Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:32
Baş üstüne!
BAŞ ÜSTÜNE!

Sen asmanda guş bolup uç!
Uçabilmez,
ganatlary
gyrylan men bolaýyn.
Sen ummanda balyk bolup ýüz!
Ýüzebilmez,
ýüzgüçleri
gyrylan men bolaýyn.

Sen baglarda bilbil bolup saýra!
Ýaýna!
Saýrabilmez,
mahmal sesi
gyrylan men bolaýyn.
Sen daglarda atlar kibi çarpaýa gal!
Serpaýa gal!
Aýlaw görmän, atsyz-zatsyz,
Güýç-gaýratsyz, ýa:lsyz, nalsyz
toýnaklary
gyrylan men bolaýyn.

Goý, munda ýele-göge,
Sowrulan
MEŇ sözüm bolsun!
Sen bossanda gunçalar aç!
Sähralarda, jöwzalarda,
Gowrulan men bolaýyn.

Sen arzylan!
Ornuň bolsun törlerde!
Eremlerden garga kimin,
Kowulan men bolaýyn.

Sen alkyşlan! Alkyş bile,
Gider ykbal göterlerde.
Gargyşlar-u-daşlar bile,
Urulan men bolaýyn.

Ynsaply bol, imanly bol!
(Bolubilseň, bolubilseň...)
Ylhamly bol, yhlasly bol!
(Bolubilseň, bolubilseň...)
Zehinli bol, şöhratly bol!
(Bolubilseň, bolubilseň...)
«Bir nadan hem bir körzehin»
Diýilen men bolaýyn.

«Uç!» diýemde, sen uçmasaň,
«Saýra!» diýsem, saýramasaň,
«Gül aç!» diýsem, gül açmasaň,
«Ýaýna!» diýsem, ýaýnamasaň,
Men neýläýin, men neteýin?!
Bir bigünä bende deýin,
Goý, sen päk bol,
munda-da,
Günäli men bolaýyn,
Günäli men bolaýyn.

2012ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 98 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 01:42, 12.04.2023
goşgy barada zat ýazman surat barada aýdyp otursaň gelşiksizem bolýa welin, onda-da surat barada:

atlaryň daşyny möjek sürüsi gabady.
emma, atlaram arkaýyn, çopanam arkaýyn.
ne atlarda ürkme bar ne-de çopanda gaýgy.
onuň ýadyna saz düşýär...
diňe otlar harasatly iki ýana ygşyldaşýarlar.
avatar
1
2 Saryýew • 22:43, 23.04.2023
Laçyn şahyryň goşgusyndaky SEN diýip ýüzlenýäni kimkä?! OL ynsanmy ýa-da kosmosdaky OL?! Bilesim gelýär-aý...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203