16:28 Başarjaňlyk | |
BAŞARJAŇLYK Bir zat anyk belli — biz hemmämiz çagalarymyzyň saýlama çaga, saýyrdyň ýigit, göreni höwes etdirýän, elýetmez gyz bolup ýetişenini isleýäs. Bolmalysam şeýle. Dokuz aýlap göwrede göterip, dünýä indirip, suw diýse süýt berip, süýt diýse gaýmak berip ulaldan çagaň üýtgeşik gowy bolmagyny islemegiň tebigy bir zat. Ýöne soňky döwür, “Adaty görünýän bu isleg dogrumyka?” diýýän. Biz çagamyzyň beýleki çagalardan ir emedekläp başlanyny, ir ýörjen bolanyny, çagalar bagynda iň akyllyja, zehinlije, terbiýelije bolanyny isleýäs. Mekdepde-de iň ökde, bäşlikçi okuwçy diýdirse begenýäs. Bu islegimiz bolmasa-da gynanýas, käýinýäs, kemsinýäs, hat-da “dogman geçen” diýip, çagasynyň ýüzüni alýan ejelere-de duşulýa. Çaga-da bu islegimizi belki, doglan gününden başlap duýup başlaýandyr. Aga-gara düşünensoň-a muňa hasam göz ýetirýär. Çagaň iň uly islegi ene-atasyny, ejesini-kakasyny gynandyrmazlyk bolup başlaýar. Ol şu gün “berekella” diýlip ertir ýatdan çykyp gidýän bäşlik bahany almak üçin, näçe ejir çekmelem bolsa taýyn — galman okaýar, mugallymyň öňünde “men aýdaýyn, men aýdaýyn” diýip bökjekleýär. Çagadan iň köp soralýan soragam “Okuwlar nähili?” Çaga “Dünýäde iň esasy zat okuwym” diýip düşünip başlaýar. Her gün öýlerine bäşlik baha bilen gelýän çaga, bir gün bäşlik almasa, dörtlük alsa-da öz içinden “Indi maňa ejem, kakam, doganym, daýym… näme diýer?” diýp aglap öýe gelýär. Edil beýle däldir-le diýmäň, men şeýle çagany gördüm. Indi mekdepden bäşlik getirmeýän, doganlaryça, goňşusynyň çagasyça okamaýan çaganyň haly nähilidir öýdýäňiz? Hawa, oňkam gözgyny. Ýogsa o çaga-da okajak, öýdäkileri begendirjek, ýöne bolanok. Alla “ýiti zehin” diýilýän zady oňa bermändir. Ol özi ýaly bir okuwçyň goşmak-aýyrmagy işleýşine haýran galyp, agzyny açyp durberýä. Üstesine, ejesem “Ah-eý, sendenem okuw okan bolarmy? Sen şopur bolsaňam razy” diýýä. Ýöne şu karara gelinçä, eje görgüli näçe dyrjaşýar, çagasynyň öý işleriniň tas hemmesini diýen ýaly özi edip berýä. Çaga käýýeýä, gargynýa, hat-da urýaram. Çaga-da kösenýä, ahyry lapy keç, ilki bildirmän, soň aç-açan aglap başlaýar. Ol namysjaň çaga özüni itden beter ýigrenýä. Mümkin, mysallarymy okap “Aşa çişirýäň” diýersiňiz, aslynda welin, entegem bärden gaýdýan bolmagymam ahmal. Onda näme çagamyz bäşlik alyp gelse, “Berekella” diýmälimi, ikilik alyp gelse “Oňaraýypsyň” diýelimi? Ýok, muny diýmek niýetim ýok. Geliň, indi çagalykdan saýlanalyň. Siz durmuşda bitirip biljek işinem etmekden çekinip, ýaýdanyp “Aý, men başarmanlaý” diýýänlere kän gabat gelensiňiz. Olaryň köpüsi özlerine ynamsyz, bir işiň başyna barsalar diňe iň aňyrbaşy “Baý-ba, nädip etdiň-aý?” diýdiresi gelýän, birden elimden gelmese “Aý, pylanyň iş edişi ýaly” diýdirip masgara bolaýmaýyn diýen düşünjedäki adamlar. Bu düşünjeleriň tohumyny ol adamyň aňyna çagasynyň beýlekilerden üýtgeşik, artykmaç gowy bolanyny islän ene-atasy atan bolaýmasyn?! Ýa-da “O taýyk barma, birden ýykylaýma, birden döwäýme, masgara edäýme sen pylanyň oglusyň” diýip goraglaýarkak o düşünjäň tohumuny atdykmykak? Ýadyma düşýär 15–16 ýaşlarymda Lewi diýip bir psihologyň kitabyndan (ýalňyşmasam, kitabyň ady “Iskusstwo byt soboý” (Özüň bolmagyň sungaty), “Her bir beýiklige bildirmeýän, ýuwaş-ýuwaşdan bolýan ösüş bilen ýetilýär” diýen pikiri okamda haýran galypdym. Men o wagtlar belentlige, üstünlige birden ýetilýändir öýdýärdim. Meniň bu düşünjämiň aňyrsynda “Eger men belenlige birden galyp bilmeýän bolsam, üstünligi birden gazanmaýan bolsam, onda meň başarjaňlygym pes” diýen ynanç durýar. Bu ynanç nireden, nädip döreýär? Belki, ömrümde bir zatlar eden, başaran bolsam kellämdäki şu düşünjäni ýeňip “Edip bilenjämi edeýin, her kim başaranyny edýär” diýen düşünjä gelenmden soň edendirin. Men çagalygymdan “Sen pylanyň oglusyň” diýilen düşünje akylyma guýuldy. Munuň üçin, enem-atamy, doganlarymy, asla hiç kimi günäkärläsim gelenok. Ýadyma düşýär, awtobusda ähli kişiň gözi mende ýaly, garader bolup, Aşgabatdan obamyza gelerdim. Hakyna seredeňde welin, pylanyň ogludygyňy unutmazlyk saňa hemişe ýardam, güýç bermeli eken. Arman, muňa giç düşündim. Aslynda bu ömürde haçanam bolsa bir dogry zada düşünip bilseň giç diýmeli däl, sebäbi her belenlige bildirmeýän ýuwaş-ýuwaşdan bolup geçýän ösüş bilen ýetilýär ahyryn. © Hydyr AMANGELDI Çeşme: https://medium.com/@h.amangeldi/ba%C5%9Farja%C5%88lyk-991681c40b60 | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |