Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:10
Birinji we ikinji
(hekaýa)

Men onuň özüne dar bolýan gök köýneginiň etegindäki gara sapajygyň aşaky epinden sary köwşüniň burnundaky ýasama güljagaza ilişip durşuna birsalym seredip durdum. Onuň köýneginiň aňyrsyndan bildirip duran kelteden hor aýaklarynyň baslanyan yerinde gara reňkli iki sany uzyn lentajyk sallanyp gidýärdi. Ol lentajyklar öňümde duran on dokuz ýaşlaryndaky gyzy on üç-on dört ýaşly gyzjagaz hökmünde göz öňüne getirmäge kömek etdi. Men onsuzam ýadaw ýylgyrşymyň üstüne kinaýa çaýyp:
-Eliňizdäki nähili kitap?-diýip soradym.
Ol meniň başdan geçirýän duýgularymdan bihabar, göýä emin agzasyna mynasyp görünmek isleýän dalaşgär ýaly elindäki kitabynyň ýüzüni maňa tarap öwürdi:
-Gogol-ol kitaby men görmeýändir diýen pikir bilenmi ýa başga pikir bilenmi, gözümiň alnyna has ýakynlatdy-“Burun” powesti-dä.
Men şol wagt Nikolaý Wasilýewiçiň powestine däl-de, onuň öz burnuna has gyzyklanma bilen seretdim. Ol gyzardy-da, tolgunmak dan biraz titreýän ellerini kitabynyň daşyndan aýlap, döşüne berk gysdy. Gözlerini aşak salyp duran wagty onuň ýüzünde burnundan başga zat bardyram öýtmedim . Adatça, türkmen gyzlarynyň beýle uzyndan düýbi ýaýbaňrak, başlanýan ýerinden asagragy cala tüňňüräk burny bolmaýar. Men onuň üýtgeşik burnundan näme üçindir derrew ünsümi sowmak isläp, aşagraga seretdim. Onuň çala gysylan lebleri mende ýakymly duýgy döretdi.Olar häzir meniň sözüň ähli manysyndaky ýadaw göwrämiň ýeke-täk halasgäridi.Näme üçin olara başda üns bermedimkäm?! Gülgüne dodaklarynyň entek bir ýarygam düşmedik ter görnüşi göýä daglaryň aşagyndan akyp ýatan sowuk çeşmäni ýatladýardy. Ol meniň üns bilen syn edýänimi aňansoň, gözlerini haýsy tarapa gönükdirjegini bilmän aljyrady. Men bolsa geň galaýmaly arkaýynlyk bilen onuň gije ýaly gara gözleriniň howlukmaç ondan-oňa agyp-dönüşine seredip ýylgyrdym. Megerem, ol meniň arkaýynlygyma hasam aljyraýan bolsa gerek.Ýogsam näme?!Men onuň ýaly birinji gezek duşuşykda däl ahyryn.
-Näme üçin ýylgyrýaňyz ?-Ol ahyry meniň gözlerime göni seretmäge özünde güýç tapdy.-Men şeýle gülkünçmi?!
Onuň ýaňaklarynda emele gelen al reňk gözlerinden has owadan garaýşynyň dowamy bolup gitdi. Men şol öňki ýylgyrşym bilen kellämi ýaýkalan boldum:
-Ýok!
Onuň ýanyna bir ädim süýşdüm, olam yza tarap bir ädim süýşdi:
-Men şol ýerdenem eşidýän!
Has dogrusy, gyzlaryň näzini birinji gezek çekemokdym, ýöne öňümdäki gyzyň gitdigiçe durulaşýan keşbiniň lezzetini almaklykdan ötri näz çekmäge, onda-da şular ýaly ýakymlyja näzi çekmäge taýýardym. Hamana, bütin ömrüme diňe şu näzi çekmek üçin ýaşan ýaly. Onuň hordan kelte aýaklaram, gök köýneginiň aşaky epininden sary köwşüniň üstündäki ýasama güljagaza ilişip duran sapajygam, burnunyň adaty görýän burunlarymdan tapawutly bolmagam meniň üçin häzir hasam uytgeshikbir zatdy. Onuň gije ýaly gözleri, gözlerinden has owadan garaýşy, çeşma calymdas lebleri bardy. Men indi onuň ýanyna süýşmäge milt edip bilmän:
-Menem bu powesti okajak bolup, okap bilmän goýdum. Dili agyr ekeni-diýdim.
Ol meniň aýdýan sözlerimi eşitmeýän ýaly, belkem, dem alman diýen ýaly bolup durdy.Men onuň duşuşyp duranymyza on minut töweregi bolan bolsa-da, özüni arkaýyn duýup bilmeýşine nebsim agyrdy.Onuň gözlerinde başda bellän uçgunymdan häzir hiç zat ýokdy.Men onuň bir zatlar diýerine sabyrsyz garaşyp durdym.Ol ahyry kellesini galdyrdy-da, rejelenen arça agajynyň gapdalynda duran gyza başyny atdy.Baş atylaryna mähetdel ol seýil bagynyň derwezesine howlukdy.Men bolup geçen ýagdaýa düşünmeýändigimi soragly gözlerim bilen düşündirdim.
-Meniň adym Gülzada. Öň sizi habar edişleri ýaly, on dokuz ýaşymda.-Ol birinji gezek ýylgyrdy-da, gapdalymyzdaky boş oturgyja tarap ümledi:
-Ýörüň, biraz oturalyň.
Men höweseklik bilen razy boldum. Ol maňa maşgalasy hakda, meşgullanýan käri, halaýan kitaplary we ýazyjylary hakda, öý haýwanlarynyň hiç birinisaklamaýandygy we käwagtlar özüniňem ýazaýmak endiginiň bardygy we ş.m hakda gürrüň berdi. Men arasynda has anyklamak hem gyzyklanýan kişi bolan bolmak üçin käbir soraglary berenem bolsam, iň gyzykly soragymy gürrüň gutararyna goýdum. Gülzada meniň üçin aydyan gurrunlerinin gyzykly däldigini bildimi nämemi, gürrüňiniň arasyny böldi:
-Sizi, belkem, ýaňky gyzyň kimdigi gyzyklandyrýandyr?
Men “hawa-la” diýýän ýaly gülüp goýberdim.
-Meniň joram. -Gülzada birden agyr ýuwdundy.-Mende her gezek şeýle bolýar.
Ol şeý diýip ýüzüme ähli zatdan doýan adamyň naýynjarlygy bilen seretdi.Men onuň näme diýjek bolýanyna edil elindäki kitaba düşünmeýşim ýaly düşünmän otyrdym. Ol yzyny dowam etdirmek üçin ýere seretdi:
-Meniň halaýan ýigidim bar...
Men başardygymdan geň galandygymy bildirmejek boldum.
-Şonuň üçinem hiç kim bilen gatnaşyk açyp bilemok.
Bar keýpim kellämden uçdy.” Ýeri, halaýan ýigidiň bar bolsa, maňa tomaşa etmäge geldiňmi?” diýäýesim geldi.Ony başdaky ýaly sowuk kabul etjek bolsamam bolmady, onuň şu az wagtyň dowamynda maňa ýarandygyna gahar edip, hatda, soragam bermedim. Diňe onuň häzir okap berjek takalyna başardygymdan biparhsyran bolup garaşdym. Gülzada kellesini galdyrdy;
-Siz, belkem, maňa gaharlanýansyňyz?
Men onuň ýüzüne seredip bilman yylgyran boldum.
-Men kim bilen duşuşmaga çykjak bolsam, ol... ol meniň öňümde edil diwar ýaly bolup durýar. Men hijem şol diwardan aňry geçip bilemok.
“Belkem, ähli hyýalkeşlere mahsus bolşy ýaly, ol maňa “siziň söýgüňiz şol diwary ýykmaga palta bolar” diýjek bolýandyr, hää? Içigaragalmyş...” Meniň duman örten ýüzümden igençden doly içimi aňlan gyz uludan demini aldy:
-Ýok.
Men ol içimdäkini eşidendir diýen pikir bilen ýüzüne geň galyjy seretdim. Ol ýene şol sözüni gaýtalady:
-Ýok, men gowusy bu zatlar bilen siziň kelläňizi agyrtmaýyn.
Özüme zor salyp diýen ýaly onuň sözlerine garşy çykan boldum:
-Maňa üns bermäň, dowam ediberiň-onuň aýdan sözlerini içime salamsoň, içimi tutan boldum.-Irdenden bäri sançýar, köp iýipdirin öýdýän.
Gülzada meniň sözlerime hezil edip güldi.Onuň gözlerinden ýiten uçgun niredendir bir ýerden peýda boldy. Ol bir meniň garnymyň üstündäki ellerime, bir keýpsiz gözlerime uly şatlyk bilen seretdi:
-Düşnükliii-süýkdürip aýdan sözünden soň, ol ýene çynlakaý görnüşe geçdi. Elindäki kitabyny beýle ýanynda goýup, köýneginiň aşaky epininden sallanyp duran uzyn sapajygy aýyrdy.
-Siz bilenem şeýle bolar öýdüp, joramy alyp gaýdypdym. Men sizi görenimden yzyma gaýdaryn öýdüp pikir etdim-dä.-Ol aýtmasyz bir zady aýdan ýaly gyzardy, onuň ýüzünde özüne juda gelişýän al reňk ýene peýda boldy-Joram bu zatlara öwrenşip gitdi eýýäm, ol meniň ýanyma ýoldaşdy, birden ýene yzyma gaýtmak islesem.
Gülzadanyň hamana, jorasy entegem gitmän, özüne garaşyp duran ýaly seýil bagynyň derwezesine seretmegi meniň “Gowy joras-a bar ekeni” diýip, içimden pikir öwürmegime getirdi. Olam meniň içki pikirimi okan ýaly sözüniň üstüni ýetirdi:
-Joram maňa oňat düşünýär.
Men bular ýaly ýagdaýa öň düşüp görmänimden soň, Gülzada näme diýjegimi bilmän kösendim. Ony hemmesi gowy bolar diýip köşeşdirmelimi ýa men seni bagtly ederin diýip ynandyrmalymy, ýa-da halaýan ýigidiňe garaş diýip maslahat bermelimi –garaz, haýsysyny aýtjagymy bilmän aljyradym. Meniň ýerime siz bolan bolsaňyzam şeýle bolardy. Bu düşnüksiz zenanlara näme gerekdigini bir Hudaý bilýär! Onuň barha kiçelip barýan göwresine naýynjarlyk bilen seretdim:
-Näme onuň başga halaýany barmy?
Men bu soragy has sypaýy görnüşde, belki, has başgarak görnüşde hem berip bilerdim. Ýöne aljak jogabymyň şol bir jogap boljakdygy üçin, öwrüm edip oturman, gönülemegi ýüregime düwdüm.
-Hawa, başgasy bar...
Ol ýene-de gözlerime nebsagrynç seretdi.Menem dymdym.Şol nebsagrynç garaýyşlardan soň her birimiz öz küýümiz bilendik.Men-ä “ Bu ýere kimdir biriniň jogapsyz söýgüsini ýa başdan geçirýän duýgularyny bilmäge gelmändim ahyryn “diýip pikir edýärdim.
Gülzada birden öňümizdäki arça agajyna tarap elini uzatdy:
-Serediň!
Men düşünmezlik bilen arça agajyna göz aýladym.
-Ol ýere däl, ýokarsyna serediň.
Men arça agajynyň ýokarsyna gözümi elli teňňelik ýaly edip seretsemem, hiç zat görmedim. Gülzada muňa ünsem bermedi öýdýärin:
-Şol ýokardaky iki sany dik şahajygy görýäňizmi?-Ana şolaryň uzyndan incesi Merdana gaty meňzeýän ekeni.Men bilen Merdan-diýdi.
Men bir Gülzadanyň täzeden janlanan ýüzüne kinaýa bilen, birem arça agajynyň ýokarsyndaky iki sany dik şahajyklara manysyzlyk bilen seretdim. Olar meniň üçin adam göwreleri bolar ýaly, men Pikasso däl ahyryn. Üstesine, Merdan diýilýäninem tanamok.
-sahadaky kiçijek ýaprajygyn görnüşem onuň saçyna gaty çalym edýär.
Onuň bir dolup-daşyp, bir özünden gidýän ýüzüne we üýtgäp duran tebigatyna biraz göz ýetirenimden soňra, arzuwçyllygyny kül-peýkuna çykarmaga derek, ony şol wagt goldasym geldi. Mende beýle häsiýet bardyr öýdemokdym, ýöne bar ekeni.
