07:28 Bileniñden galma!... | |
BILENIŇDEN GALMA! "Haý, berekella!" Bileniñden galma!... Señkem añsat däl, Bar sende "zehin" - Ukyp, başarnyk, mekir tilkilik, (Elbet-de muny-da başarmak gerek !) Häsýetiñe görä It bolup görýäñ, Üýrýäñ, Şagal mesliginem undañok hernä, Eşekligem edip ýörsüñ ýerinde, Tüýsüñi üýtgedip bilýäñ her zaman, "Gezekli çemçeden" elheder alman. Bolşuñ-a müñhilli, hetdiň bil-de sen, Bir maslahat berjek, alsaň-almasañ: Adam bolmaga-da synanşyp göräý, Oñarmazmykañ?!... 01.11.2022 © NURDAN | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |