21:54 “Biz entek diri ahyry” | |
“BIZ ENTEK DIRI AHYRY” Tebigatyň gözelligini synlamagy her kim gowy görýär. Sebäbi, ol durkuňy arassalaýar. Ýöne onam synlaýyn-la diýip synlap bolanok. Ýogsa synlanam bolýaň, owadan-owadan ýerlere ýörite-de gidýäň, emma durkuň arassalanmagynyň ýerine, ýüregiňe gussa gelýär. Bu dünýäde wagtalaýyndygyňa, gözleriňi gandyryp bolmaýan ajaýyp görnüşiň bolsa, bakydygyna düşünýäň-de ýüregiňi gyýýan gussa batýaň. Adamyň ýaradylşy şeýle, oňa gözelligi mydama synlap, gözlerini gandyryp bilmän ýörmek berilmändir. Ýöne kanuny bolaýmaly zada gynanmak akylsyzlyk dälmi? Garraýan diýip gynanan bolup, ölerin diýip gussa batan bolup, şol gussaňa-da guwanyp ýörmek — öz-özüňden zor bilen şahyr ýasajak bolmaga barýar. Ýöne garrylyk hakda, ölüm hakda oýlanmanam bolanok. Soňky wagtlar tebigaty ýa-da başga bir owadanlygy synlanymdan, garry adamlary synlanymy gowy görýärin. Mahal-mahal olaryň haýran edişi, tebigatyň haýran edişiniňem çeni bolmaýar. Ýaşadygyňça dost-ýar ýogalyp, töweregiň çolaryp barýar. Ýöne ýaşadygyňça häsiýetleriňem ölýän eken. Olaryň käsini öldürýäler, käsini özüň öldürýäň. Olaryň ýasynam tutaňok, öleninem duýman ýören wagtlaryňam kän. Arada ýaşka gowy goşgular ýazan biri bilen gabat gelişdik. Onuň “Otuz ýaşam gowy ýaş eken, o wagtlar ýüregimde joş bardy, ind-ä olam ýok” diýende, gynanyçdan doly gözlerini gören bolsadyňyz. Ol gözler ýogalan häsiýetiniň ýasyny tutýardy. Ýakyn dostuňy ýitirýäň, alajyň ýok. Ýöne ýüregiňi iýmitlendirip duran joşuňy ýitirseňem bialaç ýaşabermelimikä? Ýürek adamy iýmitlendirýär, ýöne ýüregem iýmitlendirmelidir-ä?! Onda-da şahyr ýüregi. Ýogsa ol ýöne bir “dük-dük” edip duran maşyn ýaly bir zada öwrülmezmi? Gussa diýilýänem lezzetli zat bolsa gerek. Ýöne Gurbannazar neresse welin, “Gussa batmak nämä derkar, Şatlanmaga hakymyz bar…” diýerdi. Emma onuňam gözleri gussalydy. Elbet, gussa bilen gussaň arasynda-da Ýer bilen Gök ýaly tapawut boldugy-da. “Ýigidi dostundan tana” diýilýär welin, ýigidi gussasyndan tana diýesim gelip dur. Şäheriň köçeleriniň birinde ykmanda ite gabat geldim. Janawer hor düşüpdir, özem edil deňäňden geçip barýan adamlar ýaly, alňasaýar. Hiç kim oňa kömegem edenok. Hiç kim oňa kömek edibem biljek däl. Belki, sen duraga-da onuň aç garnyny doýursaň doýurarsyň, öýüňe getirseň, ol seni pygamber ýaly görer. Ýöne janawer, it bolup item däl, bir “samsyk güjük”. Onsoň öýüňe getirdiň näme, garnyny doýurduň näme, bir gün bolmasa bir gün samsyklygyny eder. Ederem köçä kowularam. Pygamber bolup adamlaryň arasyna, Ýere gelmek kyn zatdyr, emma olar gelipdirler. Adamzady dogry ýola çagyrypdyrlar. Hakyna seretseň, her pygamberiň gelmegi adamzat üçin uly utançdyr. Şeýle-de bolsa, biz olaryň Ýere gelen gününi uly baýram edýäris, janly öldürip, hudaýýoly berýäris, ertesi bolsa… Adam ýogalanda garaňky ötükden geçip, üýtgeşik bir ýagtylyga barýar diýip, öldi hasaplanylyp, birnäçe wagtdan soň direlen adamlar aýdýarlar. Adam dünýä inende-de şol garaňkylykdan geçip, ýagty jahana gelýär. Soňra bolsa özüni dünýä inderen ejesini ähli zatdan eý görüp ýaşaýar. Ýogsa eje diýilenem, başga biriniň gözi bilen seretseň, ýöne bir adaty aýal. Bu dünýeden gidip, garaňkylykdan ýagtylyga baran adamam Hudaýy şol ýagtylyga çykarany üçin, şeýle eziz görýärmikä? Ejeler köp, Hudaý bir. Ejäň ýeten paýhasyna, ulalsaň, senem ýetýäň, ýöne Hudaýyň derejesine ynsana ýetmek ýok. Emma Ony şeýle eziz görmek bagty saňa nesip edip biler. Ýöne eden ýalňyş işleriň, hatalaryň üçin, ilki bilen kösenýän ejeň öňünde sen utanýarsyň. Ýer ýarylanok, sen gireňok. Adam türmä düşýär, on ýyl beripdirler, sekiz ýyl beripdirler diýilýär. Ýyl diýlen geçýär gidýär. Ýöne yzyňda ser-sepil, ýüzüni bir görsem diýip yzyňdan türmä gelen ejeň öňündäki utanjyň hiç geçmeýär. Dowzah ody diýilýänem, bolup bilse, şonçadyr. Adam bu dünýede ýalňyşýar, soň ähli zatdan eziz Hudaýyň öňüne barýar. Türmede yzyndan ejesem gelmeýänleri görüpdim. Hudaýym, şu dünýede adam çagasyndan ejesi bir ýüzüni öwürmesin, o dünýede-de Özüň bizden ýüzüňi sowma… Bapba Gökleň neresse bilen ölmeziniň birki gün öň ýanynda, iň soňky gezek görüşenimde, kän gürrüň edişdim. Şonda ol “Täzeden başlamak hiç wagtam giç däl” diýipdi. Beýle netijä gelmek üçin, ullakan gaýrat gerek. Indi giç diýip, gussaly gözleriňi süzmekden aňsady ýok. Eger-de, hakykatdanam giç bolýan bolsa, adam ýetmiş, segsen ýaşa ýetip bilse, ähli edenlerini wagtyň boýnuna ýükläp, indi giç diýäge-de, gussaly gözlerini ýumup, “ak jüýje” bolup ölerdi. Dostlarymdan jyda düşdüm, emma olar mydam ýanymda. Ýöne häsiýetlerim ölse, onda näme galar, boş göwräň içinde “dük-dük” edip, meni nalaç ýaşadyp duran ýürekmi? Ýüregim, beýdip uranyňdan duranyň gowudyr. Seni saklamak meniň ygtyýarymda däl, ýöne “iýmitlendirmek” welin, ygtyýarymda bolawersin. (1991–92-nji ýyllar.) © Hydyr AMANGELDI Çeşme: https://medium.com/@h.amangeldi/biz-entek-diri-ahyry-189d8a87b929 | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |