Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:49
Begendirmegiň begenji
BEGENDIRMEGIŇ BEGENJI

Bu üýtgeşik begenji men çagakam başymdan geçiripdim. Ejem pahyr ýüňden jorap, ýene şoňa meňzeş zatlary örmegi gowy görerdi. Ýüňi özi saýardy, özi darardy. Pişge ýasardy. Soň olary egirip, boýardy. Boýan ýüplerinden ýumak sarardy. Menem egrilgi ýüpi elimden geçirip ýumak saramaga ejeme kömekleşipdim. Bir ýumagy sarap boldy-da ejem:
- Körpejäm, hany gel seni bir gujak-gujak edeýin – diýipdi.
Ejem bizi näçe gowy görse-de, gujaklap-ogşap ýörmezdi. Ol duýgularyny içinde saklagandy. Şo gezek welin özi çagyrdy. Men muňa şeýlebir begendim. Ejemi begendirenime begendim. Uçaýjak bolýardym. Soň-soňlaram ejem boýan ýüplerini saramaga oturdygy ýanyna ylgardym...
Biz mydama begenjiň, şatlykly günleriň arzuwynda ýaşaýarys. Okuwdan gelen agtygym gapymy açyp salam berse, ýüzüm ýagtylyp gidýär. “Çaý içjekmi, ata?” diýselerem monça bolýaryn. Begenmek şeýle aňsat, ýöne begendireniňe begenmek barha kyn düşýär. Ýaşy segsenden geçen agam bilen goňşy oturýas. Begenmezmikä diýip ýörite oň ýanyna gaýtdym. Olam uklap ýatan eken. Oýa bolsa gelenime begenerdi. Menem belki şol köneje begenjimi täzeden ýaşardym. Arman, duýgularym kütelşendir. Ýaşyň ýetmişden geçip, dert başyňdan agyp ugransoň begenmek nireden ýadyňa düşýär diýseň diýibermeli.
Sazandalar dutarlaryny ellerine alyp ynjalýan ekenler. Bir ýaş sazandany kino düşürip ýörkäler muňa hasam anyk göz ýetirdim. Ol kinoda dutar çalmaly däl wagtam tolgunsa dutaryna ýapyşýar. Rejisýior janyny pidalap: “Şu wagt dutaryňy goýaý-da, jigim. Men saňa bir zatlar düşündirjek bolýan, senem dutaryňy alýaň”. Ol dutaryny aýdylýan zatlar duýgusyny oýarany üçin alýardy.
Menem şeýle, begenmegiň, begendirmegiň duýgulary günüme goýmansoň ak kagyza ýapyşdym. Bu ýazgylary okyjy üçin däl-de, özüm üçin ýazýan ýaly bolup duryn. Göwnümi galkyndyrasym gelýär. Belki ýazyp oturan zatlarymy okan okyjy begener diýýän. Emma ýazgylarymyňam ümzügi garrylyga, gussa tarap ýaly. Begendirenime begenmeli pursatlarymyň deňimden gör näçesi geçip gitdi.
Kakam bir gezek: “Işden geleňde bazara sowulyp hozjagaz, pissejik al. Jübiň boş bolmasyn. Getirip kakaň öňünde goý. Öňi-soňy dişim olary basmaz. Öz çagalaryňa iýdirerin” diýip gülüpdi. Ol “Men diňe begenerin” diýmändi. Indi düşünip otyryn, onuň diňe özüniň däl, meniňem begendirenime begenşimi göresi gelýän eken. Emma men muňa endik edip bilmändim. Jübümiň zatly geleninden boş gelen günleri köp bolupdy. Başagaýsyrapdym, işime ýetişip bilmeýnlerdendim. Görüp otursam, meniň ilki ýetişmeli işim şol eken.
Näme üçin şeýle bolýarka – adam tä ýitirýänçä özüniň iň gymmat zadynyň gadyryny geregiçe bilmeýärkä? Näme üçin ol özi begeneninden başga birini begendirse hasam gaty begenjekdigine düşnmeýärkä?
Birdenem gapy açyldy. Eli täze ýyl sowgatly agtygym içeri girdi.
- Ata, eneme çaýam diýeýinmi?
Jogabyny berip ýetişmänkäm ol elindäki süýji-kökeli sowgatjygyny öňümde goýdy-da daşaryk ylgady. Birazdan çaýam geldi. Agtygym maňa torbajykdaky süýjülerden, kökelerden saýlaşýar. Edil biri öwredip goýberen ýaly. Men aşaklyk bilen gyzyklanmaga başladym. Ýok, hiç kimem öwretmändir. Mekdepde sowgatlyklary paýlapdyrlar, olam göni atasynyň ýanyna gaýdypdyr. Begendim. Begendirlenime begendim. Özüm ýekesiräp ýok zadyň pikirini edip otyrypdyryn. Begenmese, begendirmese, begendirilmese ýaşap biljekmi diýsene, ynsan ogly!

27.12.2022.

Çeşmesi: http://www.ekizler2.com/index.php?q=2&ac=posts&id=100. 30.12.2022ý.
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 62 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Ylýas Amangeldi | Рейтинг: 4.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Mekan • 01:29, 31.12.2022
Çaga sowgada begendi, atasyny begendirenine-de begendi. Ata begendirlenine begendi, agtygynyñ begendirenine begenýänine-de begendi.

Menem begendim: şu yazgyñ yazylanyna, paýlaşylanyna, meñ okanyma...

Ylýas aga ýene begenip biler, sebäbi meni begendirdi.

Başga kimi begendirdi?
avatar
0
2 Мango • 12:58, 31.12.2022
Men gynandym: “Jübiň zatly geleninden boş gelen günleriniň köp bolanyna. Başagaýsyranyňa, işiňe ýetişip bilmeýnälerden” bolanyňa.
Soňam begendim: “ilki ýetişmeli işiň şol ekendigini” bilendigiňize.
Bize-de sapak boldy. Sag boluň.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203