Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:45
Baýramyñyz gutly bolsun zenanlar!

Ýoguny bar eder gerçek ýigitler,
Elinde güldesse, gursakda heser,
Bu gün duşuşyga gelen jübütleñ,
Gymmatja sowgatlar kisesin keser.

Tutuş dünýäñ ýüzi, zenanlañ güni,
Bu gün hakly olar, näme diýseler,
Şem ýaly öçügsi bu pany dünýe,
Şolar bilen ýagty, näme diýsegem.

Siz dünýäñ diregi, siz dünýäñ şany,
Şöhläñizden gamaşsa-da gözümüz,
Siziñ üçin çalynsyn şirin mukam,
Siziñ üçin arşa baksyn ýüzümiz.

Ähliñize bagt bersin Biribar,
Goý ömrüñiz bägüllere meñzesin,
Göwnüñize şatlyk mydam ýar bolup,
Kine, gussa gysyp geçsin kebzesin.

Siziñ bilen geljegimiz dowamat,
Mähir doly, gül ýüzli gül jenanlar,
Ýüzüñizden şatlyk, gülki gitmesin,
Baýramyñyz gutly bolsun ZENANLAR!!!

©Baýram BEJIDOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 103 | Mowzugy paýlaşan: @Baýram_Bejidow | Teg: Baýram Bejidow | Рейтинг: 3.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 12
avatar
1
1 Medicall • 01:27, 08.03.2024
sagwol, minnetdar, jigimjan, gelip dur şeýdip bize-de, hoo gapdalymyzdan jyklap gaçýanlaň biri bolup barýaň-la senem)))
avatar
1
2 LegLek • 07:33, 08.03.2024
Baýramyňyz gutly bolsun, Zenanlar!
Gül ýüzüňiz solmasyn!
Ähliňize özüňizi iň bagtly zenan saýmak nesip etsin! :)
avatar
1
3 Kyyas • 07:47, 08.03.2024
Ýetip geldi.
Bu güni 8-nji Mart!
Bütin dünýä halkara zenanlar güni.
Esasanda ýigitlere dilejek,
Sowgat almak üçin köp bolsun puly.

***

Baharyñ güle bezelşi ýaly,
Gül büresin siziñ geljek bagtyñyz.
Asuda Asmanyñ durnasy boluñ!
Arzuwlarym ganat geren wagtyñyz...
Ýürekdäki Maksadyñyz Myrada ýetsin!
Şatlyk gözýaşlary görünsin gözde
Gutly bolsun 8-nji Martyñyz...!
avatar
0
4 Pero • 10:27, 08.03.2024
Sogbol,Baýram! Hemmäñize minnetdar!
avatar
0
5 Mekan • 10:43, 08.03.2024
Gutlaýan!!!
avatar
0
6 Lacrymosa • 18:02, 08.03.2024
By näme-how, ümsümlik, 8-nji mart däl-de edil ýöne 9-njy maý ýaly-la. Hany, gutlag, Maks? Mango daýymyňk-a düşnükli, ýylyň bular ýaly wagty srok godnosti könelişýä. Täze hasyla garaşmaly. Sen näme Maksat, Myhman, hany, gutlag?
Ine, Baýramjan gutlapdyr, sagja bol, Baýramjan! Ak gyz ýoldaşyň bolsun! Sagja bol, Süleýman, janyň sag bolsun! Kyýas aga, siziňem ömrüňiz uzak bolsun!
avatar
0
7 sussupessimist • 18:31, 08.03.2024
Gutlamak üçin giripdim welin, eýýäm utandyryp ýetişipdirler)) Men ýöne kän bir söz owadanlap bilemok, şoň üçin gysgajyk, ýöne ýürekden aýdýan:

BAÝRAMYŇYZ GUTLY BOLSUN!
Ýer ýüzündäki ýaşaýyşy dowam etdirmek üçin çekýän jebriňiz, hiç bir kynçylyga seretmän paýlaýan mähriňiz, ynamyňyz bilen berýän güýjüňiz, eçilýän ylhamyňyz üçin ýürekden minnetdar. Güler ýüzüňiz solmasyn!
avatar
0
8 Lacrymosa • 18:36, 08.03.2024
WO!!!, Zordon gutlotduraýdyk birine-hä!
avatar
0
9 aygull • 19:38, 08.03.2024
Şunça gutlamadyk bolsalar saýtdaky 8-nji marty ertire geçireliñ diýjekdim. Ertir hemme zat gecendir öýdüp gelenlerinde tutularlar ýaly.
avatar
0
10 aygull • 19:40, 08.03.2024
Gutlaglaryňyza sag boluñ. Hemme aýdylany özüme çekip, dowolnyý boldum.
Maksat söz owadanlaman gutlanda şeýle gutlaýan bolsa, söz owadanlap gutlanda dagy nädip gutlajakka? Obmorka düşürjekmikä zenan pahyrlary))
avatar
0
11 Мango • 22:36, 08.03.2024
men-ä sizden gaty gördüm.
(sizi konsertde gördüm weli) baryňyz birmeňzeş eşikli, birmeňzeş ýaglykly, birmeňzeş gyňaçly... birmeňzeş baryňyz...
pylan kakalaň toýuna ähli garyndaşlar agzybirlik bilen birmeňzeş geýim tikinerler-ä... ana şoňa nätjegmi bilmän dukam... sizden garaşamokdym... sizem birmeňzeşe batypsyňyz... :-(

onda-da, günüňizi gutlaýan... aslynda sizi ýylda bir gezek däl, elmydam gutlap durmaly-la welin...

osaňam Klara daýzany nä ýatlaňyzok, o görgülä aýal-gyzlar diýip jebir baryny çekip gitdi...
türkmende gowymy, erbetmi bir gep ba: "aýnany kim alsa şol alsyn, bize toý bolsa bolýar"...

umuman, ýene bir gezek ýeke agyz GUTLAÝAN.
avatar
0
12 Mekan • 22:59, 08.03.2024
Menem gutladym-a, gup-guragam bolsa-da, maksyñ diyşi ýaly от души, Laçyn hanym, 5-nji teswir.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203