Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:48
Bilsediň...

Ýene-de duýgylaryma söz geçirip bilmän "Seni" ýazmaga başladym bügün. Ýazanlaryma seretseň ählisi seniň bilen başlap, seniň bilen gutarýanyny duýarsyň. Esasan hem sen meniň ýanymda ýok wagtyň ýazasym gelýär, iň gözel jümleleri birleşdirip gaýta gaýta senli günleri ýatlasym gelýär. Bilýäňmi, gün gelip ýene-de öňki günlermiziň geljegine meni ynandyrsaň, aramyzdaky bitmez uzaklyklara sözlerim bilen birleşdirip köprüler gurardym. Belki öňde-soňda "biz" hakda has gowy jümleleri gurmagy başararyn, ýöne hiç kim meni we duýgylarymy düşünmez. Sebäbi men seni oýlamok, men sende ýaşaýan. Ýazanlarymy başgalar makala, hekaýa ýa-da oýlanma diýip okamagy mümkin. Aslynda ýazanlarym "belki-de Allahym doga diýip hasaplap, hasyl eder" niýeti bilen ýazylandyr. Aslynda ýazanlarym "bir gün öňki günler geler, belkide duşuşarys" umydynyň ähtimalnamasy. Ýazanlaryma sensizlikde geçiren günlerimde özüme beren sözlerimi gizledim, okamagyň üçin däl sensiz geçen pursatlarymy seni ýazyp, seniň adyň bilen doldurmak üçin.
Belki-de durmuşyň çarhy tersine aýlanar we biz duşuşarys. Belki soňsyz "baky" älemde bagtymyz bizi duşurmak üçin garaşýandyr. Belki-de...Eh hormatlym käşge bilsediň bu "Belkileriň" sanynyň sözlükerimde barha artýanyny, mensiz ýörän köçeleriňden ýöräp seniň ysyňy gözleýänimi, belki-de düýşümde görerin umydy bilen uklaýanymy. Käşgä bilsediň obaň daýzalaryndan "söýeniňe ýet!" dilegini eştmek üçin (şol kiçijik ýöne çyn ýürekden aýdylan sözi eşitmek üçin) edýän tagallalarmy. Käşgä bilsediň, "halaýan ýazyjym" diýip ýazyjylary topara bölmegimiň sebäbi, olaryň maňa iň gowy şekilde seni ýatladýanlygyna baglydygyny. Käşgä bilsediň köpçülikden ybarat ýalňyz galmalarymda "maňa ol bolsa ýeterlikdi" diýip ýerime ýadyrgaýanymy. Käşgä bilsediň men senden näçe uzaklaşsam uzaklaşaýyn, yzyma dolananymda okajak ilkinji sözüm seniň adyň bolýanyny. Käşgä bilsediň men entegäm saňa garaşýanymy....

© Abat AŞYRGELDIÝEWA
Bölümler: Makalalar | Görülen: 92 | Mowzugy paýlaşan: Abat | Teg: Abat Aşyrgeldiýewa | Рейтинг: 3.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Мango • 13:58, 31.10.2023
"Aslynda ýazanlarym "bir gün öňki günler geler, belkide duşuşarys" umydynyň ähtimalnamasy".

"ähtimalnama" näme bolýaka?
ähtimallyga düşünýän, ýöne ähtimalnama nähili bolýar?

***
umuman, şeýle ýazgylaryňam halaýanlary bardyr-la.
ýöne...

"...mensiz ýörän köçeleriňden ýöräp seniň ysyňy gözleýänimi, belki-de düýşümde görerin umydy bilen uklaýanymy..."

ýazgyny okap, hiç zada aşa baglanmaly däldigini uly ile jar çekesiň gelip gidýär...
hiç bir zat beýle uly söýgä mynasyp dälmikä diýýän (käbir zatlardan başga)... umuman, degenok diýjek bolýan, bir zady ulaltmak, gahrymanlaşdyrmak...
avatar
0
2 suvaTaS • 03:39, 19.12.2023
Yurege yakyn setirler belki bu setirleri beyan etmek ucin seyle duygulary duymak, sol duygularda yasamak gerekdir, edil okanynda duygulanysyn yaly!
avatar
0
3 Mekan2 • 10:14, 19.12.2023
dolanaýsammyka ýa?! belki käbir ýalňyşlaryny düzetse, dolanmagymam ahmal. ýalňyşlaryny bilýämikä beri?!. birini bir aýdaýyn:

...ýöne hiç kim meni we duýgylarymy düşünmez.
...ýöne hiç kim maňa we duýgularyma düşünmez.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203