23:21 Bir çukura tüýkürmek | |
BIR ÇUKURA TÜÝKÜRMEK Meň ýaly bagty getiren ýokdur — ýazasym gelen wagty ýazýan, ýazasym gelmeýän zady ýazamok. Ýöne ýazasymyň gelmesi kynlaşýar. Birgiden sebäpler oňa böwet bolýa. Böwet boldugyça-da onuň azary artýa. Özüm öz halymdan ýadaýan. Öňküler - ýigitlikdäki ýaly, ýazasymam gelenok — höwesimem joşup duranok. Bu zatlaryň hemmesi, mümkün, erkinligimdendir. Mejbury ýazmaly bolsam, mysal üçin, telewideniýede işleýäkäm aýda bir sagatlyk gepleşik taýýarlaýardym. Efir wagty, güni, sagady bardy, islesem-islemesem ýazaýmalydym. Häzirem şolar ýaly gysaja düşsem, ýazsamam ýazardym. Sebäbi, garrylygam, höwessizligem, hat-da ýarawsuzlygam bahana diýseň boljak. Bir wagtlar durmuşymyň manysy diňe ýazmakdy diýsemem boljak. Häzir ol beýle däl. Ýazýan, göwnümi aldaýan, özümi rahatlandyrýan. Bolany. Aralarda Logofet diýip biriniň Eýran-Rus serheti barada 1909-njy ýylda ýazan ýol ýazgylaryny okadym. Säwlik bilen internetde duşdum. Krasnowodskiden başlap, Owgan serhetlerine çenli ýazýar. Ýöne ýol ýazgysy bolansoň, kän çeper eser okan ýaly gyzygyp okalanok. Ýuwaş-ýuwaşdan, göz öňüme getirip, kä ýerini gaýtalap okadym. Onuň ýazýan ýerleri meň atam - Hangeldi agaňam jigit bolup serhetde gulluk eden ýerleri, (belki ýyllary) bolansoň maňa gyzykly. Logofetiň türkmenler hakda ýazanlarynyň käbiri meni geň galdyrdy. Ol “Bir çukura tüýkürmek” hakda ýazypdyr. Bizde üýşüp bir karara gelmek, her kimiň dürli pikirini bir ýere jemlemek diýen ýaly manylary berýän bu söz düzümimiz hakykatda bar, edilýän zat eken. Türkmenler bir çukurjyk gazyp, şoňa hakykatdanam tüýkürer ekenler. Muny olar alamana gitmezleriniň öň ýany edýän ekenler. Munuň manysy, serdarlaryna doly boýun egjekdiklerine, her näme bolsa-da birek-biregi taşlaman agzybir, bir adam ýaly, söweşjekdiklerine kasam içdiklerini aňladýan eken. Bir çukura tüýküren alamançy tekeler öz serdarlaryna (şowly bolsun, şowsuz bolsun, dogry ýa-da ýalňyş bolsun) doly boýun egýän ekenler. Alamandan soň, bu kasam öz güýjüni ýitirýän eken. Ýene bir ýerde Logofet türkmenleri häsiýetlendirende türkmenler kän dine berk adamlar däl. Olar ruslar, dini başgalar bilen görüşip-gürleşýäler, hat-da rus dilinem öwrenýäler. Bu biziň dinimizde gadagan diýip durmaýarlar. Ýöne biri kasam içse, onam saklap bilmese, ahyretde şol kasam içeniň ýanynda duranam, ony eşdenem deň jogapkär diýen ynançlary bar. Şonuň üçin, biri kasam etse, beýlekisi ony eşitmejek bolup çykyp gidýär. Men bu häsiýetiň çalaja ujuny kiçijikkäm görüpdim. “Dogryňy aýt!” diýip birini gyssaberseler, “Hudaý kessin, göremok ýa-da edemok” diýip başlasa, ýanyndaky ony eşitmejek bolýardy. Haýran galaýmaly, geň häsiýetler. Bir çukura tüýkürmegem, kasam etmek, ant içmegem. Indi bu häsiýetler ýitip gitdimi? Biz nähili häsiýetlere eýe bolduk diýen ýaly soraglara gidip kelläňizi agyrdasymam gelenok welin… © Hydyr AMANGELDI Çeşme: https://medium.com/@h.aman....4d9b2e9 | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |