15:50 Bu gelen bagtymmy ýa-da baharmy? | |
Bu gelen bagtymmy ýa-da baharmy? Dolanmakmy geçip giden ýazlarma? Ala gözlim, bakyp beýle gaharly, Ýatlamalar üçin meni beýle ýazgarma. Geçen hoş gün gaýtalanyp köňülde, Alsa meni seniň söýgiň elinden, Gyýylma biz bagty görmän geçsegem, Geçmeris oň hesretiniň deňinden. Bahar gaýtalanar, bagt gaýtalanmaz, Gaýtalansa diňe düýşde görner ol. Sebäp bagtam edil şowakör ýaly - Öz gözleýän adamsyny görmez ol. Özümi undamda ýatlama berlip, Senem unudýaryn, meni bagyşla! Bu dünýäde meniň bagtym barmy nä, Ýatlamadan başga hem senden başga?! Atamyrat ATABAÝEW | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |