09:15 Beýik köñle syýahat | |
BEÝIK KÖÑLE SYÝAHAT / 4 dowamy Hanmämmet dagy dagda bugdaý ormaga ýatymlyk gitdiler. Tä bugdaýy orup, döwüp, harman atyp, samanyny bir ýana, çäjini bir ýana üýşürýänçäler şol taýda galýardylar. Şol günleriň birinde Daýnadan dört ýigidi urşa çagyrdylar. Türkmenler o döwürler front sözüni özüçe pyront diýip üýtgedip aýdardylar. O söz agzalsa ölüm, ajal agzalýan ýaly ýakymsyzlyk duýulýardy. Köplenç, toýa ugratmak diýerdiler. Anha, şol dört ýigidi toýa ugratmaga oba mekdebiniň beýle ýanyndaky aýmançada dogan-garyndaşlar, obadaşlar üýşdüler. Ilki bir gamlylyk, sussupeslik, dymyşlyk bardy. Kä ýerde agy sesi eşidilýärdi. Begsoltan diýen zenan geldi-de öz hökmüni ýöredip başlady. Begsoltanyň diňe sesiniň eşidilmesi mähelläniň göwnüni göterýärdi. ─Aýu, adamlar! Näme beýdişip, boýnuňyzy sallaşyp dursuňyz? Näme, ýasa geldiňizmi?! Biz-ä ýigitlerimizi toýa ugradýas. Gülüp gitsinler, gülüp gelsinler. Allajan! Duşmanyň ýüzi aňrydyr, inşalla! Hany, Remezan, gel, gel, öňe geç, bakaly.Toýa gidýänleriň biri Remezandy. Ejesi onuň yzyndan gelýärdi, gözleri aglaý-aglaý gyzaryp, henizem ýaşlydy. Begsoltan olara güler ýüz bilen bakdy.─Remezan jan ! Özüň bilýänsiň, menem ile aýdyp durmaýyn. Şu derek boýlujalary görýäň dälmi?! ─Begsoltan topar bolşup duran gyzlara elini uzadyp goýberdi.─ Şularyň biri saňa aşyk . Ýürejigi her uranda : “Remezan, Remezan!” diýýä. Toýdan gelen günüň öýlenäýmelijedir. Ýöne uzak ýere gitdim diýip, ors-pirs yzyňa düşürip geläýmegin. Şo mahal üýşmeleňiň içinden bir rus aýaly elini Begsoltana baka salgap,sap türkmençe degişme äheňli gygyrdy.─Näme, ors-pirs adam dälmi?! ─Bu-u, Dusýa dogtor, seň barlygyňy bilen bolsam aýtmazdym. Üstesine, sen Remezanyň göbek enesisiň-ow, şoň üçin batyr gepleýänsiň. Onsoňam senden ors bolmaz, sen-ä Daýnanyň orta barmak ýaly ýerinden ahyry. ─Begsoltan toýa gidýän Aman atly bir ýigide ýakyn bardy. ─Amanjan! Didäm! Seni söýýän gyz-a Aman bile gitjek diýip dyzaýa. Ol-a orsyýetmiş, dowzaha-da bile giderin diýýä. Zordan alyp galdym. Unutmagyn, Amanjan! Daýnalydan gowy gyz dünýäde-de ýokdur.Ýaşulularyň biri Begsoltana ýüzlendi. ─Hany, Begsoltan, sen bu ýigitleriň syryny açyp, utandyryp durma-da, gelin- gyza aýdym aýtdyrsana. Gulagynda Daýnaň sesi galsyn. ─Eşidýäňizmi, halaýyk, Tagangylyç agamyz otuz ýyllyk dulluga çydaman, gelin-gyzyň sesini eşdesi gelýä. Bolmasa, ýigitleri toýa ugradyp, Tagangylyç agamyzy öýeräýsek nädýä?! Hol, gaýraky öýde oturanja mama bardyr-a, nämedir-ä ady?! Hä-ä, Gülöwser mama. Şolam bir amatlyja biri bolsa aýdawergin diýipdi. Garry dagy däl. Ýaňyja segsenden geçdi. Köpçülik mazalyja ýumşaşdy. Ogluny fronta iberýän, bagry kebap bolup duran eneleriňem gözýaşy kepeşdi. Begsoltan Hangülüň ýanyna bardy. ─Edil üstünden bardyň. Sypdyrma. Artykgül daýzaň gyzylygyny görkezsin.─Halaýyk Hangülüň aýdym aýdaryny isledi. Onda-munda el çarpyşdylar. Hangülüň bir tarapynda Nury ejesiniň alaça köýneginiň synyndan ýapyşyp, töwerege gaty gyzyklanyp bakýar. Kämahal ejesiniň ýüzüne seredýär. Ol köpçüligiň içinde ejesiniň adynyň tutulmagyna, hemmeleriň ejesine bakmasyna guwanýar. Onuň ejesi başga eje. ─Hangül gelneje, Bibijany aýdaý. ─Hangül, bolsana! Goşgy aýdaýsana. ─A gyz, bütin ili garaşdyraýdyň-la, gyz. ─Aýdar, aýdar. ─Hangül, bolmasa gopuz çalaý. Hangül bu üýşmeleňe gelende “Köpüň öňüne çykmaryn, ne aýdym aýdaryn, ne gopuz çalaryn. Hanmämmet dagda orakda bolsa-da eşider. Ýene gowga gopar. Gerek däl-le, bizarym çykypdyr” diýip gelýädi. Emma bu mähelläniň beýdip ýalbaryp durşy, urşa gidip barýan ýigitleriň göwnüne goltgy bermäge yhlasy, üstesine-de öz köňlünde hiç egsilmeýän gamyň ýene möwjügip başlamasy Hangüli odukdyrdy. Ol dört ýigide göz aýlap goýberdi. “Olar toýa gidenoklar ahyry. Dowzah oduna gidýäler. Ýa gelerler, ýa gelmezler. Gelseler-de öňküligine gelmezler . Ýana-ýana, köýe-köýe, gowrula-gowrula gelerler. Onsoň, bir salym bolsa-da, olaryň göwnüni açmasa bolmaz ahyry. “Hangül gelneje, bir aýdymyňyzy bizden gysgandyňyz-ow” diýseler, aýp bolar.” Begsoltan Hangülüň ahwalyny gaty gowy bilýär Hangül köpüň öňüne çyksa, Hanmämmetden ezýet baryny çekýänini-de bilýär. ─Aýu, halaýyk. Eşitdim-eşitmedim diýmäň. Hangüle aýdym aýtdyrys weli, Hanmämmede şugullan, namardyň pisidir. Nury öz ejesiniň beýleki ejelerden has belentligine, öz ejesine ähli kişiniň hormat bilen bakýandygyna guratnykly göz ýetirdi. “Meniň ejemden gowy eje ýok”. Hangül aýdyma başlanyny bilmän galdy. Ol aýdym setiriniň ýarysyny aýdanda, ikinji ýarysyny ýakynda duran dört-bäş gelin alyp göterdi. Hangül: Daglar başy duman-duman, Gelinler: Ýel gelýäle, Bibijan. Hangül: Bulut oýnap, çaýlar dolup, Gelinler: Sil gelýäle, Bibijan. Hangülüň sesi bu seslere meňzemeýän, aýratyn bir duýguly sesdi, hem beýikdi, hem kuwwatlydy hem-de o sesde näçe diýseň gam bardy, dünýä pelsepesi bardy. “Sen ölme, men öleýin” diýýän mahmal sesdi. O sesi eşiden ereýärdi, Gün güýçli gyzdyranda şatyrdaý-şatyrdaý, bölek-bölek bolup gidýän buzlar ýaly. O sesde seniň halyňa duýgudaşlyk bardy, o sesi eşideňde bu ömre çuňňur umyt döreýärdi, o seni gaflat ukusyndan oýaryp, gül-gülälekli meýdanda gezdirýärdi. Hangülüň sesi şeýle bir durudy weli, ony diňlän ýuwduna-ýuwduna diňleýärdi, hamana o sesi dury suw kimin içýän ýaly. Bütin Daýna Hangülüň bu jadyly sesi bilen jadylandy. Ertiriň tämiz howasynda o ses uzaklara ýaýrady. O sese ses goşjak bolup Sumbar öňküden çus akyp başlady, derekler, toraňňylar galyň ýapraklaryny bir-birine çarpyp, el çarpýan ýaly şapyrdadylar. Bilbiller, jok-jokylar, hüýpüpikler öz sesinden utanyp, Hangülüň sesine meýmireşdiler. Hangül bu dünýä şeýlebir aşykdy weli, Leýli Mejnuna, Mejnun Leýlä munça aşyk bolmandy. Şo sebäpli, Hangülüň sesi iň beýik aşygyň sesidi. Şol bir wagtda-da o ses Dünýä gamyny öz ýüreginden geçirýän Enäniň sesidi. Häzir ähli Daýnaly kiçijik balajykdy, Hangül beýik enedi. Ol ene bütin Daýnany sallançakda üwräp, hüwdüleýärdi. Halaýyk dünýäni unutdy, özüni unutdy, birsalym Jennete düşdi. Kiçijik Nury Hangülüň alaça köýnegine şo ýapyşyp durşuna, töweregiň bu görnüşini tutuşlygyna beýnisine siňdirdi. Ejesiniň bu owazlary oňa üýtgeşik bir duýgy berdi. Nurynyň çaga ýüregi gursakda bökjekledi. Özi hem tasdan gygyryp goýberipdi. Içki joşgun ony düşnüksiz bir hala saldy. Nury ejesiniň köýneginiň syny bilen ýüzüni örtdi-de sessiz aglady. Şu mahal hiç kim Nura üns bermedi. Aýdym aýdylýarka bir zenan Hangüle gopuz uzatdy. Aýdym tamamlanan badyna Hangül gyzgyny bilen gopuz çalyp başlady. Onuň gözleri ýumuldy. Halaýyk başga bir dünýä girip ugrady. Giň bir sähra. Uzaklardan at toýnaklarynyň dükürdisi, gylyç-galkanlaryň gümmürdisi eşidilip başlady. Bu duranlar birmahallar bolan söweşleri, ýagy çozuşyny, talaňçylyklary, ahy-nalany göz öňünde janlandyryp ugrady. Eli gyrkylykly gelin töweregine egrilişip, gylyç urjak bolýan duşmana gyrkylyk sançýar. At üstünde ak telpegini lowurdadyp barýan ýigidiň naýza gursagyna çümýär. Ýene at dükürdileri, peýkam süýnmesi, gaýa gopan ýaly owazlar ýürege siňýär. Hangül gözüni ýumup, şo çalyp durşy. Depgin gowşamaýar, barha bat alýar. Şo pursat Hangülüň başyna : “Şu dört ýigidiň gidişi gidiş bolar, gaýdyp dolanmazlar” diýen pikir geldi weli, Hangül gopuza urmasyny tapba kesäýdi. Ol näderini bilmän,gözỳaşlaryny ỳeňi bilen sylyp, göni dört ýigide baka ýöräp ugrady, şonda köýnegiň synyna bukulan Nurynyň agyly ýüzi göründi. ─Allajan bizlikdir, biz ýeňeris, işalla. ─Hangül oglanlary, olaryň enelerini birme-bir gujaklap çykdy. ─Işalla, geleňizde-de şeýdip garşylarys, Allajan. Hangül bu sözleri aýdyp, başa gonan hälki pikirini başdan kowasy gelýärdi, oňa garşy durasy gelýärdi. Şo mahal beýle ýandan harby geýimli bir atly geldi. -- O taýda bize garaşyp durlar.Gijä galýas. Hany oglanlar, tizräk araba münüň. Tiz boluň! Arabalar obadan çykyp ugranda, bu kiçijik obanyň adamlary el bulaşyp galdylar. Eneler, beýleki zenanlar ýaş dökdi. Hangül o ýigitleriň gelmejegine ynandy-da has beter bozuldy, birdenem boýnundaky üç künjeklije dogany çözdü-de: “Bar, Nuryjan, ýet oglum. Şu dogany oglanlaryň birine ber. Allajan, ählisini aman saklasyn” diýdi. Nury on-on bäş ädim öňden barýan arabalara baka ylgady. Ol yzky arabany ýetip, sag goljagazyndaky dogany uzatdy. ─Ejem berdi, alyň , doga diýdi. Oglanlaryň biri dogany aldy. “Sag bol, jigim, sag bol”. Nury şo taýda bir dem durdy-da uzaklaşýan arabalara el bulady, ýekesiredi, soň yzyna ylgap gaýtdy. ─Eje, aldylar. Nurynyň bu günki gören-eşidenleri onuň ömürlik ýadynda galar. O dört ýigidiň kimligini bilmese-de, olary öz uly doganlary ýaly ýatlar. Belki-de şu gün Nurynyň geljekde kim bolup ýetişjegini kesgitlän gündür. Bu günler gidenleriň gelmeýän günleridi. * * * Hanmämmet ogul-gyzyny gowy görse-de, olary özüne öwrenişdirmezdi. Öz çagalarynyň daýy tarapyna çekişini, o çagalaryň hem daýylary ýaly şahandaz bolup ýetişişini halaman gezerdi. Baýly hem, Aşyrberdi hem eýýäm aýdym-sazdan başy çykýardy. Hanmämmet käýinende: “Haýt, daýyňa çeken damaryň gursun”diýýär. Hanmämmet Nuryny özüne meňzeş adam bolup ýetişer öýdýär. Hanmämmediň özi dymma bolansoň, Nurynyň hem dymmalygy oňa ýaraýar. Emma Hangül ähli çagasyna bir göz bilen bakýar. “Ynsana hormat goýjak bolsaň, oňa ene gözi bilen bak” diýip ýönelige aýdylmaýar. Ýöne Nury ejesine has ýakyn, ejesini Nury beýlekilerden tiz duýýar. Ejesi bilen duýgudaş gepleşmäni başarýar. Ol ýaşyna görä has ir akyllanýar. Emma onuň Baýly ýaly, Aşyrberdi ýaly däl-de, aýdym-sazy yhlasly diňlese-de höwessiz ỳaly görünmesi ejesini biraz oýlandyrýar. “Adam aýdym-saza ýakyn bolsa, dünýä gamyny egsip biler, ýüregine kanagat berip biler, hem söýüp, hem söýlüp biler” diýip Hangül pikir edýärdi. Näme edende Nuryny, Begmämmedi, Artykgüli aýdym-saza ýakyn edip ýetişdirip biljegini oýlanýar. Hanmämmediň öýde däl wagtlary öýde çagalary bilen otyrka, olara aýdym baryny aýdyp berýär, hüwdi, läle aýdýar, olara gaýtalaý-gaýtalaý ýatda galar ýaly edýär. Kä gezeklerde özi joşup, has uzak aýdym, läle aýdýar hem-de soňunda aglanyny duýman galýar. Şonda çagalar oňa gyslyşyp, ony diňdirýärler, soňundan erteki diňläp başlaýarlar. Köp gezekler goňşy-golamlaryň çagalary hem, öýe girip, bir gyrada nebsewür synlaşyp oturýarlar. Beýle ýürekdeş konsertler çagalaryň köňlüni açýar, ýumşadýar, olary bir-birege ysnyşdyrýar, bir jadyly dünýä alyp gidýär. Aýratynam, dymmaja Nury ejesiniň bu konsertlerini gaty höwesek diňleýär. Bir gezek ejesi: Hüwdi-hüwdi hüwlendi, Suwda balyk köwlendi, Balyk diýe tutanym Ýylan bolup towlandy. diýensoň, Nury balygyň nädip ýylana öwrülýändigini gaty bilesi geldi. Öz akly ýetmedi. ─Eje, balyk nädip ýylan bolýaka? ─Wah, aklyňdan aýlanaýyn Nuryjan. Ynha, hä diýmän ulalarsyň. Uly adam bolaňsoň, balygyň nädip ýylan bolşuny görersiň. Häzir aýtsamam düşünmersiň, Nuryjan. Gowusy, şu mahal ýaňyltmaç aýdyp, diliňi ýenjiber. Hany, oglum, meniň aýdanymy gaýtala, bakaly. -- Birje çemçe şorja serçe çorbasy. Nury ony ýalňyş aýdyp, öz ýalňyşyna güldi. Ejesi bolsa oňa guwanyp, özüne çekip, başyny gujaklap, saçlaryny, ýaňagyny sypalaşdyrdy. Bireýýäm ýatar wagty bolanyny hem duỳman galdylar. Düşeklerini ýazyşyp, ýorganlaryny üstüne çekdiler. Bada-bat uka batdylar. Eje weli uklamady. Dym-dyrslyk aralaşanda ony pikirler basyp başlady. Hangül eňegini iki dyzyna diräp, aýalary bilen ýaňaklaryny ýapyp oturşyna by çagajyklarynyň ykbaly hakda oýlandy. Garypçylyk barha güýçlenip gidip barýar, iň köp agzalýan söz nan-çörek boldy. Erkek göbekli bary fronta ugradyla-ugradyla, gezek Hanmämmet daga ýetse näderkä? Üstesine, göwrede-de bir çaga ýetişip gelýär. Hanmämmet munça çagany taşlap, fronta gitmekçi däl. Gyssansa Eýrana geçermen. Hangüli hem, çagalaryny hem Eýrana äkitmekçi. Emma Hangüle Eýran gaty garaňky görünýär. Hiç-hiç gidesi gelenok. Asyl, o tarapa gitmeg-ä däl, o tarapa hiç-hiç bakasy hem gelmeýär. Daýnadan aýrylsa Hangülüň jany çykar. Bütin dünýä bir ýana, Daýna bir ýana. “Emma açlyk-gytlyk boljakmyş, oňa näme çäre taparkak? Hanmämmet ýanymyzda bolsa bolýar, daşy üwär, dagy deşer, çagalaryny aç goýmaz”. Ýakynda şagallar uwwuldaşdylar, iýmit gözläp, sebsäp ýören köpekler oňa jogap edip, ýogyn-ýogyn hawhawlaşdylar. Hangül ýataýyn diýip otyrka, Nury birden dikeldi-de: “Kaka, meniň çynarym ösenok” diýdi. Ejesi Nurynyň ukuda samraýanyny bildi. ─Ýataý, oglum, ýataý. Çynaryň öser, oglum. Ejesi Nuryny emaý bilen ýatyrdy, üstüni örtdi. Ol öňler Nuryny alyp Sumbardan suw getirmäge gidende, tokaýa inilen ýerde her gezek Nurynyň bir çynar agajy bilen boýuny deňäp geçişini ýatlady. Nury çynaryň ýanyna barýar, aýasyny depesine goýýar, soň aýasyny agaja baka öňe sürýär. Çynaryň şol öňki boýy. Her gezekde-de çynar Nurydan gysga gelýärdi. ─Eje, näme üçin bu çynar ösmeýärkä? ─Çynarlar ilki aşak ösýär, öz boýy bilen deň kök edinýär, soň ýokary ösüp başlaýar. Hanha, o-ol uly çynara seret. Şoň ýaly uly agajy saklajak-eklejek bolsaň, köküň uly bolmasa bolmaýar. Adamam şeýle-dä. ─Adamda kök ýog-a, eje. ─ O saňa görünmeýä. Sen entek ýaşlygyň üçin görmeýäň. Kök gerekdir, Nuryjan. Ulalaňda-da unutmagyn. dowamy bar... | |
|
Ähli teswirler: 0 | |