Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:27
Basgançak
BASGANÇAK

Ýat bulutlar ýaýrar gözüň içinde
Diller del ýagmyry edende beýan.
Düýnki atan sözüň sowa geçende
Tarkyldylar ýaňlanyp dur ikiýan.

Şemala galgaýar ýüpek edähet,
Diýýäniňi götermeli eginler.
Käte çyn ýürekden daşaryk äňet
Çözülmese aňyňdaky çiginler.

Güýzde açan gülüň tomsuna solsa,
Sowuk şemal kowar ýalňyş buludy.
Sözüň Orhon daşy kibi berk bolsa
Kök basmar, ýir telmer beýik buduny.

Şaňňyrdaşar ursa demir saýgyçlar.
Ýüregiňi dürter dady-perýady
Eremiň nuruny guratsa gyşlar,
Gözýaş halas eder aby-haýýaty.

Ýok, düşmäge däl ol, münmäge gerek,
Ilki ot bereli közümize biz.
Muny başarypdyk ençeme gezek,
Ýöräli ýokaryk, özümize biz.

2018

Oýlanmak

Adamyň eşreti özünde gizlin
Maksada ýetmeklik girende düýşe.
Batsaň aňýaň düşünjäniň oýuna,
Iki ikiň dört bolmaly hemişe.

Hyýal daşy degeninde degnaňa
Parçalanar pikirleriň aýnasy.
Oýlanýarys, rahatlanýar ruhumyz
Bizi gozgar ýyldyzlaryň gaýmasy.

Esli lezzet mugt berildi bize
Söýmek, pikir etmek, döretmek, görmek.
Ýaşyl yşyk ýanyp durka köňülde
Gelişmez agaja daňylyp ýörmek.

Menem käte ýol ugrunda oýlanýan
Pikir eşretini çekip içime.
Öwrüm-öwrüm akar köňlümde gussa
Taýynlanýan ýaly soňky göçüme.

Oýlanmak – öz ýoluň göçümin bilmek
Hemem görmek başgalaryň akylyn.
Bir gün ýüregiňe ot salan ünji
Üýtgeder dünýäniň ýalňyş akymyn.

Bilýän bilen bilmeýäniň parhy köp,
Öz pikir güýjüňe daýanmak gerek.
Siz täze düşünjäň öňüni açyň,
Bir köne ýumagy çöşlemä derek!

Pikir per bermeýär täze pikire
Arkasynda berk durmasa hakykat.
Düşünje – giňlige açylýan gapy
Düşünje – darlyga edilýän takat.

Emma pikir ýok etmesin duýgyny
Duýgy ruhdan heýkel diker paýhasa.
Ýykyp bilmez söýgimiziň deregin
Dünýä bizi deňiz kimin çaýkasa.

Biz ýaşap ýeňýäris durmuşyň günün.
Gel, täze ýeňişleň ýurdun guraly.
Şeýle dowam eder, erte ha bu gün
Dogruçyllar ýeňýär paýhaslylary.

© Seýran OTUZOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 132 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Seýran Otuzow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Мango • 11:12, 27.07.2024
Siz täze düşünjäň öňüni açyň,
Bir köne ýumagy çöşlemä derek!

sawwol. bu maslahatyňyz uniwersal. her ugur üçin gerek maslahat.

---
"Dogruçyllar ýeňýär paýhaslylary".

nämçün dowguçullary paýhassyllar bilen ýaryşdyrýaň?

---
(basgançak) Ýok, düşmäge däl ol, münmäge gerek...

bu-da geň gep.
dowry, ösüşde münseň gowy, ýöne belli ýaşdan soň basgançakdan düşüliberilýän eken...

basgançaklar barada bir türkiň ýazgysy bady...
ýokary galynýan serişdeleriň hemmesini agzap çykypdy.... basgançak, lift, ýene-ýene, ýene-ýene... tä miraç wakasyna çenli....
gaty gowy ýazgydy welin, adam awtoram ýatda däl-dä....
avatar
0
2 Seýrаn • 13:25, 27.07.2024
Bulary nireden tapýaň, Nurdan? Könekilerden bar bolsa poçtama iberip bersene. Ýadymdan çykan goşgular. Redaktirlemeli ýerleri bar eken, ikinji goşgudan tutuş aýyrmaly bentlerem bar. Işlemeli bulary.

Sag bol paýlaşanyňa!
avatar
0
3 Medicall • 18:51, 27.07.2024
Birýerjikden tapýanda, günde birini goýmaga-da ýeterlik bar, ugratdy biri.

Ikinjini aýyraýynmy onno?
avatar
0
4 sussupessimist • 16:15, 29.07.2024
teswire teswir ýazýa diýmäň welin...
teswir 1-e.
"dowry, ösüşde münseň gowy, ýöne belli ýaşdan soň basgançakdan düşüliberilýän eken..."

Düşüberenoklarlaý, Mango...
avatar
0
5 Мango • 11:10, 31.07.2024
4-e. (basgançakdan) "düşüberenoklarlaý" diýeňde "TÜM"-däki dili "ýottywaýmat"-ly ýaşuly ýadyma düşdi. o görgüliňem kürsüsinden düşmek niýeti ýokdy...

reklama etmeli boldy: "TÜM" şy ýerde.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203