00:03 Bagt | |
BAGT Salam, bagt, arma, işleň oňunamy?! Dynjyň alaý, belki, ýadansyň bu gün. Mümkin, ýene aýlanansyň ýollarda Ýa-da awtobusda, duralgalarda Gabat gelip, sataşdyryp gözleri, Paýlansyň ýüzugra jadyly hünjiň. Seň şeýle bir eliň açykmyş welin, Dep edäýýämişiň hykgyldyň-ynjyň. Ýeri, bolýar, içiber sen çaýyňy, Sana ýene dür monjuklaň hasabyn. Ýazyber, düzüber sanawyň başyn, Duýdansyzlyklardan, bir säwliklerden Ýogsa-da Bilýäňmi sen näçe ykbal ýasanyň?! Bilýänsiň-le, ýogsa beýdip özüňi asmandan asmazdyň, arzylanmazdyň. Ynan, senden göwnüm galdy dek-düýnem, Görmezlige salyp geçdiň deňimden. Ederin, bir etjek diýen zadymy, Çynym indi özüm çykjak öňüňden. Ýöne saňa ýeke soragym bar meň, Nämçüýn men saňa garaşyp ýörmeli?! A nämçüýn özüň geliberäýeňok! Bilýän işiň kändir, günde ýoldasyň. Nobatymyň ýetmeýänligem mümkin, Gaharyň gelmesin, ýöne jan bagt, Saňa gel diýmekden ýadadym halys. Näm bolar bir nobat öňüräk salsaň, Özüňçe görmeseň, saýaňça gör-ä, Äsgermezlik etmesene, köp dymsam. Dogru-da, nobatym geçirip dursuň, Menem adam umyt bilen ýaşaýan. Her gezek “Ertirle” diýip begensem, Tüwdürlen deý gidip barýaň başga ýan. ...Hany durla pikriň, keýpiň köklensin, Soň ederis bu gürrüňleň dowamyn. Ertir üçin birden sanaw düzeňde haýyş, bagt, ilki bobat başynda Adym bilen familýamy goýaýgyn! © Aýşat HOJAMUHAMMEDOWA | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |