Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:19
Beýik köñle syýahat / roman
BEÝIK KÖŇLE SYÝAHAT

Okyjym!
Sen meşhur kompozitor Nury Halmämmediň beỳik köňlüne syỳahata çykdyň.Ŷollaryň açyk bolsun. Men syỳahata çykamda köp kişi öz bilỳänini maňa gürrüň beripdi. Olaryň ählisine Taňry ỳalkasyn diỳỳärin. Aỳratynlykda Daỳnalylara we Daỳnaly Amanmyrat Baỳmyrada minnetdarlygymy aỳdỳaryn.


NURY HALMÄMMET:

“Dünỳä Daỳnadan başlanỳar.”
* * *
“Men Türkmenistansyz oňup bilmen.”
* * *
“Çeşme diỳlende dutar göz öňüne
gelỳär.”
* * *
“Men enemi däl-de, dutar sapyny emip
ulaldym. Kükregimi ỳarsalar, sazdan
başga zat tapmazlar.”
* * *
“Gargalar adamlaryň üstünden
gülỳärler.”
* * *
“ Duỳgulary unudyp, saz döretjek
bolỳan—köksüz agaç ỳetişdirjek
bolỳana meňzeş.”
* * *
“Maňa mydama gamgyn diỳỳäler.
Ŷüregim gan içinde galdy ahyry.”
* * *
“Öźüm hakda sazymdan oňat
aỳtjak ỳok.”
* * *
“Joşmasaň, joşdurmarsyň.”
* * *
“Magtymguly biz akyl ỳetirerden
beỳik.”
* * *
“Türkmen sazynyň hersiniň
aňyrsynda simfoniỳa ỳatyr.”
* * *
“Sen patyşa-da bolup bilersiň,
emma Nury bolup bilmersiň.”

Nury Halmämmet hakda:
D. Şostakowiç: ”Çaỳkowskiỳ
konserwatoriỳasy saz älemi üçin täze
bir ajaỳyp sowgat taỳỳarlaỳar.”
* * *
Ç.Aỳtmatow: “Şeỳle tebigy dörän saz
Türkmen halkynyň saz medeniỳetine
şan-şöhrat getirỳär.”
* * *
Ŷa. Hudaỳberdi: “Nury, sen bu
dünỳä öz asyryňdan ir gelipsiň.”
* * *
Alty Garly: “Nuryň sazy ỳaňlananda
sözüň geregi ỳok.Ol bar zatdan
güỳçli.”
* * *
Daňatar Öwez: “Bu oglana beỳik
gelejek garaşỳar.”
* * *
Gurbannazar Eziz: ”Ol bu zeminiň
adamsy däl. Ol ähli zatda diňe öz
sazyny eşidỳär.”
* * *
Aman Agajyk: “Ol erkinligi hiç zada
çalyşmaz.”
* * *
T.M. Wyzgo-Iwanowa: “Onuň
simfoniỳasy Orta Aziỳa we
Gazagystan respublikalarynyň
kompozitorlarynyň döredijiliginde
täze döwrüň başlanỳanlygyny
aňlatdy.”
* * *
Daỳnaly Çary Kulyỳew: “Keç pelek”
dünỳä döräli bäri ỳaňlanỳan ỳaly.”
* * *
Dünỳä belli balet tansçysy Rejep
Abdyỳew: “Nury Halmämmedowyňky
ỳaly arassa, çuň sazy hiç wagt
eşitmändim.Onuň ỳüregi aỳdym
aỳdardy, ol bolsa ony kagyza
geçirerdi.Nurynyň beỳikliginiň syry
şundadyr. Nurynyň ölümi—saz
dünỳäsinde soňky döwürde bolup
geçen iň aỳylganç tragediỳadyr.”
* * *
Rejep Allaỳar: “Nury neresse, sazy
namysy ỳaly görerdi.”
* * *
Jemile Gurbanowa: ”Dutaryň owazy”--
Türkmen saz medeniỳetiniň taryhyna
iň ỳokary kämillikdäki eser hökmünde
girdi.”
* * *
O. Çaryỳewa: “Nury Halmämmet--
sazyň Magtymgulusy.”
* * *
M. Diwanaỳew: “Türkmen halkynyň
meşhur ogly Nury Halmämmediň
ömri, süỳnen ỳyldyz ỳaly, gysga,
gamgyn, garyp geçse-de, ỳürekden
çykan sazlary asyrlarça ỳaşar.”
* * *
O. Oraztaganowa: Nury Halmämmedi
diňläp, gamly oturan pursatymy
men iň bagtly pursatlarymyň biri
saỳỳan.”
* * *
Ö.Gandymow: ”Nury Halmämmet
kinoda sazy hemaỳatçy wezipesinden
baş gahryman derejesine ỳokary
göteren beỳik ussatdyr.”
* * *
Akmyrat Çary: “Onuň Nury Halmäm-
met diỳdirỳän ỳeri-çeşmäni dutardan
alỳar…Onuň döreden zatlary ỳürege
sygar ỳaly zatlar däl.”

Daýna jennet burçy

Gündogardan günbatara baka akyp barýan dag derýasy Sumbar öz suwunyň kuwwatyna daýanyp, kä sag kenara, kä çep kenara agyz urup, toprak bolsa ýuwup-eredip barýar. Kä ýerlerde ýylçyr daşly gaýalara urlup, hökmi ýöremänsoň, näme etjegini bilmän, bulanyk suwuny syçrada-syçrada ýene hanasyna girip gidýär. Sumbaryň iki tarapynda ak derekler, toraňňylar topar-topar, hatar-hatar bolup derýanyň owazyny diňläp otyr. Derýa bolsa her öwrümde, her inişde başga-başga sazlar çalyp akyp ýatyr. Bu derýanyň ir baharda, ýazda-güýzde, aňzak gyşda çalýan sazlarynda-da parh kän. Şeýle owazly-sazly derýanyň sag boýunda kiçijik oba otyr. Hozlaryň, armytlaryň, seleňläp oturan böwürslenleriň arasynda gurlan pessaýrak öýleriň ýany bilen iki ýana aýlanyp-öwrülip ýatan ýol-ýodalaryň käbiri kiçeňräk baýyrlara, depelere-de dyrmaşyp gidýär. Ol taýda-da öý gurup, gün dolap oturanlar bar. Ho-ol uzakdaky daglaryň bilinde-başynda bolsa gögerip oturan arçalar görünýär. Ol arçalar her adamy görenlerinde gorka-gorka ýygrylýarlar. Iru-giç eli paltaly biri gelip, sütünine palta uraýjak ýaly duýgy olary ers-mers ösmäge goýanok.
Bu oba Daýna diýýärler.
Eger asfalt ýol bilen gitseňiz, Aşgabatdan Gyzylarbada-Serdara iki ýüz kilometr gowrak ýol geçmeli, soňra daglaryň arasyna siňip gidýän ýol bilen Garrygala-Magtymgula barýaňyz. Bu aralygam ýakyn däl, dag ýoly. Onsoň Garrygaladan Sumbar jülgesine baka ýola düşüp, Sumbary yzarlap ýokary gidiberýäňiz, kiçijik-kiçijik dag obajyklarynyň deňinden geçip, ýüz kilometrlik ýoly arkada goýaňyzsoň, soňky oba Daýna bolýar. Sumbaryň iň dury suwuny içýän Daýnalylardyr.
Gökdepe söweşinden soň ruslar söweşde özüni görkezenleri oňa-muňa göçürip, basyp alan ýerlerinde halka salgydy güýçlendirýär hem-de Eýran bilen araçäkleri berkidip başlaýar. Üstesine-de ýerli halkda dini başganyň gözünden daş bolmak meýli artyp başlaýar. Daýnaly ýaşulularyň gürrüň bermegine görä, 1882-nji ýylda Daýna göçülip gelnipdir. Ruslar Sumbaryň sag kenarynda o töwerege gözegçilik etmek maksady bilen zastawa gurýarlar. Ol zastawany iýmit, odun-çöp bilen üpjün etmek üçin daýhan zerurlygyny bolsa şol göçüp baran Daýnalylaryň üstüne atýarlar. Aýdyşlaryna görä, Daýna göçüp baranlardan salgyt alynmanmyş, olar patyşa gullugyna çekilmänmiş. Onsoň ol erkinlik ýerli halky biraz ynjaldypdyr. Eýran tarapynda galan garyndaşlar bilen gatnaşyk üçinem bu taýy amatly ekeni. Ol döwürler bu jelegaýlaryň tebigaty gaty gözel ekeni. El degmedik sümme tokaýda adamyň gujagy ýetmejek arçalar, serwiler başyny dumanladar oturar ekeni. Ygal köp bolany üçin tozap ýatan boş ýer görünmezmiş. Üstesine-de bu taýdaky tokaýlaryň arçalary dürli-dürliligi bilen geň galdyrýan ekeni. Miweli agaçlaram gaty kän. Nedir Döwletow diýen bir Daýnaly ýaşulymyz, Nury Halmämmedowyň synpdaşy söz arasynda agzanda derek, toraňňy, arça, serwi, igde, armyt, söwüt, alma, hoz, ülje, alça, wişnýa, garaly, böwürslen, badam, ennap, tuwulga ýaly irili-ownukly agaçlary agzady. Gyrymsylar näçedir, otlar näçedir?! Akademik Wawilow ylmy gözegçilik edenden soň, o jelegaýlary dünýäniň gaty gadymy we iň köp dürli ösümlikli ýeri diýip kesgitläpdir. Ösümlik dünýäsiniň baý bolşy ýaly, o döwürleriň haýwanat düýäsi hem gaty baý ekeni. Ýabany haýwanlar el degrilmedik meýdanda hezil edinip ýaşapdyrlar. Daýnalylar ol töwereklerde aýy, gaplaň, gurt, tilki, şagal, syrtlan, doňuz, torsuk, ýabany pişik, alajagözen, ýabany ýaby ýaly haýwanlaryň ellinji ýyllarda-da kändigini aýdýarlar.
Daýnalylar göçüp baranlaryndan, däne ekinine köp üns beripdirler, esasanam bugdaý bilen arpa köp ekipdirler. Elbetde, o topragam däne üçin gaty amatly ekeni.
Daýna sözüniň manysy nämäni aňladýarka?
Bu sözüň ylmy taýdan derňewine duşmadym. Emma Daýnalylaryň özi muny däne sözi bilen baglanyşdyrýarlar. Ol taýda däne köp ýetişensoň, däne sözi köp agzalypdyr. Orslar bolsa däne sözüni edil türkmenleriň aýdyşy ýaly aýdyp bilmän, dana, daýna diýýän ekeni. Onsoň ors harbylary ol ýer bilen bagly dürli ýazgylarda-da Daýna diýip ýazyp başlaýarlar we ol soňra obanyň ady bolýar galyberýär. Emma Daýnada ýaşaýan, Moskwada ýokary bilim alyp gelen, ömrüni mekdep mugallymy, müdiri bolup işlän ýaşulymyz Işanguly aga Daýna sözüni başgaça düşündirdi. Ors esgerleri ýoldan geçenden : “Nirä barýaň?” diýip soraýan ekeni. Türkmenlerem daýyma, daýymyňka diýýän ekeni. Onsoň orslar o sözleri Daýna diýip ýazyp başlanmyşlar.
Daýna sözüni düýpden başgaça düşündirjekler hem tapylar. Daýna obasynyň käbir aýratynlyklaryny hem aýdyp geçeýin.
Bu oba türkmençiligiň iň gowy däplerini saklap otyr. Myhmansöýerlikleri çyn ýürekden. Özleri hem örän açyk, türkana adamlar. Öz bolşuny üýtgedip görünjek bolýanlardan däl. Men olaryň özüni alyp baryşlarynda hiç ýasamalyk görmedim. Özüni kiçeltme hiç ýok. Olar öz sarpasyny hem, özgäniň sarpasyny hem saklamagy başarýarlar. Başga bir ünsi çeken aýratynlyk ─ Daýnalylar örän ýuwaş sesli sözleşýärler. Muny birinji gezek duýaňda haýran galýarsyň. Beýle ýuwaş gepleýän oba Türkmenistanda başga bardyr öýdemok. Bu obada ýuwaş geplenýäniniň sebäbini, bu gylygyň nädip döränini hiç bilip bilmedim. On kilometr beýle ýandaky obada we beýleki ýakyn obalarda gaýta adatydan gaty geplemek gylygy bar. Daýna barsaň, seni ýadyrgar ýaly etmeýärler. Öňden bäri gatnaşyp ýören ýaly ahwal döredýärler. Bu tapawut hem seýrek duşýan bir zatdyr. Üstesine-de Daýnada bir-birege baglylyk, birek-birege ýardam-kömek bermäge taýýarlyk, yhlaslylyk gaty güýçli ekeni. Beýle gylygyň nädip şu günlere çenli mizemän saklananyna haýran galýan. Belki, Daýnalylaryň gaty pukara ýaşaýandyklary munuň bir sebäbi bolup biler. Özleriniň pukaralygynyň sebäbini olar şeýle aňladýarlar: “Daýnalylar şu günlügini tapsa, ertiriniň gaýgysyny edýänlerden däl. Adama agyz beren Alla azygam berer.”
Daýnada it az, bolany hem üýreýin, topulaýyn diýenok. Bu ahwalyň hem manysy köp. “It eýä, är daýa” diýip, türkmen aga aýdypdyr. Oba adamlarynyň ýumşak gylykly, ýagşy niýetlidigini şol itleriň bolşundan hem bilibermeli.
Bu obada eşekler iň köp ulanylýan ulag, özem ol eşekleriň gaty ownuklygy geň galdyrýar. Daýnanyň eşekleri adaty eşekleriň kürresi ýaly görünýär. Ýük çeke-çeke tohumy ownana meňzeýär. Iki flýaga suwy ýagyrnysyna alyp ỳa-da üstüne ýüklenen odunyň aşagynda zordan görnüp, inçe aýaklaryny sandyradyp barýan eşekleri köp gördüm.
Daýna obasynyň baş tapawudy-bu obanyň aýal-erkek, ähli ynsanynyň şahandazlygy. Olar şahandazlyga uly hormat goýmany hem başarýarlar. Şondan bolsa gerek, olar özleriniň Daýnalydygyna çuň ýürekden guwanyp ýaşaýarlar. Daýnada bir sygyr molasa-da aýdym ýaly eşidilýär. Dogrusy, şu obada sygyrlaram aýdym aýdýan ýaly görünýär. Şeýle obadan uly-uly adamlar, tutuş ýurda, dünýä belli adamlar ýetişipdir. Olary Daýnalylar hiç-hiç unutmaýarlar hem-de olar hakda uly buýsanç bilen gürrüň berýärler. Daýnalylaryň, ähli türkmeniň iň beýik buýsançlarynyň biri hem Nury Halmämmetdir. “Men Nury Halmämmediň obasyndan” diýmek, iň bagtyýar sözleriň biridir.

Dowamy bar.

© Oraz ÝAGMYR.
Bölümler: Romanlar | Görülen: 111 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Oraz Ýagmyr | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 14:33, 20.09.2023
bir saz-professionaldan soradym:
her ýerlerik gidýäňiz, baran ýurtlaryňyzda öz kärdeşleriňiz Nury Halmämmedi tanaýarlarmy? - diýip.
jogap:
tananoklar. özümiz günäkär. ony tanadyp bilemizok. onuň notalaryny ýaýradyp bilemizok. ony dünýä tanatmak üçin kän iş edemizok...

çalaja gynandym :-(
avatar
0
2 Pero • 16:06, 20.09.2023
Gynandyrýaram,hak zehinliler tanalsa gowy. Onda-da ildeṣi dünýäde tanalýan her bir adam nähili buýsanç duýardy.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203