02:54 Bosgun duýgular | |
BOSGUN DUÝGULAR Özgäň ýerine-de agla buludym, Agla, saň gaty bu günleriň oýny. Günäsi nämedi juwan budunyň, Bu başgaň ýasyna tutulýan toýmy? Olaryň wagty ýok aglap-gülmäge, Olar wagty ýany bilen äkidýär. Hatda, maý tapanok rahat ölmäge, Ajaly egninde göterip gidýär. Bir Oguz ýigidi, bir Turan merdi, Ýumrugyny dişläp gygyrýar çasly. Iň soňky sözüni diýip goýberdi, Ýöne topuň sesi oňkyny basdy. Bosgun duýgulary kabul etmeklik Arabyň, Ajamyň, derdi ynsanyň. Diňe kalbymyzyň gussasyn çekdik Sapasyna görä bolduk ynsabyň. Gezerler özgeleň ýyly düýşünde Olaryň yzynda galan ömürler. Kemala gelmedik ýalan söýşümde Urşy ýatlap öter galan döwürler Ýa-da başga ýüreklerde söýerler Başga ýüreklerde aglarlar-gülüp. Ýaşatsak olardan dolar bu ýerler Belki mundan artyk bilmezler ölüp. Häzir çozuň meň üstüme gygyryp, Akja baýdak alyň päk eliňize. Otyryn alaçsyz, diňe çagyryp, Başga-da düşünýän ýok diliňize. © Seýran OTUZOW | |
|
Ähli teswirler: 36 | |
| |