şal çuwaly egnine atdy-da, aýagyna köwüşem geýmän, obanyň gündogaryna tarap tutdurdy. Obadan çykyberende güzeri çakyrtikenden doly köneje salma gabat geldi. Haýsy aýagyny bassa ýiti tikeniň awusy ýüregine batdy durdy. Şonuň üçinem ol güzere çuwalyny ýazdy-da, üstünden basyp geçdi. Aňyrsyna ötübem çekip aldy. Edil şol wagtam “has-has” edip Akbaý ýetip geldi. Atamgyzy ony güzerden geçirmän yzyna kowdy. ―Gal, ýogsam ýene-de höwünki ýaly obaň itleri dalar! It galdy. Ýöne nadyl bolup galdy. Her ädimden soň aýak çekip, eýesiniň yzyndan garady durdy. Öňünden çykýan çöp-çöňürleri, kökjagazlary, töňňejikleri çuwalynyň düýbüne oklap barşyna, Atamgyzy obadan mazaly daşlaşanynam duýmady. Ýarty boluberende çuwalyny bir ýerde goýdy-da, etegine çöpläp başlady. Her gezek etegi dolandan soň eltip çuwala gapgardy. Kem-kemdenem örüsi giňedi. Soňky gezek etegi dolanda şyr-ak takyr meýdanyň o çetinde duran şal çuwal garalyp çalaja göründi. Birdenem bir ýerden torgaý peýda boldy-da, Atamgyzyyň dik depesinde saýrap başlady. “Jüýpüldik-jüýpül, jüýpüldik-jüýpül”. Atamgyzy boýnundan asylgy gopuzyny garbap aldy. Sülgüniň jüýjesi ýaly şyr-ak takyr ýere pasyrdap çökende, etegindäki çöplemeler dyr-pytrak bolup ýere döküldi. Daş-töweregine pytrady. Gopuz sesine maýyl bolup, kem-kemden pessaýlap gelýän mollatargaý ahyrsoňy emaý bilen gyzyň çat maňlaýynda gondy. Ýalt-ýult edip ýüzüne seretdi. Men-ä ýadadym, diýýän ýaly, çürnüjigini açyp diljagazyny görkezdi. Atamgyzy çalmasyny goýdy. Mollatorgaýa bakyp ýylgyrdy. Birdenem ýeňse tarapdan “hassyldy” eşidildi. Ýaňagyna biriniň ýyly demem uran ýaly boldy. Ol tisginip beýlesine bakdy. ―Akbaý?... Akbaý çalaja çyňsap kellesini gyzyň goltugyna sokdy. Gyz itiň boýnundan gujaklady. Torgaý bir düýrükdi-de, pasyrdap asmana göterildi. Birdenem ýoňsuzja şemal öwüsdi. Gyzyň örülgi saçlaryny boýnuna orady. Zülplerini derläp duran ýaňaklaryna, maňlaýyna ýelmeşdirdi. Ýerinden turanda etegini galdyrdy. Töwerekde Akbaýdan başga erkek göbekliniň ýokdugyna garamazdan Atamgyzy hasyr-husur çökdi-de etegini aşak çekdi. Gözýetimden garalyp gelýän apy-tupana gözi düşendenem, pytraşyp ýatan çöplemelerini çöpläp etegine atdy. Akbaýa bakyp bir zat diýjek boldy. Akbaý gulagyny ýapyryp çuwala tarap ýöneldi. Gyzam onuň gapdaly bilen ylgady. Çuwala ýetýänçäler ýel mazaly güýjedi. Etegindäkileri howul-hara içine atdy-da, Atamgyzy çuwaly arkasyna aldy. Emma ýel çat maňlaýyndan bolansoň, ýöremek gitdigiçe kynlaşdy. Ýeliň güýjerlemegi bilen gyz bütünleý ysgyndan gaçdy. Üstesine ugur-utga-da saýgartmady. Sag tarapda henize çenli görlüp-eşidilmedik bäş-üç sany harabanyň sudury salgym atdy. Gyz şol tarapa sowuldy. Azaşyp başga ýerlere gelendirin öýtdi. Şonuň üçinem, ýel köşeşýänçä şol harabanyň içinde garaşmagy ýüregine döwdi. Süýrene-süýrene içine girdi. Çuwaly burça söýäp özüni ýere goýberdi. Ýaplandy. Gözüni ýumdy. Eli bilen ýüzüni ýapdy. Düýrükdi. Şeýdibem uka gitdi. Akbaýam kellesini diwar bilen çuwalyň arasyna sokup eýesiniň gapdalynda süýndi. Ýel birazajyk pesendelän ýaly etdi-de, soň ýene-de güýjerledi. Zaryn-zaryn iňledi. Köne harabanyň içinde terslin-oňlyn kowsarlady. Ýatanlaryň üstüni tot-tozan basdy. Gün gijikdi. Atamgyzy Akbaýyň howsalaly sesine oýandy. Görse, ýel mazaly