08:30 Bu gün seniñ günüñ,Nurdan | |
BU GÜN SENIÑ GÜNÜÑ,NURDAN Adam diýeniñ hil-hil bolýar,biri ýaz-çaga ýaly,baṣga biri tomus-ýaṣlar ýaly gursagy gaýnap duran,ýene biri güýz - kämillik ýaly agras,asylly,käbiri bolsa gyṣ ýaly - sowukganly. Sen güýziñ baṣyna doglanyñ üçinmi,nämemi hem-ä tomsuñ joṣgunyny,iṣjeñligini hemem güýzüñ kämilligini,agraslygyny özüñde jemläpsiñ. Ýazyja mydama ýazmalydygynam ýatladyp durýañ. Hatda nädip ýazmalydygyna çenli aýdyp dursuñda: "Dünýä ý:az geldi, Senem joşup ýaz, Ma:ýyl bolup ýaz Göwünlerde gülle, Mälim bolup ýaz.! Nowruza öwrül-de, maýyl bolup Ýag.! Emma özüñ seýrek ýazýañ. Çiṣirip aýtdygym bolmasyn weli,sende bir hili dosta-ýara umuman töweregiñdäki hemme ynsana güýç berijilik,galkyndyryjylyk duýgusy bar ýaly. Sen gowy dost. Özüñe bir dost gözleýäniñem bilýän: "Bir Dost görmüşdim, bagüftar, köñle düşdi ýagtysy, Kengany Ýusup şekilli nurana eken ol hem. Synagynda sütem görmüş, takdyr kylmyş darkaşy, Takady Ýunus dahylly sabrana eken ol hem." Hawa,dost diýeniñem ýokarky setirleriñdäki ýaly bolaýsa. Beýle dosta sen añryýany bilen mynasyp ahyry. "Nurdym--ýagty salardym, Kuýaşdan paý alandym. Arly Gyşy ýylydan, Buzlyklary ereden, Günüñ ýollan çogudym, "Tahyr begni öldürgen" Men, hut yşkyñ özüdim.. Deñiz kalply Ýaşylbaş Erkana yüzsün diyip, Eretmekdi hyýalym, Ummanyñ aysbergin." Bu setirleri okap,seni tanamaýanlar ýöne bir söz owadanlamasymyka diýerler,emma beýle däl. Tanaýan dost hökmünde aýtsam yokarky setirlerdäki "Sen"bilen durmuṣdaky"Sen" birmeñzeṣ. "Boluṣyñ ýaly görünýäñ,görünṣiñ ýalam bolýañ. "He-eý, ömrüm, ömrüm.. Ýanmankak öçmäli, Bihuda geçmäli! Kynçylyga bermäli ýan, egşäp, müzzerilip, iññildäp ýörmäli, hoşmy?! Owadan bolaly-- göýäki gözel goşgy. Bir gymmatlyk bar, Ezelden peşgeş ynsana: Şoñ bilen hemdem bolupjyk, "Göwnümiziñ göwünjigin" unudyp Her gün, her dem, Haýyr işiñ ugrunda Mansur bolaly." Hut ṣeýle-de kemala gelipsiñ sen,tüweleme! Poeziýadaky sen bilen durmuṣdaky sen gabat gelýä. Ṣeýle dostumyñ bardygyna men özümi bagtyýar duýýan. Sen mydama gözlegde. Gözelligiñ-ynsabyñ-yhsanyñ gözleginde sen. Niýetiñe görä-de diñe gowulyklara duçar boljagyña ynanýan. Gözlegiñ Ol. Eýesini gözleýän adam özüni tapar. Özüñi tapmak - bu dûnýädäki missiýañy ýerine getirmek diýmek. Bu ýolda büdremezligiñi,ýagṣy kiṣileriñ ýaran bolmagyny dileýän. Sebäp bu gün doglan günüñ. Seniñ günüñ. Bu gün sen baradaky dilegleriñ Eýämize hökman ýetjegine ṣübhelenmeýärin. Sagdyn hem uzak ýaṣa Nurdan! Ylhamyñ siller kimin joṣup,kerep baglan,takyrap galan çölleṣen ýürekleri ýuwsun,ylaýym! Käte deñziñ kenaryna çykyp,öz-özüñ bilen dertleṣäýmäñem bar: "Kenarda men,. Otyryn ýeke. Ýöne, Ýalñyz däl men, Ýanymda-da, Ruhumda-da, Ýüregimiñ çuñ ýerinde, Bar ýerde Sen! Bar ýerde Sen!" | |
|
Ähli teswirler: 17 | |
| |