23:09 Boş köçäniň gezegeni / hekaýa | |
BOŞ KÖÇÄNIŇ GEZEGENI Onuň keseliniň ady – sosiofobiýa. Muny kesel saýmaýanam bar. Köpçülige bolanok diýip, çeperleşdirseňem bolman duranok. Asyl Agasalyhyň köpçülik bilen işem ýok. Köçä çyksa, ýöreýşinden, geýnişinden, gürleýşinden, hatda, özi özünden çekinýärdi, onsoň başgalar güler öýdüp başarybildiginden bukulýardy. Okumyş, köpbilmiş däl, sözleri göýä saýlap-seçip ulanýan ýaly, artyk ýa kem ýerine duş gelmeýäň. Islendik temadan pikirlerini ylmy taýdanam, ruhy taýdanam subut edip bersin saňa. Geýnişi modadan öňde, ýöreýşini görüp bilseň, özüne ýetýän göwnünden ýaňa dünýä sygmaýan ýalydy. Ýöne hany onuň köçä çykyşyny gören ýa eşiden?!. Şonuň üçin başagaý köçelerden gizlenip, il ýatyp, it uklansoň özüni daşaryk atýar. Bolşuny görkezesi gelýär elbetde, adamlara. Onça okan kitaby, tomaşa eden kinolary, moda gepleşikleri, stil lakyrdylary... Iň bärkisi, özüni tanamaýanlaryň duşundan geçesi gelýärdi. Ýöne nämüçindir adamlardan gorkusyny duşundan ötürip bilenokdy. Hepdede birküç gezek gezýärdi, ellerini jübüsine salyp aýlanýardy, içine depip-dykan pikirlerinem saýhallamaly arasynda, silkişdirip, hersini ýerine oturtmaly. Daşarda adamlaryň bary öýlerine ýa-da sümelgelerine ýygnanypdyr. Juda seýrekläpdir, ýazýanym habar ýa makala bolmansoň detallandyryp oturmaýyn. «Bu gün kim bilen gürleşsemkäm?» Jemgyýetçilik fobiýasyndan başga Agasalyhyň ýene bir derdi bar: platoniki söýgüli bilen söhbet. Adamlardan çekinmegini üç-dört aý öň tapyndy. Özüne söhbetdeş tapynmagyna bolsa, bir aý dagy boluberendir. Ol arhiwden alnyp görkezilýän wideolara ýaman bisabyr garaşýar. Köne klipler, konsertler, şäheriň öňki durmuşy hakdaky dokumental filmler... Bilýäňiz, konsert görkezseler tomaşaçylaram arasyna salýalar. Şolaryň birinde gyzlara gözi düşse ara maý salman aşyk bolup ýetişýär. Şeýdip jemi dört hat ýazypdyr. Belki gören şol gyzy şu wagt ep-esli ýaşandyr, oň bilen işi ýok, keşpini derrewjik beýnisinde surata alýar, gezelenje çykýar, kafelere äkidýär, ýeri, zerurmy şol, nämä gerek?... Agasalyh üçin gerekdi bular, ýaşdy, halaýany ýa söýýäni ýokdy, gorkýardy ýa çekinýärdi. Bu tanyşlyk açmaga türgenleşigem däldi, ýöne göwni isleýärdi. «Salam Mähriban, şu gün seni telewizorda gördüm. Ýüregim ürkek ganatlary bilen uçmaga synanyşyp, yzgar bakyşlaryň öňünde alawlandy-da, hersi şol owadan gözleriňden uzaklaşyp bilmän gaşlaryňa öwrüldi. Şeýdip, gaşlaryň näzikligi gorkajyk serçejik ýaly, çala galdygy uçup gaçaýjakdylar. Seniň boýagsyz ýüzüň erkinligi ähli üsti örtülen reňklere atanak çekýän ýalydy...» Ol gyz daşary ýurtludy, bary-ýogy ikije gezek görkezipdirler şol konsertde. Bu-da beýleki konsertde görenine ýazan hatyndan: «Ýylgyryş ýörite saňa niýetlenen bolsa, ol seniň fobiýalaryň barynyň ýoguna ýanýar. Owadanlygy wirtual dünýäde geçirilýän ähli gözellik ýaryşlarynda ýeňiş gazanýar. Halys ýüregiň bilen gülmek, bu güne çenli saklanan deşigiňden bat bilen alyp çykýar. Ine, Gülälek, seniň ýekeje ýylgyrşyňa maýyl etmegiň nämelere bahana...» Bu ýolugan belany Agasalyhyň özi ençeme ýola ýazan hatlary bilen baryny jemläp bir çukura gömjek boldy. Eline pil alyp, şäheriň çetine çykmak üçin ne ulag tapyldy, ne-de ýürek. Asyl elleri pil diýen zady tutubam görmändir. Çukuryň iň çuňuny bolsa, 52 ýyl mundan ozal düşürilen kinodaky gyzyň ýaňaklarynda görüpdi. Şu wagt duşuňdan ötýän maşynlar diýäýmeseň, gijara uzagrakdan bolaýmasa, adam-gara görjek gümanyň ýok. Birden gulagyna wahahaýlaşyp gülüşýän ýaşlaryň sesleri ilen ýaly boldy. Ümsüm duranja ýerinden tisginip gitdi, diňleýän asuda äheňli aýdym* agyr-metala öwrüldi. Töweregine seretdi, hiç kim görnenok, soň böwrüni diňläp, ol gülki sesleriniň beýnisinden paýrandygyna aň ýetirdi. Ýoluň garşysyna duýdansyz gözi düşdi. Ol gyz şeýle bir gözeldi, edil ýüzüne seredip, ähli aýdyp bilmän ýören sözleriňi birin-birin düzübermelidi. Gyz elini magnit kimin galgatdy; ýene çekinjeňlik; «üstümden gülýändir, bolşumdan bir kem tapandyr», büýem elini jübüsinden çykardy, galdyrsammy ýa yzyna salaýyn, ýok, barybir tananok, çalaja ýokaryk, ýene-de... Aý ýok, diýen etmedi eli. Yzyna sümüldi. Oňa derek dili gürledi: «Men geçeýinmi ýa sen bärik geçjekmi?» «Gyz halyma barsam, saňa aýyp bolmazmy?» «Utanýan» «Menem» «Şeýle-de erbet däl, durubereli-le» «Başga näme edeli?» Birlän-ikilän geçýän maşynlar wazyrdadyp sözlerini bölübem ýetişýär iki arada. Agasalyh dowam etdi: «Men ahyrsoňy açyljagymy bilýärdim» «Ýöne sen entek hiç zat diýmediň-ä» «Barybir men muny bilýän» Gyzyň gahary geldi. Sag-çep diýmän, ýoly göni kesip, barşyna-da gulak düýbüne çalasy geldi. «Saňa diýýän, näme üçin geleňok ýanyma? Gije gezim etmegi nähili gowy görýänimi bir bilsediň!» «Menem şeýle, adamlaram ýok, çekinjeňligiňem. Üstesine sen bar ýanymda, bileje aýlanýas»... Gyzyň beter gahary gelmezmi, ökjeli köwşüni tarkyldadyp, düýdüldilere gulak gabartman, gaty-gaty ýöräp gelşine gondurdy bar güýji bilen. Gulagy şaňlady Agasalyhyň, ýene tisginip, özüne geldi. Soň başyny ýaýkady çalaja, köçäň boşlugy bilen ýöredi. «Her edip, hesip edip, şu gorkymyň ýoguna ýanmaly. Ýogsam ol meni ýok edip barýar. Ynha men bar, adamlar ýok. Men adamlar üçin ýok, olar meniň üçin bar». Gulagynda başga aýdym** aýdyp başlady, ädiminem, aýdymynam gataltdy. Kurtkasynyň kapýuşonyny geýip, öňüni ýapyp, şony özüne galkan edindi. «Bar, seni başlyk çagyrýar» sözi iň gorkýany. Ozalam iş ýerinde özgelerden gaçýan mahaly, biri ýanyna geläýdigi bar pikiri: «çaltrak gidäýsedi». Işine welin, örän jürdi. Başlygy ony halamanam duranok, ýöne şu çekinjeňligi bolmasa... Käbirleri bilgeşleýin şeýdýändir öýdýärdiler. Ýygnaklarda pikirini aýtmaly bolsa, onuň zerur hem dogry düşünjesi gögerişi ýaly solup gidýär... Öýünde kän bir mesele ýok, ene-atasy, doganlary gül ýaly, gijeki gezimi bilen işlerem ýok, ýagdaýlaryna belet. Barybir olar ýatansoň ýöremäge çykýar. Özüçe psihoterapewt tapynypdy: adamsyz köçeler. Ýöre-de gez, gez-de ýöre... hezillik. Antidepressant dermanlaram bar – hatlar. Ýat-da ýaz, ýaz-da ýat... azajyk hezillik. Jemgyýetiň näme günäsi bardy Agasalyhyň şeýle bolmagynda? Ýalňyzlyk ady bilen meşhurlyk gazanan, gadyry bilinmeýän närse-de däldi gorkusy. Belki gorkusy bireýýäm tozana dönendir. Ýa täzelik gözleýändir köňli. Özüni tapaly bäri adamlary terk etmäge başlapdy, bar bolany. Gulagyndaky aýdymy täzelendi***, yzyna gaňrylyp ýüzüme seretdi, ýylgyrýan ýalam etdi, anyk görüp ýetişmedim. Ýöreýşine seretseň fobiýasy barada ýazmaga barýana meňzeş. Çalt-çalt köçäni syryp barşyna hekaýamdan çykyp gitdi, öz hekaýasyny özi ýazmak üçin. Muny welin anyk aýdyp biljek. Sebäbi şu wagt öňüme bir hat geldi, ondan... © Seýran OTUZOW | |
|
Ähli teswirler: 45 | |
| |