köşeşipdir. Harabanyň agzynda bolsa, adam diýseň adam däl, haýwan diýseň haýwan däl, çuw-ýalaňaç, mähnet bir bela germelip dur. Tenem durşuna tüý. Ullakan gözleri içiňden geçip barýar. Burny maşşyk. Gulaklary gaba. Egri aýaklarynyň üstünde duruşy tagaşyksyz. Elleri uzyn. Penjeleri uly. Dyrnaklary aýpalta ýaly. Syrtarylanda gülýämi ýa gahar edýämi, biler ýaly däl. Atamgyzy eli bilen başyny penjeläp çirkin gygyrdy. Mähnet gara zadam onuň bilen deňine gygyrdy. ―Aýu-u-u-uw-w!!!.. Bu ses Atamgyzyň galanja deramatynam aldy. Ol bir düýrmek boldy-da, gözüni berk ýumdy. Agşamky sesiň gulagyna eşidilmendigine şu duranyň şoldugyna, Aýuwdygyna ynandy. Akbaýyň bolsa şol, ýabjynyň durşy. Çalarak götinjekleýär-de ýene-de topulýar. Emma batyrnyp bilenok. Aýuw içerik ätledi-de, Akbaýy aýagy bilen kakyp goýberdi. Egilip gyzyň iki bykynyndan tutdy. Emgenmän egnine atdy. Harabadan ýegdekläp çykdy we agşamyň ümüş-tamyşlygynda alyslardan garalyp görünýän, gatbar-gatbar gaýaly, gojaman daglara tarap rowana boldy. Adam-gara duşman, sag-salamat daga aşmak üçin, ol özüni jeňňele urmalydy. Jeňňel bolsa obanyň gaýra tarapynda. Oňa barmak üçin obanyň üstünden geçmeli. Şonuň üçinem ol esli ýere barýança garaňka duwlanyp gyr bilen gitdi-de, obanyň deňinden geçensoň jeňňele tarap sowuldy. Käte bir Atamgyzyň “gyk-bagyna” ses goşup, gapdaldan galman gelýän Akbaýam iň soňky pursadyň golaýlanyny aňan ýaly, böküp baryp Aýuwyň budundan agyz urdy. Aýuw silkinibräge-de bir öwrüm etdi, welin, Akbaý togalanyp beýläk düşdi. Jabjynyp ýerinden turdy-da, ýaňadan baryp ýagynyň injiginden aslyşdy. Silkindi. Yza dartdy. Onuň bilenem kär edibilmänsoň öňüne geçip üstüne bökdi. Öň aýaklaryny egnine goýup çigninden agyz urdy. Birdenem bokurdagyndan ýapyşdy. Aýuw gyzy ýanbaşyna aldy-da, penjesi bilen itiň art aýagyndan tutdy. Aýlap-aýlabam takyr ýeriň ýüzüne ras, ýelmedi. It janawer “wa-a-aňk-wa-aňk...” etdi-de, gözüni agdardy ýatyberdi. Kakyndy.Esli mahaldan soň buruljyrap galjak boldy. Emma bolmady. Şonda-da özünden barha arany açyp barýan Aýuwa tarap temegini uzadyp ysgynsyz çyňsady. Şeýdibem ýanyny ýere berdi. Kellesini topraga goýdy. Aýuw şol haýdap barşyna özüni köwe urdy. Soň gür gamyşlyklardan, ýlgynlykdan geçdi. Derýa boýuna golaýlandanam toraňňylaryň arasy bilen daga tarap gönüledi. Atamgyzy urundy, gygyrdy, Aýuwyň çem gelen ýerinden dişledi, dyrnaçaklady, ýyrtdy, tüýlerinden penje-penje gopardy, ahyram özi ýadap özi goýdy. Süňňi gyzyp barýan Aýuw o zatlary çybyn çakança-da görmedi. Ol diňe daglaryň eteginden aslyşyp ýatan baýyrlyklara maňlaýyny diränden soň aýak çekdi. Gyzy egninden düşürdi. Birmeýdan dilini sallap, “has-has” edip oturdy-da, birdenem özüni mejalsyz ýatan gyzyň üstüne oklady. Birnäçe wagt bäri özüni erkine goýman ýören ýabany hyjuwyny köşeşdirmek üçin tagaşyksyz hereketler etdi. Gyzyň eşiklerini ýyrtdy. Sermendi. Gözleýän zadynyň üstünden barandanam, ilk-ä bir küýkerildi , soňam gözlerini petreýdip diň-gögüne garady-da, bat bilen öňe omzady. Gyz gözlerini petretdi-de: “Hi-ýh!” edip içini çekdi. Birdenem: “Waý!” diýip, çirkin gygyrdy. Aýuwam gygyrdy. Ýöne onuň gykylygyň soňy süýjümtik iňňildä ýazdy. ...Aýuw howry öçüşen mähnet göwresini bir tarapa taşlady, gyzyň kiçijik döşlerine kellesini goýup çalaja ymyzganan ýaly etdi-de, birdenem böküp ýerinden turdy. Gymyldamaga rowgaty ýetmän ýatan gyzy egnine aldy-da, şol bir başky bady bilen höküdikläp ugrady. Şol gidişine ýene-de bir gije-gündiz ýol ýöräp, daglara ýetişdi. Garagyýçak, äpet-äpet daşlardan-daşlara, kertlerden-kertlere böküp, dar-dar jülgeleri söküp, ene saýlaryň içi bilen, belent gaýalaryň gerşi bilen ýol aşyp, Atamgyzyny kä arkasyna hopba edip, kä egnine alyp, käte goltugynda göterip özüniň arzyly mekanyna aralaşdy. Dagyň buky ýerinde, iňňän belent ýerde ýerleşen ullakan gowagyň agzyna bardy. Atamgyzyny ýerde goýup, äpet, gara daşy bir gyra süýşürdi. Içine sümüldi. Gyzy gowagyň ortarasynda ýatyryp, ölüdigini, diridigini anyklamakçy bolýan ýaly, esli mahal ýüzüne seredip durdy. Soň daş çykdy. Daşy öňküsi ýaly edip gowagyň agzynda goýdy-da, özem şoňa arkasyny berdi oturyberdi. Hä diýmänem irkiljiräp başlady. Gözleri ymykly ýumlandanam boýny bir gapdala gyşardy. Atamgyzy bolsa bu wagt dünýeden bihabar. Ýatyr. Gygyranogam, yňrananogam. Ýerinden turjak bolup hereketem edenok. Hereket edere rowgatam ýok. Onuň üçin indi bar zat öz manysyny ýitirdi. Çünki, ol ýeke bir il-gününden, obasyndan, dogan-garyndaşyndan däl, eýsem iň eziz zadyndan – gyzlyk buýsanjyndanam aýryldy. Indi onuň oňa-muňa görünere, oba baryp Gerçek bilen gepleşere süýji-süýji arzuwlar edişere ýagdaýy ýok. Şonuň üçinem ol şu wagt ýerinden turmagyň däl-de, galan ömrüne ukudan oýanmazlygyň, arzuwyny edýär. Gaflatyň hiç haçan gutarmazlygyny, başyndan sowulmazlygyny isleýär. Ol häzir özüniň nirede ýatanynam, ýanynda kimiň baryny-ýogunam bilenok. Ol hatda özüniň diridigini ýa ölüdiginiem bilenok. ...Günüň ýiti şöhlesi Aýuwyň edil, ýazzy maňlaýyndan sanjyldy. Ol hasyrdap ýerinden turdy. Daşy aýryp gowagyň içine girdi. Oňa gözi düşenden Atamgyzy düýnküsindenem çirkin gygyrdy. Oturan ýerinde däbşenekläp yza tesdi. Diwara gysyldy. “Has-has” edip dem alanda ýumryja döşleri eňegine degip-degip gaýtdy. Üstüne abanyp duran nägehandan goranmak üçin ellerini daldalatdy. Degerli zat gözläp töweregini garanjaklady. Oňa çenlem Aýuwyň agyr göwresi üstüne howala boldy. Şondan soň Atamgyza dişlerini berk gysmakdan, Aýuwyň uly hyruç bilen, dyzap-dyzap urýan “urgularyna” döz gelmekden başga alaç galmady. Aýuw bu gezegem ysgyndan gaçan göwresini bir gyra taşlap süýjümtik iňledi. Ýatan ýerinden gyzyň ap-ak bedenini, buýr-bulaşyk bolan saçlaryny synlady. Göreçleriniň gyralaryndan syzyp, al-ýaňak üzre syrylyp ýere düşýän, monjuk deý nepis gözýaşlaryna geň galyp seretdi. Eli bilen göwüslerini, boýnundaky gopuzyny elläp gördi. Soň ýerinden turdy. Daş çykdy. Daşy ýerinde goýdy-da, aşaklygyna tarap abşanaklap ugrady. Atamgyzy bolsa, agyr ruhy ten yzasy astynda ýene-de gaflata giriftar boldy. Şol ýatyşyna agşamaralar özüne geldi. Gözüni açyşy ýalam töweregini synlady. Gowagyň agzy ýapyk. Içeri garaňky. Ýöne, näme bar, näme ýok, saýgaryp bolýar. Asyl-ha ol ýerde saýgarar ýaly zadam ýok. Boş. Dört tarapyň buz ýaly sowuk daş. Aşagyňam daş, üstüňem daş. Zeý. Içi demiňi tutup barýan dymyljak ys. Diwarlaryň ýüzi damja-damja der. Megerem Aýuwyň aw “gurallary” bolsa gerek, bir böwürde bir giden egrili-dogruly agaç, gujak-gujak çygar çybyklar üýşürilgi. | |
|
Ähli teswirler: 0 | |