Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:23
Biziñ iṣimiz
BIZIÑ IṢIMIZ

«Meniň, nä işimmiş bu zatlar!» diýýäs.
Ol ýalňyşýar. Diýýäs: «Meniň nä işim!»
Ol ýaňraýar. Diýýäs: «Meniň nä işim!»
Ol aldaýar. Diýýäs: «Meni aldanok,
Illeri aldaýar, Meniň nä işim!»

Görünmeli ýerde görünmese-de,
Görünmesiz ýere irinmese-de,
Goýalmaly ýaşda goýalmasa-da,
Uýalmaly ýaşda uýalmasa-da,
Ýene-de diýýäris: «Goýalman geçsin,
Goý, uýalman geçsin. Meniň nä işim!»

...Ol bolsa:
«Hemme zat meniň öz işim,
Nädemde illeriň nä işi?» diýip,
Maýkasyny çermäp göbegne çenli,
Dyzyndan geçmeýän jalbaryn geýip,
Edil dik garşyňda kofehanada,
Çigit çakyp otyr hüžžerdip döşün.
Sen bolsa diýýärsiň: «Goý, daş gemirsin,
Goý, ýalaňaç gezsin,
Meniň nä işim!»

...Ol ogurlyk edýär. «Meniň nä işim,–
Diýýärsiň – wagt geler, jezasyn çeker».
Ol myjabat ýapýar. «Meniň nä işim, –
Diýýärsiň – hakykat lowurdap çykar»,

Emma jezasynyň gelýänçä wagty,
Lowurdap çykýança hakykatymyz –
Juda çökder düşýär parhlylygymyz.
Juda gymmat düşýär kanagatymyz.

...Ol adamyň eden etmişi uly.
Ol-a ilden bezgek, il ondan bezgek.
Ýygnakda şol hakda sowal goýulýar,
Ýetýär geplemäge saňa-da gezek.

Sen onuň kimdigne bolsaň-da belet,
Ýa çekinip, ýa-da hormatlap ýaşyn,
Geplemek deregne aşak seredýäň:
«Goý, iller geplesin,
Meniň nä işim!»

Soň bir gün düşülýär seniň üstüňden,
Ýaňky gezek alyp hemmeden ozal,
Kiçijik günäli göreçleriňe
Eýmenç ýigrenç bilen aýlaýar nazar

Hem diýýär: «Günäsi juda ullakan.
Jenaýatkär. Suda bermeli işin!»
Sen bolsa şondan soň bilip galýarsyň
Niçiksi zat eken –
«Meniň nä işim!»

...Sen uly aýlykly ullakan işçi.
Emma pul diýleniň üýşüp ýatanyn
Göreňok sen. Nika ýüzükden başga
Ne-hä kümüşiň bar, ne-de altynyň.

Başga biri bolsa haram bagtynyň
Ugrunda hallanlap, otuzki dişin
Ýonduryp, gyzyldan gapladyp otyr.
Sen ýene-de diýýäň: «Menin nä işim!»

Altyn dişli kişi gün-günden azýar,
Ili hem azdyrýar. Güjeňläp dişin,
Bir ajap maşgalaň başyn aýlaýar.
Sen ýene diýýärsiň: «Meniň nä işim!

Aýlasa aýlasyn. Maňa degenok...»
Ol bolsa kem-kemden gaýşardyp döşün,
Seniň duluňa-da ätläp başlaýar.
Soň weli diýeňok:
«Meniň nä işim!»

Gurhanda: «Magşarda gopup harasat,
Asman-ýer çöwrüljek!» diýilýämişin.
Ýer çöwrülmez. Birden çöwrüläýse-de,
Ýeri çöwürjek zat:
«Meniň nä işim!»
Bölümler: Goşgular | Görülen: 120 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Kerim Gurbannepesow | Рейтинг: 1.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 9
avatar
0
1 Pero • 10:27, 28.09.2023
...Başga bir tanşym bar, ýagşy-ýamandan
Hiç kime hiç bir zat diýenogam ol.
Sebäbi hiç kimi ýigrenenogam,
Ýöne hiç kişini söýenogam ol.

Takdyr meni şu adamdan gorasyn.
Beýikler maňa o diýen ýat däl.
Köpi gören bu köneje dünýäde
Ýigrenmek diýeniň täze bir zat däl."
B.Hudaýnazarow.
Ṣu goṣgydaky pikir ýokarky bilen gabat gelýär.
avatar
0
2 atayeva • 10:41, 28.09.2023
Käburleri garaşýarka, käbirlerialyp gutarýar. Özem bir alýan adama beryarler baryny, hatda, mynasyp dällere-de
avatar
0
3 Мango • 13:10, 28.09.2023
Soňunda Kurandan salgylanmalam däl eken.
Azajyk не то-rak bolupdyr, azajyk…
Her döwür üçin aktual mesele.

Nika ýüzükden başga
Ne-hä kümüşiň bar, ne-de altynyň
.
-diýen ýeri häzirkidöwür bir türk syýasatçysyny ýatlatdy.
Ol “bar baýlygym şu nika ýüzügüm” diýip syýasata başlapdy… ol sözler ýöne bir owadan we täsirli sözdi… häzir hakykat düýbünden başgaça… hawala “biziň nä işimiz”.
avatar
0
4 Мango • 13:22, 28.09.2023
“biziň nä işimiz” temasyna ýakynrak “başda ermenini urdurmaly däldik” anekdoty hem gyzykly we sapak beriji…

bir türk, kürt we ermeni bir baý türküň erikli howlusyndan erik ogurlaýarlar.
tutulýalar. erik eýesi tutýar bulary.

soňra ermeniň ýakasyndan tutup, türki we kürti görkezip: bularyň ikisem meniň din gardaşym, sen ermeni bolup nädip meniň eriklerimi ogurlarsyň? -diýip
ermenini suwa salma ýenjýär.

soňra kürtüň ýakasyna ýapyşýar: (türki görkezip) bu adam bilen biz bir milletden, sen kürt bolup meniň erigimi ogurlarmyň? -diýip munam suwa salma ýençýär.

Iň soňunda gezek öz türküne ýetýär: bolýa bulaň birä ermeni, beýlekem kürt. sen türk bolup meniň erikli howlumdan erik ogurlamaga nädip het edip bildiň -diýip munam suwa salma ýençýär….

ogrular haýran bolýar: nädip üçümizem ýeke özi ýençdi -diýip. şonda ogry türk akylyna aýlanýar: başda ermenini urdurmaly däldik -diýip.
hawa. başda ermenini urdurmaly däldik :-)
gowy rowaýat.
avatar
0
5 Pero • 14:32, 28.09.2023
Ýa-da jorap örüp otyrkañ halkany sypdyryṣyñ ýaly. Bir halka sypdymy,bes,yzy ap-añsat. Ṣoñ üçin ilkinji halka bek bolmaly. Ýogsam "biziñ nä iṣimiz" barçamyzyñ iṣimizi görer. Ṣol "Biziñ nä iṣimiz-dä" hemme ahlaksyzlyklara ýol açan. Jemgyýet ýazgaryṣy uly rol oýnaýar ,ýöne onam subýektiw peýdalansalar.
avatar
0
6 Pero • 14:45, 28.09.2023
Gurhanly ýerini eddil gönem kabul etmeli dål-de ṣol deñeṣdirmäni ulanyp "Biziñ nä iṣimiziñ" howp-hataryny nygtamak isläpdir diýip düṣünmelimikä diýýän. Ýogsam "myṣyn/miṣinli gürlåpdir weli,awtor kyýamata ynanmaýar diyen garjaṣyk pikirler gelýär oýuña.
avatar
0
7 Medicall • 00:21, 30.09.2023
Şahyryñ aýdyanlary juda dogry.

Şeýle-de "Meniñ nä işimiñ" ör boýuna galmagynyñ sebäpleriniñ biri: "Seniñ näme işiñ?" bolsa gerek.
-Saña näme?
-aý düzel diyjek bolýanda.
-düzelmämde saña näme?
- soragy bar diyilýärda, günä bolar, günäñ bolsa añyrda kyn düşer diyjek bolýan.
- näme etsem jogabyny özüm bererin, günämem sogabymam özümiñki, saña näme?
- hmm, oñ ýaly bolsa bolýa-la...bor, maña nãme?!
Şeýdip gepden, gohdan, şerraýlykdan gaçybam ahyr "maña näme?" dogulýan bolmaly, parhsyzsiräp galyberýan bolmaly adam pahyr. Emma "düýa hayt diýip gaýtarmak medet" diýişleri ýaly
Dünýani düzedip biljegiñe ynanyp "seniñ näme işiñden" basylmanjak "meniñ nä işimi" azaltsañ dünýäni doly düzeltmeseñde elýeteriñdäkileri-ha (birinji özümizi) düzeldip bilersiñ.)
avatar
0
8 Pero • 08:31, 30.09.2023
Gürrüñ has çuñ mesele ayaldogan. Soñky döwürde ärine ikilik edip,hatda çagalaryny taṣlap baṣga birine gaçyp ýören aýallar diýmäýinle heleýler diýjekmi,beçebazlyk edýän oglanlar diýmäýinle köpekler diýjekmi köpelipdir. Ṣolar ýalylara jemgyýet tarapyndan berk we berk ýazgaryṣ hökmany. Ýogsam erte biziñ hut biziñ namysymyza hem ýokuṣjagy ikuçsyz,Alla gorasyn!
avatar
0
9 Medicall • 09:02, 30.09.2023
meň aýdýanymam çuň mesele-da, aýaldogan, şoň ýalylaň, başgaň hakyny iýýänleň,(bolmanda-da ownuk, downük meselesine hiç kimem hiç kimi goşasy gelmez, goşulasam :)) beterräkleň aýal erkek görnüşleri.emma tutyp aýdyp gör şolara, birinji eşitjek jogabyň saňa näme bolar. şonuň üçin saňa nämeden çekinip dymmak howply, bolmanda her kim öz "elýeterimizdäkileri" düzlemäge çalyşsa... emma şol "saňa nämeden" yza çekilýänlerem az däl-da gynansak-da
avatar

Старая форма входа
Total users: 203