Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:59
Baglanmyşam...
BAGLANMYŞAM...

Men nädip gideýin senden,
Gülleň bilen baglanmyşam.
Dünýäde iň şirin, şirin
dilleň bilen baglanmyşam.
Hüwdiň bilen baglanmyşam.
Öwdüň bilen baglanmyşam.
Aýdymlaryň, sazlaň bilen,
Bedewleň — şabazlaň bilen,
Şatutlaryň, şaçynarlaň,
söwdüň bilen baglanmyşam.

Men nädip gideýin senden,
Yşkyň bilen baglanmyşam.
Atam, babam, pederlerim,
Ýedi degil, ýetmiş ýedi
puştum bilen baglanmyşam.

Ýylgyryşlar, ýygyrtlar la,
Ýagşylyklar, alkyşlar la,
Ýalkanyşlar, galkynyşlar,
Sansyz işler, çoh ýeňişler,
Hem adaty, hem ylahy
güýçler bilen baglanmyşam.

Men nädip gideýin senden,
Asmanyňda ýyldyzlaryň,
Zeminiňde gülleň bilen,
Daglaň, düzleň, çölleň bilen,
Deňiz, derýa-kölleň bilen,
Aşyk eýläp, eýläp şahyr...
Aperi-i-in, gör, kyrkdan geçen
ýyllaň bilen baglanmyşam.

Men nädip gideýin senden,
Adyň bilen, Tuguň bilen,
Oduň bilen, suwuň bilen,
Mele myssyk nanyň bilen,
Duzuň bilen baglanmyşam.

Toýuň-ýasyň, şatlyk-gaýgyň.
Sylag-sarpaň, söýgiň-saýgyň.
Her gursakdaky «jyňňyrdyň»,
«jigggleň» bilen baglanmyşam.
Ejem, kakam, gardaşlarym,
jigilem bilen baglanmyşam.
...Men nädip gideýin senden?!

© Laçyn PÜRJÄÝEWA
02.07.2022ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 87 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Ametist • 07:32, 01.12.2022
Laçyn gowy ýazýa.
Okañda gursagyñy " jyññyrdadyp" hem "jiģģģledip" bilýä.
avatar
0
2 Nurdаn • 22:44, 01.12.2022
Hawa, Laçyn gowy ýazýa, erkin,, diýjegini okyja ýetirip, tpikirlendirip bilýä,
avatar

Старая форма входа
Total users: 203