Men ylalaşyjylyk bilen baş atdym. Sebäbi Gülzada şol wagt iň bärkisi meniň Merdany tanamaýandygymy hasaba-da almazdy.Şonuň üçinem onuň seredip oturan şahajyklarynyn hakykat bilen nahilidir bir baglanysygynyn bardygynya ynanmasamam, edil özi ýaly seredip oturdym. Hyýalymda Gülzadanyňky ýaly pikirlenmäge çalyşdym, onuň görýän zatlaryny görjek boldum.Birdenem kelläme bir pikir geldi.Men bu pikirime ýylgyrman oturyp bilmedim. Gülzada: “Ýene ýylgyrýaňyzmy?” diýen manyda ýüzüme öýkeli seretdi, näme üçin ýylgyrýandygymy sorady. Men onuň arzuwçyllygyny syndyrasym gelenokdy, şonuň üçinem nämä ýylgyrýandygymy, elbetde, aýtmadym.Köp gyzlar bilen gatnaşyk açyp ýören ýigit bolsamam, gapdalymdaky oturan gyzy şol wagt bagtyýar edýän görnüşi bozar ýaly naýynsap däldim ahyryn.Gülzada-da kem-kemden arzuwlar dünýäsinden ýaşap ýören dünýämize düşmäge başlady.Ýene-de şol Gogolyň powesti ýaly düşnüksiz gamgynlyk bilen ýadaw tukatlyk onuň ýüzünde orun tutdy. Maňa soňlugy bilen ýarap başlan iki sany uzyn lentajyklardan gözümi sowdum. Şondan soň, Gülzada-da öýüne wagtynda barmalydygyny bahana edip, turmak bilen boldy.Awtoulag duralgasyna çenli bolan aralykda ondan ýene duşuşyp biljekdigimiz barada soradym.Ol sakga durdy-da, ýüzüme geň galyjy seretdi. Onuň garaýşyndan:” Şu zatlardan soňam meni duşuşyga çagyrýaňyzmy?” diýen soragy okamak üçin telepat bolmak hökman däldi. Men näme jogap berjegimi bilmän durkam, bir awtoulag geldi-de, deňimizde togtady.Gülzada zorluk bilen ýüzüne ýylgyryş çaýyp, meniň bilen başardygyça mähirli sag bollaşmaga çalyşdy.Men onuň “Hoş galyň” diýen sözüne “Görüşýänçäk” diýip jogap berdim.Göwnüme bolmasa, ol bu sözüme çalaja ýylgyraýdam öýdýärin.
Şol duşuşykdan soň, Gülzadadan hiç hili habar bolmady. Oňa gije-gündiz diýmän, ähli buýsanç duýgularymy beýle ýanymda goýup eden jaňlarym jogapsyz galdy. Ol hakdaky gürrüňlerem wagtyň geçmegi bilen meniň her gün her hili başlasa-da, umuman, birmeňzeşgutarýan durmuşymyň ýadyndan çykyp başlady. Ýöne geň galaýmaly ýeri, men indi başga gyzlar bilen duşuşjak bolmaga howlugamokdym. Gülzada derek başga bir gyz bolan bolsa, belkem, beýle bolmazdy. Onuň bilen bolan geň duşuşyk meniň ýüregimiň bir çüňkünde doňup galmagyny tä şol ýaz gelýänçä dowam etdi. Sebäbi şol ýazyň bir ajaýyp gününde Gülzadanyň özi maňa jaň edip, duşuşmak isleýändigini ýaňzytdy. Menem duşuşyk ýerine uly ynam bilen howlukdym.Ýolda onuň üçin gül çemenini almagam ýadymdan çykarmadym.Bazar derwezesinden çykan ýeriňde elli ýaşlaryndaky bir ýaşuly kitap satyp oturan ekeni, ondanam Gülzada üçin Berdi Kerbabaýewiň eserler ýygyndysyny satyn aldym.
Gülzada bu gezek meni ýylgyryp garşylady.Onuň egninde ýakasy dik açylan uzyn türkmen köýnegi bardy.Men gysgajyk salamlaşykdan soň, elimdäki gül çemenjigini uzatdym. Gülzada beýleki elimdäki kitaba gyzyklanma bilen seretdi:
-Sizem Berdi Kerbabaýewi okaýarsyňyzmy?
Men diňe şondan soň onuň elindäki kitabynyň adyny okadym. Olam Berdi Kerbabaýewiň eserler ýygyndysy ekeni.Mende “Hawa” diýäýmekden başga alaç galmady.
-Örän gowy ýazyjydyr.
Men ýene-de başymy atan boldum. Biz birinji gezek duşuşan ýerimizdäki oturgyja gelip oturdyk. Ol tozanyny aýyrmak maksady bilen elýaglygyny çykaryp, ilki meniň oturjak ýerimi arassalady. Men onuň öňküden biraz durlanan hem ýagtylanan ýüzüne minnetdarlyk bilen seretdim. Gülzada öňümizdäki şol arça agajyndan gözüni aýyrman:
-Siz näme üçin şol gezek ýylgyrdyňyz?-diýdi.
Gülzadanyň şol gezek näme üçin ýylgyrandygymy eşitmäge taýýardygyny bilsemem, oňa muny nädip aýtjagym alada goýdy. Ol sabyrsyzlyk bilen gözüni dagam gyrpyldatman, meniň jogabyma garaşansoň, men ählisini bir demde diýen ýaly özümiň gödek tebigatyma laýyklykda aýdyp goýberdim:
-Şol iki sany dik şahajyklaryň biri, belkem, Merdana meňzeýändir... Ýöne onuň gapdalyndaky şahajyk size meňzänokdy...
Gülzada”Düşünmedim” diýip, süýkdürip diýen ýaly aýtdy. Men elimi şol iki sany dik şahajyga tarap gönükdirdim:
-Serediň, ikinji şahajygyň boýy gysga däl-de, uzyn ekeni, onsaňam çalaja ýognasrak...
Gülzada nägilelik bilen seňrigini ýygyrdy.
-Meniň pikirimçe, siz ol şahajyga meňzemeýärsiňiz.- Gülzadany täzeden boýdan-başa synlap, öz aýdan sözlerime özüm gülüp goýberdim.- Hawa, meňzemeýärsiňiz...
Gülzadanyň maňlaýy çytyldy, ýöne ýüzündäki maňa bolan nägilelik öz ornuny nämedir bir şatlykly bolmadyk hakykata akyl ýetiren adamyň ylalaşyjylygy bilen çalyşdy. Ol arça şahajyklaryna umytsyzlyk bilen serdip oturşyna:
-Näme üçin şol wagt aýtmadyňyz?-diýdi.
Men onuň bu soragyna-da wagty bilen jogap bermedim. Bolmasa onuň jogaby meniň aňymda şol pursatdan bäri pyrlanyp ýördi. Gülzada arça agajyndan gözüni sowup, maňa:”Aýdyň” diýýän ýaly aýgytly seretdi.
-Eger şol wagt aýdan bolsam, onda belkem, ikinji gezek duşuşmazdyk...
Meniň agyr ýuwdunmama Gülzada aşak bakmak bilen jogap berdi. Ol gamlanýan wagty beýleki gyzlaryňka meňzemeýän burny kiçelýän we onuň tersine, has gelşikli görünýän lebleri ulalýan ýalydy. Men pursatdan peýdalanyp, aramyzda dag ýaly keserip duran Berdi Kerbabaýewiň eserlerini beýle ýanymda goýdum-da, onuň ellerini elime aldym.Gülzada näçe garşylyk görkezse-de, goýbermejegim çynymdy. Şonuň üçinem onuň garşylygyna seretmän:
-Diňläň, Gülzada!-diýdim.
Ol utanjyndan men tarapa seretmän, beýlesine bakdy.
-Meni diňe şol şahajygyň size meňzemeýändigi ýaşatdy.-Men barha onuň golayyna süýşdüm.-Umyt berdi...
Edebiýatyň dilinde gürlejek bolsam, örän gülkünç görünýändigimi öň biri aýdypdy.Dogrymy aýtsam, şol lenç edilen jümleleri aýtmak özüme-de ýeňil däldi. Ýöne bu gezek ýürekden aýdanymdanmy nämemi Gülzada üçin bu sözler täzelik bolup eşidiläýjek ýalydy welin, ol tersine, kinayaly ýylgyryp goýberdi:
-Beee...
Şondan soň, ol ýene burnuny hasam ulaldýan çynlakaý görnüşdäki ýüz keşbine gaýdyp geldi:
-Meniň üçin indi parhy ýok. Olar ýöne bir şahajyklar ahyryn...
Bu gezek menem gülüp goýberdim. Onuň mähirden doly gözlerine gark bolmak islegimi aňan Gülzada diňe ýylgyrmak bilen gözlerini aşak saldy.

© Bägül ATAÝEWA
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 78 | Mowzugy paýlaşan: atayeva | Teg: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203